Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda saglyk işgärleriniň zähmet haky azaldy


Saglyk edarasy, Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)
Saglyk edarasy, Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda saglygy saklaýyş edaralarynyň işgärleri soňky aýda alan aýlyklarynyň tas 20% azalandygyny aýdýarlar. Bu aralykda medisina hyzmatlaryndan peýdalanmaga mejbur bolýan hassalar saglygyny bejermek üçin çykdajylaryň artandygyny habar berýärler. Bu ýagdaý koronawirus pandemiýasynyň, waksinasiýa aladalaryň we ykdysady kynçylyklaryň güýçlenýän wagtynda ýüze çykýar.

Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçylary bu gündogar welaýatyň medisina edaralarynda işleýän işgärleriň aýlyklarynyň kemelmeginiň belli bir derejede olara tölenýän goşmaçalaryň kesilmegi bilen baglydygyny aýdýarlar. Medisina işgärleriniň hususa-da, gijeki smenalar üçin goşmaça tölenýän we agyr iş şertler üçin berilýän goşmaçalar aýrylypdyr. Şeýlelikde, medisina işgärleriniň alýany diňe stawka ýagny kesgitli aýlyk hakyna düşürilipdir. Bu bolsa saglyk işgärleriniň zähmet hakynyň ozalkysyndan 20% azalmagyna getirýär.

Bellemeli ýeri türkmen hökümeti ozalky ýyllarda bolşy ýaly býujet işgärleriniň aýlygynyň ýylyň başyndan 10% göterilendigini yglan etdi. Saglygy saklaýyş pudagynda işleýänleriň ortaça aýlygy 2020-nji ýylyň başynda 1800 manat bolan bola, 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda bu aýlygyň ortaça möçberi 1440 manat boldy.

Üstesine, soňky 8 aýyň dowamynda kesgitli aýlyk stawkasyndan daşary tölenýän goşmaça tölegler welaýatyň saglygy saklaýyş pudagynda işleýänleriň ençemesine tölenmändir.

Soňky aýlarda Türkmenistanda häkimiýetler tarapyndan resmi derejede boýun alynmaýan COVID-19 keseliniň alamatlary bilen geçýän hassalyk keselhanalaryň işgärlerine uly agram saldy. Keselhanalar hassalaryň köpdügine döz gelip bilmedi, köp hassalar kabul edilmedi, lukmanlar agyr şertlerde işledi, goşmaça karantinlerde işlemäge mejbur boldy. Lukmanlaryň arasynda keselçilik artdy we ölüm ýagdaýlary boldy.

Bu ýagdaýda ýurduň prezidenti medisina işgärlerine goşmaça hak tölemek we ýeňillikleri bermek kararyny yglan etdi. Emma türkmen hökümeti keseliň ýaýramagyna garşy göreşýän saglyk işgärlerine sentýabr aýynda wada beren ýeňillikleri tölemedi.

Şol bir wagtda-da, Türkmenistanda medisina işgärleri ýörite geýimlerini, maskalary, ellikleri öz hasabyna almaga mejbur edildi.

8 fewralda Türkmenabadyň köpugurly keselhanasy öňki iş tertibinde hassalary kabul edip başlapdyr.

Bu barada maglumat berýän habarçylaryň bellemegine görä, hassahananyň koronawirus alamatly kesellänleriň köpdügi sebäpli hassalary kabul etmegini yzly-yzyna çäklendirip durmagy we käbir bloklarynyň doly karantine ýapylmagy, hroniki keselleri bar bolan, ýa-da planlaşdyrylan operasiýa mätäç adamlaryň medisina kömegini almak mümkinçiligini çäklendiripdi.

Bu ýagdaý maýyplygy bolan adamlaryň sosial kömek üçin öz saglyk kemçiliklerini tassyklatmak işini kynlaşdyrypdy.

Habarçylarymyz ýylyň başyndan bäri ýüzlerçe adamlyk nobatlaryň dörändigini we ençeme adamyň zerur resminamalary alyp bilmän, hatda sosial kömek pullaryndan mahrum bolýandygyny we ýaşamaga girdejisiz galýandygyny habar beripdi. Sebäbi döwletden kömek puluny bermek kararyny çykarýan saglyk komissiýasy birnäçe resminamalary, şol sanda keselhanadan adamyň saglyk ýagdaýy baradaky epikriz resminamasyny talap edýär.

Türkmenistanyň ilatynyň ýüzbe-ýüz bolýan sosial-ykdysady kynçylyklary soňky ýylyň dowamynda has güýçlendi. Türkmen hökümetiniň koronawirus pandemiýasy döwründe amala aşyran çäreleri býujet işgärleriniň zähmet haklarynyň azalmagyna, dürli maksatlar üçin aýlygyndan alynýan tutumlaryň sanawynyň we möçberiniň köpelmegine getirdi. Ýurtda girizilen çäklendirmeler ilatyň aglaba böleginiň gazanç etmek mümkinçilikleriniň çürt-kesik azalmagyna getirdi. Medisina hyzmatlarynyň elýeterliligi we hili peseldi.

Türkmen hökümet problemalary açyk agzamaýar, resmi metbugat bu barada habar bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG