Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Arzan çilim satuwa çykaryldy: Adamlar nobatlarda ‘jan alyp, jan bermäge’ taýýar


"Türkmenistanda çilim biržalardaky gymmatly kagyza öwrüldi”. Illýustrasiýa suraty

Geçen hepdäniň aýagynda Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda arzan çilim gaýtadan satylyp başlandy. Ençeme aýa çeken arakesmeden soň, döwlet dükanyna çilim gelende, adatça bolşy ýaly, bu gezegem köp adam nobata durdy, oňuşmazlyk, dawa-jenjel, ýumruklaşma hem ýüze çykdy, onlarça adam polisiýa tarapyndan saklandy. Ykdysady krizisiň arasynda köp adamyň çäkli möçberde satylýan çilimi soňra has gymmada ýerlemek üçin ençeme sagatlap nobatda garaşýandygy hem bellenilýär.

Azatlygyň ýurduň dürli künjeklerindäki habarçylary şenbe güni döwlet dükanlarynda 50-70 manat aralygynda çilimiň satylyp başlandygyny, munuň netijesinde-de, dessine ýüzlerçe adamlyk nobatlaryň emele gelendigini habar berdiler. Bellemeli ýeri, muňa çenli hususy dükanlarda bir gutusy 400 manatdan bahalanan bu çilimler adam başyna iki gutudan artyk satylmaýar. Habarçylarymyz nobatlarda basa-baslygyň döreýändigini, hatda polisiýanyň hem tertip-düzgüni üpjün etmekde kynçylyk çekýändigini belleýärler.

“Farabyň döwlet dükanynyň öňünde çilim aljak bolup 2 müň töweregi adam toplandy. Nobatlarda häli-şindi ýakalaşyklar ýüze çykdy. Birnäçe adama, şol sanda polisiýa işgärlerine hem ten şikesleri ýetdi. Adamlar ‘jan alyp, jan bermäge’ kaýyl bolana meňzeýär. Meniň bilýänim, polisiýa 25 töweregi adam saklady” diýip, şenbe güni Farabyň döwlet dükanynyň öňünde nobata duranlaryň biri şaýat bolan wakalaryny Azatlygyň Lebapdaky habarçylarynyň birine gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, Türkmenabatda arzan çilimi satyn almak üçin toplanan mähelläniň döwlet dükanynyň penjirelerini hem döwendigi barada maglumatlar bar.

“Türkmenabadyň ‘Demirýolçy’ etrapçasynyň 6-njy dükanynyň öňündäki nobatlara, tertip-düzgüne polisiýa hem gözegçilik edip bilmedi. Nobatda iki adam huşundan gitdi. Basa-baslykda dükanyň daşky penjireleriniň hem ençemesi döwüldi. Duşenbe güni polisiýanyň çilimiň 21 ýaşy ýetmediklere we aýal-gyzlara satylmajakdygy baradaky duýduryşlaryna hem hiç kim gulak asmaýar. Adamlar irden 7-de haryt goýberip başlaýan dükanlaryň öňünde 10-12 sagat öňünden nobat tutup başlaýarlar ” diýip, 8-nji fewralda çilim nobatynda duranlaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Şular ýaly ýagdaýlary ýurduň günorta – Mary welaýatynda hem eýýäm ençeme gün bäri synlasa bolýar. Emma Lebapdan tapawutlylykda Maryda çilimiň ýany bilen ýene başga bir harydy satyn almak talap edilýär.

“Duşenbe güni irräkden nobat tutaýyn diýip, daňdan 2-ler töweregi döwlet dükanynyň öňüne gelsem, ol ýerde eýýäm meniň ýaly ýüzlerçe adam ýygnanypdyr. Çilimiň ýany bilen 10 manatlyk ýerli öndürilen joraby ýa-da aýakgabyň içine goýulýan petegi satyn almak talap edilýär. Käbir dükanlarda ýarym litrlik ýerli şerbet suwlaryny satyn aldyrtýarlar. Onuň bahasy hem 10 manat. Neitjede, bir guty çilim 60 manada düşýär” diýip, Marynyň Muhadow obasynyň ýaşaýjylarynyň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Maryly habarçymyz käbir adamlaryň kartlaryna geçirilen zähmet haklaryny wagtynda nagtlaşdyryp bilmeýändigi üçin, çilim satyn alar ýaly karzyna pul gözleýändiklerini hem sözüne goşdy.

Bu aralykda, maliýe krizisiniň arasynda pul ýetmezçiliginden kösenýän adamlaryň käbiri, çilimi soňra has gymmada satar ýaly, uzakly gün döwlet dükanlarynyň öňündäki nobatlarda garaşýarlar.

Bellesek, döwlet dükanlarynda arzan çilim satuwa çykarylmazyndan ozal, şol bir markaly çilimler hususy dükanlarda 400 manadan bahalanýardy. Emma soňky iki günüň dowamynda, olaryň nyrhy ilki 200 manada, soňra-da 100 manada çenli düşdi.

“Arzan çilimiň ýene haçan söwdadan ýitjekdigi belli däl. Çilimi asla çekmeýänler hem olary soňra has gymmada satmak maksady bilen öňünden satyn alyp goýýarlar. Şu gün hususy dükan eýeleri nobatlara aýlanyp, döwlet dükanyndan eýýäm çilim satyn alanlara her çilimiň gutusyny 90-100 manatdan satyn almagy teklip etdiler. Arzan çilim uzak dowam etmez, ol soňy bilen ýene gymmatlar. Türkmenistanda çilim biržalardaky gymmatly kagyza öwrüldi” diýip, 8-nji fewralda hem çilim nobatynda duran türkmenabatlylaryň biri kinaýa bilen habarçymyza gürrüň berdi.

Türkmen häkimiýetleri ýurdy 2025-nji ýyla çenli temmäkiden doly azat etmek ugrunda göreşýärler. Türkmenistanyň 2011-nji ýylda Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň “Temmäkä garşy göreşmegiň” çarçuwaly Konwensiýasyna goşulmagy bilen, ýurtda çilim söwdasyna garşy dürli çäklendirmeler girizilip başlandy.

Şol bir wagtda, synçylar häkimiýetleriň çilimini goýup bilmeýän adamlaryň we olaryň maşgala agzalarynyň "görýän görgülerini", çilim söwdasyndaky korrupsiýany görmezlige salýandygyny belleýärler.

Ýurtda çilim gytçylygynyň we gymmatlamagynyň ýiti duýlup başlanmagy bilen, adamlaryň mahorka - temmäki ýa-da dürli ösümlikleriň ýapraklaryny guradyp çekip başlandyklary, dükanlarda “türkmen çilimi” atlandyrylýan ýasama temmäki önümleriniň hem peýda bolandygy barada köp sanly maglumatlar gowuşýar.

“Ykdysady krizis sebäpli, köpleriň ‘arzan’ diýilýän 60 manatlyk çilimi hem satyn almaga gurby çatmaýar. Köpler döwlet dükanyndaky çilimleri soňra üstünden peýda görmek üçin alýarlar. Köp adam bu günler hem mahorka çekýär. Hususy dükanlarda elde ýasalan mahorkaly ‘türkmen çiliminiň’ biri 1 manatdan satylýar. Başga guradylan ot garylmadyk, ‘arassa’ hasaplanýan 1 kg moharkanyň bahasy 400 manat” diýip, eýýäm 6 sagat töweregi çilim nobatynda duran maryly ýaşaýjylaryň biri 8-nji fewralda habarçymyza gürrüň berdi.

Ýatlatsak, soňky gezek arzan çilim döwlet dükanlarynda geçen ýylyň oktýabrynda peýda bolup, onuň söwdasy diňe üç gün dowam edipdi.

Döwlet dükanlarynda satylýan çilimleriň gabynda "Germaniýada öndürilen" diýen ýazgy bolmak bilen birlikde, olaryň ýerli bahalary daşary ýurtlardaky beýleki çilim brendleri bilen deňeşdirilende degişlilikde has gymmat hasaplanýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG