Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanda ilatyň pasport maglumatlary ýygnalýar


Pasport bölümi, Türkmenabat, oktýabr, 2012

Türkmenistanda ilatyň pasport maglumatlary ýygnalýar. Azatlyk radiosynyň habarçylarynyň aýtmagyna görä, Lebap welaýaty bilen bilelikde, Maryda hem ýerli ilat köpçülikleýin hasaba alynýar. 6-njy oktýabrda Azatlygyň habarçysy Mary welaýatynyň Garagum etrabyndaky ýagdaýlar barada habar berdi.

Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, her bir ýaşaýjy pasportynyň göçürmesi bilen ýaşaýan ýerindäki ýerli administrasiýa barmaly.

"Garagum etrabynyň ýaşaýjylaryna pasportly raýatlaryň ýazga alynýandygy habar berildi. Munuň üçin her geňeşligiň ýaşaýjylary pasportynyň göçürmesi bilen ýerli administrasiýa gelmeli we şol ýerde surata düşmeli" -diýip habarçymyz aýtdy.

Surata düşmek talaby her bir ýaşaýjy üçin hökmany bolup, her kim özi barmaly. Şonuň üçin pasport bölümlerine barýanlaryň arasynda garyndaşlary tarapyndan göterilip getirilýän garrylary we syrkaw adamlary görmek mümkin.

"Bu gün adamlar pasportlarynyň nusgalaryny alyp geldiler. Surata düşürildi, maglumatlary ýazga alyndy. Olaryň arasynda syrkaw we garry adamlar bardy. Häkimiýetler muňa düşünenoklar, hemmelere getirilmegini buýurdylar. Köpüsi garry ene-atalaryny getirmäge we olaryň goltugyndan tutup surata düşmäge mejbur edildi" diýip, Azatlygyň habarçysy gürrüň berdi.

Surata düşmek üçin töleg hem alynýar. Bir suratyň bahasy 2 manat.

Habarçy täze talapyň ilatyň arasynda nägilelige sebäp bolandygyny belleýär. Nägileligini aç-açan beýan edýän ýa-da talaplary ýerine ýetirmekden ýüz öwürýänler bar. Ýakalaşyklar hem bolýar. Häkimiýetler her kimiň hut özüniň gelmegini talap etseler-de, talaby ýerine ýetirip bilmeýänler hem, esasanam bu düşekden galyp bilmeýän syrkawlara we garrylara degişli.

"Käbirleri düşekden galmaýan garyndaşlaryny getirip bilmeýändiklerini düşündirýärler. Olara bolsa borçludygyny aýdýarlar. Köpüsi muňa gaharlanýar we işgärlerden öýlerine gelip, anyklamagy teklip edýär. Jedeller we ýakalaşyklar bolýar" - diýip habarçymyz aýtdy.

Ilatyň hasaba alynmagynyň sebäpleri belli däl. Marynyň welaýat we etrap häkimlikleri resmi düşündiriş bermeýärler.

Soňky aýlarda ýurduň häkimiýetleri ilata gözegçilik çärelerini güýçlendirdiler. Häkimiýetleriň ýurtdaky problemalary ret etmegi, ilatyň barha ýaramazlaşýan durmuş şertlerine göz ýummagy, ýurduň daşyndaky türkmen raýatlarynyň yzly-yzyna protest geçirmegine, ýurduň içinde ilatyň toparlanyşyp, öz nägileligini beýan etmegine itergi berdi.

Azatlygyň habarçylarynyň aýtmagyna görä, ýerli häkimiýetler ilata pasport maglumatlary ýygnamagyň anyk sebäplerini düşündirmeýärler.

"Maglumatlary ýygnamagyň sebäbi aýdyň düşündirilmeýär. Ilki bilen ilat ýazuwyny geçirýändigini aýtdylar, soň pasportly raýatlary hasaba alýandygyny aýtdylar. Käbirlerine sebitde kimiň ýaşaýandygyny we kimiň ýaşaýan ýerinde ýokdugyny anyklaýandyklaryny aýtdylar. Düşündirmediler. Köpüsi özgerine berlen görkezmä salgylanýarlar" - diýip habarçymyz gürrüň berýär.

Onuň sözlerine görä, täze talaby ilata ýerli pasport bölümleriniň işgärleri ýetirýärler. Obalarda öýleri aýlanýarlar, şäherlerde telefon üsti bilen habar berýärler.

"Pasport bölümleriniň işgärleri we kömekçileri öýleri aýlanýar we ýaşaýjylary pasportlarynyň bir nusgasy bilen surata düşmäge çagyrýar" -diýip, habarçymyz aýdýar.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, Mary welaýatynyň ýaşaýjylary üç aýa golaý wagt mundan ozal ilaty hasaba almak talaby barada ilkinji gezek eşidipdirler. Awgust aýynyň ahyrynda talaplar güýçlenip başlady. Indi bolsa, ýerli häkimiýetler ýaşaýjylary gezek-gezeginde administrasiýa çagyrýarlar.

"Indi talap hasam güýçlendi. Her gün belli bir köçäniň ýaşaýjylary öz gezeginde 10-15 maşgala bolup çagyrylýar" - diýip, habarçymyz aýdýar.

5-nji oktýabrda Azatlygyň Lebap welaýatyndaky habarçysy ýerli ilatyň köpçülikleýin hasaba alynýandygy barada habar beripdi. Täze düzgünlere laýyklykda, raýatlar öý kitapçalary we pasportlary bilen birlikde ýerli polisiýa bölümine baryp, ýörite hasaba durmaly. Mundan başga-da, 18 ýaşdan uly maşgala agzalarynyň hemmesi surata düşmeli.

"Polisiýa bölüminde pasport maglumatlary bilen birlikde surat alynýar we elektron hasabyna girizilýär" - diýip habarçymyz aýtdy.

Onuň sözlerine görä, hasaba durmak her anda adam başyna döwlet nyrhyndan satylýan paýok azyk paýyny almak üçin hem zerur bolýar. Lebaplylar döwlet dükanlaryndan azyk önümlerini satyn almak hukugyna eýe bolmak üçin öý administrasiýasyndan ýörite resminama almaly. Bu üç aýlyk möhlet bilen berilýän resminama üçin indi hasaba durmaly.

Uzaga çeken ykdysady krizis we azyk ýetmezçiligi zerarly Türkmenistanyň ilatynyň aglaba köpçüligine döwlet dükanlaryndan azyk önümlerini kesgitli nyrhdan satyn almak ýeke-täk çykalga bolmagynda galýar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG