Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda döwletden kömek pullaryny almak hukugyna eýe bolmak üçin nobatlar döredi


Türkmenistanyň Lebap welaýaty (illýustrasiýa suraty) 
Türkmenistanyň Lebap welaýaty (illýustrasiýa suraty) 

Lebap welaýatynyň sosial üpjünçilik bölümlerinde uzyn nobatlar emele geldi. Azatlygyň habarçylarynyň gürrüň bermegine görä, bu maýyplyk boýunça kömek pullaryny almak, şeýle hem munuň üçin lukmançylyk komissiýasyndan geçmek we hasaba durmak bilen baglanyşykly.

Maýyplygyny tassykladyp, hasaba durmak işi kömek puluny almak üçin her ýyl talap edilýär. Azatlygyň Lebapdaky habarçylary şu günler ýaşaýjylaryň saglyk ýagdaýy sebäpli döwletden kömek puluny almak üçin komissiýadan köpçülikleýin geçmeli bolýandygyny habar berýärler.

Bu talap 1-nji maýyplyk toparyna girýän adamlardan başgalaryň ählisine degişli. Lukmançylyk komissiýasyndan geçmek hökmany talapdyr we komissiýanyň agzalarynyň karary maýyplaryň döwlet ýeňilliklerini almak hukugynyň tassyklanmagyny ýa-da ret edilmegini aňladýar.

Habarçylaryň habar bermegine görä, komissiýadan geçmek üçin birnäçe resminamalar talap edilýär, şol sanda maşgala lukmanynyň ýazyp beren sprawkasy we keselhanadan adamyň saglyk ýagdaýy baradaky epikriz resminamasy. Kömek puluna dalaş edýän maýyplaryň keselhanada ýatyp çykmagy we bu barada kagyz getirmegi hökmany talaplaryň biri. Bu kagyz bolmadyk ýagdaýynda, komissiýa ýeňillikleri almak üçin zerur tassyklaýjy karar çykarmaýar.

Keselhana ýerleşdirilmegi baradaky resminamanyň talap edilmegi bolsa, köp maýyplaryň döwletden kömek puluny almak ugrundaky uly päsgelçilikleriň biridir.

Häzirki wagtda Türkmenabatdaky şäher hassahanalarynda adam köp, käbiri koronawirus alamatly keselçiligiň köpelmegi sebäpli doly karantine ýapyldy. Şeýlelik bilen, maýyplaryň ençemesi hassahana ýerleşdirilmekden we maýyplygyny hasaba aldyrmak mümkinçiliginden mahrum bolýarlar we netijede döwletden kömek puluny we ýeňillikleri almak mümkinçiligini ýitirýärler.

Türkmen kanunçylygy raýatlaryň sosial goragyny kepillendirýär. Durmuş üpjünçiligi kanunlaryna görä, döwlet maýyplary sosial taýdan goramagy maksat edinýär. Bu gorag pul kömeginiň tölenmegini, döwlet edaralarynda we döwlet dükanlarynda ýeňillikleriň berilmegini öz içine alýar, maýyplara mugt bejergi we derman almaga hukuk berýär.

Emma iş ýüzünde bejergi öz hasabyna diýen ýaly amala aşyrylýar. Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, maýyp adamlar her alty aýdan lukmançylyk barlagyndan geçmeli we olaryň özlerini bejertmeginiň ortaça bahasy 3000 manada ýetýär.

Häzirki wagtda býujet hassahanalaryndaky hassalaryň köpdügi sebäpli maýyplar kabul edilmeýän bolsa, tölegli medisina kömeginden peýdalanmak köpler üçin elýeterli däl.

Azatlygyň habarçylarynyň aýtmagyna görä, bu şertlerde saglyk sebäpli ýeňillikler üçin ýüz tutýan ýerli ýaşaýjylar häzirki ýagdaýdan çykalga tapman, döwletden maddy goldaw almak mümkinçiliginden doly mahrum bolup, umytsyz ýagdaýa düşýärler.

Türkmenistanda döwlet tarapyndan berilýän kömek pullarynyň ortaça hasaplaýyş mukdary 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 10% ýokarlandy we 354 manat boldy. Türkmenistanda ortaça maýyplyk pensiýasy 400 manat töwereginde.

Türkmenistanda maýyplar uzak wagt bäri gaty kyn şertlerde ýaşaýarlar. Indi pandemiýa döwründe olaryň ýagdaýy has-da erbetleşýär.

Türkmenistanda maýyp adamlaryň dilegçilige çykýan halatlary köpeldi. Mundan başga-da, maýyp garyndaşlaryny ekläp bilmedik maşgalalaryň, öz ýakynlaryny garrylar öýlerine we ýörite penahanalara alyp barmagyna degişli ýagdaýlar köpeldi.

Ýurduň häkimiýetleri ilatyň problemalaryny ykrar etmeýärler. Türkmenistan öz ilatynyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarydygyny we medisina kömeginiň ýokary hillidigini aýdýar, şeýle hem global pandemiýa döwründe ýurtda koronawirusyň düýpden ýoklugyny resmi taýdan yglan edýär. Şol bir wagtyň özünde häzir dünýäde COVID-19 ýokaşan adamlaryň sany 100 milliona golaýlady we 2 million 152 müň adam koronawirus zerarly dünýäden ötdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG