Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebaplylar COVID-19 waksinasy üçin elektron saglyk kitapçalaryny edinmäge gyssanýar


Türkmenistanyň döwlet telewideniýesiniň reportažyndan pursat (illýustrasiýa suraty) 
Türkmenistanyň döwlet telewideniýesiniň reportažyndan pursat (illýustrasiýa suraty) 

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary koronawirusa garşy waksina etdirmek üçin elektron saglyk kitapçalaryny edinmäge howlugýarlar. Bu ýurt öz çäginde koronawirus keseliniň ýokdugyny resmi taýdan yglan edýän hem bolsa, ýaňy-ýakynda COVID-19 garşy rus sanjymlaryny hasaba aldy we ilata waksinasiýa etmäge taýýarlanyp başlady.

Saglyk kitaplaryny açmak işi ilat üçin ençeme guramaçylyk kynçylygyny döretdi, ilkinji nobatda maddy taýdan agram saldy.

Azatlygyň welaýatdaky habarçylarynyň maglumatlaryna görä, saglyk kitapçasy üçin sebitde işleýän adamlaryň aýlyk haklaryndan 3% möçberinde pul tutulyp başlandy. Pensionerler we işlemeýän adamlar her aýda bankyň üsti bilen 15 manat tölemeli edildi.

Mundan başga-da, käbir ýagdaýlarda kitapçany açmak isleýän adamlardan geçen 2020-nji ýyl üçin töleg tölemek talap edilýär. Ilata saglyk kitapçasy bolamadyk ýagdaýynda COVID-19 garşy waksinanyň edilmejegi duýduryldy.

Azatlyk Radiosy elektron saglyk kitapçasyny almagyň düzgünlerini we waksinasiýa iş tertibiniň jikme-jiklerini Lebap welaýatynyň hem-de ýerli banklaryň wekillerinden resmi taýdan anyklap bilmedi.

Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary ýurtda waksinasiýanyň ýanwar aýynyň başyndan bäri taýýarlanýan sanawlara laýyklykda amala aşyryljagyny aýdýarlar. Ilkinji nobatda waksina ediljek raýatlaryň sanawyna garrylar, lukmanlar, mugallymlar we hroniki keselleri bolan adamlar girýär.

Şu günler saglyk kitapçasy üçin alynýan tölegler, ykdysady çökgünlikden, agyr işsizlikden, derman we azyk ýetmezçiliginden kösenýän ilat üçin goşmaça kynçylyklar döredýär.

Koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly çäklendirmeler ýurduň ilatynyň aglaba böleginiň maliýe ýagdaýyny hasam erbetleşdirdi.

2-nji fewralda Azatlygyň habarçylary keselhanalarda saglyk kitapçalaryny açmak üçin barýan adamlaryň köpdügi sebäpli uly nobatlaryň ýüze çykandygyny habar berdiler.

Lebap welaýatynda waksinasiýa entek başlanmandyr. Habarçylarymyz bilen anonim gürleşen ýerli medisina işgärleriniň sözlerine görä, waksinasiýanyň indiki hepde Aşgabatda planlaşdyrylýan hökümet, pudak we sebit ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyndaky giňişleýin ýygnakdan soň başlanmagyna garaşylýar.

Mundan öň Türkmenistandaky habarçylarymyz ýurtda Orsýetiň koronawirusa garşy "Sputnik V" waksinasynyň 15-nji fewralda başlamagyna garaşylýandygyny habar beripdi. Ýurduň häkimiýetleri ilata sanjym edilmeginiň wagtyny resmi taýdan yglan etmedi.

3-nji fewralda Aşgabatdaky habarçylarymyz paýtagtyň saglygy saklaýyş edaralarynyň lukman işgärleriniň arasynda COVID-19 keseline garşy "Sputnik V" waksinasy bilen sanjym edilip başlandygyny habar berdiler. Koronawirusa garşy waksina ediljek adamlaryň sanawyna girizilen aşgabatlylaryň sözlerine görä, medisina işgärleri waksinasynyň wagtyny mälim etmändir, diňe goşmaça jaň etjekdiklerini aýdypdyr.

Öz çäginde koronawirus keseliniň hasaba alynmandygyny resmi taýdan yglan edýän Türkmenistan, birbada COVID-19 garşy iki sany sanjymy hasaba aldy we Merkezi Aziýada "Sputnik V" rus waksinasyny hasaba alan ilkinji ýurt boldy. Şeýle-de, dünýäde "EpiVacCorona" rus sanjymyny Orsýetden başga hasaba alan ýeke-täk ýurda öwrüldi.

Häzirki wagtda türkmen häkimiýetleri çäklendirmeleri güýçlendirýärler. Ýurduň welaýatlarynda maska režiminiň berjaý edilmegine gözegçilik güýçlendirildi. Hususan-da, Maryda polisiýa jemgyýetçilik ulaglarynda reýd geçirýär, ýolagçylary we köçelerdäki pyýadalary maskalary nädogry dakynandygy üçin saklaýar we jerime salýar. ​

Ilata waksina etmek we çäklendirmeleri girizmek işleri ilat arasynda COVID-19 alamatly keseliň ýaýramagynyň dowam edýän wagtynda amala aşyrylýar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG