Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çörek satyn almak üçin kepilnama getirmeli, kepilnama almak üçin para bermeli


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Marynyň ýaşaýjylary döwlet dükanlarynda çöregiň kepilnama esasynda satylmagyndan, hem-de bu kepilnamany almak üçin özleriniň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryndan şikaýat edýärler.

Mary welaýatynyň döwlet dükanlarynda çörek 12-nji ýanwarda diňe kepilnama esasynda satyldy. Her hojalygyň adam sany baradaky bu kepilnamany Ýaşaýyş jaý müdirligi berýär. Müdirlik kepilnama üçin adamlardan gaz, elektrik togy we suw tölegleriniň geçirilendigi barada başga bir kepilnama talap edýär. Gaz, suw we tok edaralaryndan bu tassyk hatyny almak üçin Ýaşaýyş jaý müdirliginden raýatyň ýazgyda duran salgysy barada kepilnama getirmeli. Azatlyk Radiosynyň habarçysy adamlaryň ýüzbe-ýüz galan resminama kynçylyklary we çörek aladalary barada 12-nji ýanwarda Marydan habar berdi.

Şu günler Marynyň ýaşaýjylary döwlet dükanlarynyň, Ýaşaýyş jaý müdirlikleriniň, Tok, gaz we suw üpjünçilik edaralarynyň arasynda gatnap ýadaýar. Ýöne döwlet dükanlaryndan çörek satyn aljak bolsaň, başga çäre ýok. Çörek üçin kepilnama gerek, kepilnama üçin kwitansiýa zerur, kwitansiýa üçin para bermeli.

Bu aralykda döwlet mediasy ýurtda hyzmatlaryň elektron ulgama geçirilýändigini öňe sürýär.

Azatlygyň habarçysyna görä, 12-nji ýanwarda Mary welaýatynyň döwlet dükanlarynyň öňünde daň bilen nobata garaşýan adamlar çörek satyn alyp bilmedi. Dükan çörek üçin adamlardan hojalykdaky adam sany barada Öý müdirliginden kepilnama getirmegi talap edipdir.

“Biz sprawkany ertir getireris, ýöne şu gün çörek satyň! Biz daňdan 3:30-dan bäri dükanyň öňünde çörege garaşdyk” diýip, bir dükanyň öňünde çörek nobatyna garaşýan adamlar dükan satyjysyna ýüzlendi.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, bu döwlet dükany irden sagat 9:00-da açyldy. Nobatlara garaşan adamlar sişenbe güni birnäçe dükanda çörekden başga önümiň satuwa çykarylmandygyny aýdýarlar.

“Çörek almak üçin sprawka nämä gerek?” diýip, adamlar öz aralarynda birek-birege soraga berdi. “Adamlar gaty gynandy” diýip, bir ýaşaýjy aýtdy.

Ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, Ýaşaýyş jaý müdirliklerinden her hojalykdaky adam sany barada kepilnama almak aňsat däl. Onuň üçin, birinjilik bilen, maşgalanyň ähli agzalarynyň pasportyny we ýaş çagalaryň dogluş hakyndaky şahadatnamalaryny eltmeli. Ikinjilik bilen, maşgalada pasport ýaşyna ýeten adamlaryň ählisi Ýaşaýyş jaý müdirligine barmaly. Bu şertler berjaý edilen ýagdaýynda-da kepilnama aljagyň gümana. Sebäbi Maryda Öý müdirliginiň içinde we daşynda uly nobatlar döreýär. “Adam gaty kän” diýip bir ýaşaýjy aýtdy. Üstesine, dowam edýän pandemiýanyň fonunda nobata garaşýan adamlar birek-biregiň arasynda sosial aralygy saklamaýar.

Habarçynyň sözlerine görä, irden 8:00-de nobata durup, 11:30 töwereklerinde nobaty ýeten adamlaryň arasynda kepilnama alyp bilmän yzlaryna dolanan adamlar bar. Sebäbi, Ýaşaýyş jaý müdirligi hojalykdaky adam sany barada kepilnama üçin adamlardan elektrik, gaz we suw tölegleriniň doly geçirilendigi barada başga bir kepilnama talap edýär.

Bu adamlaryň döwlet dükanlaryndan çörek satyn almak üçin ýerine ýetirmeli işleriniň ikinji tapgyry. “Adamlaryň gahary gelýär. ‘Näme gerekdigini bir gezekde aýtsaňyz bolmaýarmy, her gezek gatnadyp durmaz ýaly!’ diýişip, Öý müdirliginden çykyp gaýdýarlar” diýip, bir ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýaşaýyş jaý müdirliginden kepilnama almak synanyşygy puja çykan adamlar tok, gaz we suw tölegleriniň geçirilendigi barada hat almak üçin üpjünçilik edaralaryna aýlanmaly bolýarlar. Bu döwlet dükanlaryndan çörek satyn almak üçin adamlaryň ýerine ýetirmeli işleriniň üçünji tapgyry. Bu hem aňsat däl.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklar sebäpli adamlar tok, gaz we suw üçin aýlyk töleglerini geçirmekde agyr kynçylyklara sezewar bolýarlar.

Türkmenistanda elektrik energiýasy, agyz suwy we gaz üpjünçiligi 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, doly tölegli görnüşe geçirildi. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap ilat bu hyzmatlar bilen mugt üpjün edilýärdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonim şertde gürrüňdeş bolan bir maryly ýaşaýjy bu hyzmatlara degişli bergisini ýapmak üçin özüniň 2 müň manat karz alandygyny habar berdi.

Adamlar suw, gaz we tok tölegleriniň doly geçirilendigini barada tassyk hatyny-da ýüzugra alyp bilmeýärler.

Şu gün agyz suwa töleg geçirip, oňa degişli bergisiniň ýokdugy barada [Maryagyzsuw edarasyndan] kepilnama almakçy bolan bir ýaşaýjynyň gürrüň bermegine görä, bu kepilnama üçin ilki ýaşaýan ýeriňden sprawka getirmegi talap edýärler. Raýatyň ýaşaýan salgysy baradaky güwähat şäher ýerlerinde Ýaşaýyş jaý müdirliklerinden, oba ýerlerinde geňeşliklerden berilýär.

Raýatlar aýlanyp-öwrülip ýene Ýaşaýyş jaý müdirligine barmaly bolýarlar.

“Men ýaşaýan ýerimden kepilnama almak üçin, sizden, ýagny “Agyz suw üpjünçilik edarasyndan” suw üçin bergimiň ýokdugy barada kepilnama almaly” diýip, maryly ýaşaýjy işgärlere ýagdaýy düşündirmäge synanyşypdyr. Olar bolsa, tersine, raýatyň suw üçin bergisiniň ýokdugy barada kepilnama bermek üçin onuň ýaşaýan ýerinden kepilnama talap edýär.

Gysgaça aýdylanda, Türkmenistanda ýaşaýan ýeriňden kepilnama almak üçin ýaşaýan ýeriňden kepilnama talap edilýär.

“Maňa ýaşaýan ýeriňden kepilnama getir diýip, şol özüniňkini tutup durdy” diýip, ýerli ýaşaýjy Agyz suw edarasynyň işgäriniň keçirligi barada gürrüň berdi.

“Ahyrsoňy, dokumendiň arasynda 10 manat salyp uzatdym. Ol bolsa ‘onyň-a az bolýar’ diýip, niýetini gizläp hem durmady. Soňra men 20 manat salyp berdim” diýip, ýerli ýaşaýjy öz başdan geçirmelerini gürrüň berdi.

Ol tok, gaz we suw tölegleriniň geçirilendigi barada kepilnama almak üçin degişli edaralaryň her haýsyna azyndan 20 manatdan paýlamaly bolýandygyny, iň soňunda Ýaşaýyş jaý müdirliginden kepilnama almak üçin 30-40 manat para bermeli bolýandygyny gürrüň berdi.

“Adamlarda ozalam pul ýok, zordan bergisini ýapandan soň hem, daşyndan para bermek üçin 150-200 manat çykdajy etmeli bolýarlar” diýip, ýerli ýaşaýjy sözüne goşdy.

Ýatlasak, hökümet resmileri ýurtda “Döwlet adam üçindir” diýen şygaryň durmuşa geçirilýändigini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň bu maglumatlar boýunça Mary welaýatynyň häkimliginden kommentariýa almak synanyşygy netije bermedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG