Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Proteste çykýanlar üçin, Minskiniň etegindäki lager. Olar barada näme mälim?


Lukaşenkany tankytlaýanlar üçin, Minskiniň etegindäki lager.
Ikinji Jahan urşunyň taryhyndan tapawutly ýaly görünýän döwürde, geçen ýylyň awgustynda, Belarusda geçen prezident saýlawlarynyň jedelli netijelerine garşy geçirilen demonstrasiýalarda tussag edilen 100-den gowrak belarusly üçin, ýagdaý özgerene meňzeýär.

Gür tokaýdaky kazarmalar tussaglar bilen dolduryldy, töwerekde birnäçe metr beýiklikdäki diwar hem tikenekli simler bar. Bu görnüşi garawul itleri bilen gözegçilik diňleri bitewileşdirýär.

Minskiden takmynan 100 km. günortada ýerleşýän Slutsk şäheriniň golaýyndaky lager öň serhoşlary huşa getiriji hem içgä bagly bolan näsaglary bejeriji medisina merkezidi, soňra ol ýapyldy. Şeýle-de bolsa, ol meýdançadan düşürilen suratlar ýörite lageriň bardygyny subut edýär. Ol ýerde tussaglykda bolanlaryň käbiri bu hakda gürrüň berip başlady.

Belarusyň Içeri işler ministrliginiň ýokary derejeli resmisiniň birnäçe aý mundan owal Lukaşenkanyň garşydaşlary üçin, şuňa meňzeş lager gurmak barada aýdan ses ýazgysy aýan edilenden soň, şeýle aýanlyklar peýda boldy.

Lukaşenkanyň hökümeti demonstrantçylar üçin lager gurmak baradaky meýilnamalary "galp" diýip atlandyrdy, ýöne şu wagta çenli şeýle lageriň bardygyny ret edip hem bilmedi.

Güwläp duran tokaýyň arasyndaky kazarmalar tussaglardan doldy, töweregi beýikligi birnäçe metre ýetýän diwar hem tikenekli simler örtýär.
Güwläp duran tokaýyň arasyndaky kazarmalar tussaglardan doldy, töweregi beýikligi birnäçe metre ýetýän diwar hem tikenekli simler örtýär.

Lukaşenka 9-njy awgustda geçirilen ses berişlikde galplyk we saýlawdan soňky rehimsiz repressiýalar sebäpli barha artýan halkara izolýasiýasyna duçar bolýar. Şu güne çenli her gün diýen ýaly üznüksiz dowam edýän demonstrasiýalar wagtynda, on müňlerçe belarusly tussag edildi. Adam hukuklaryny goraýjylaryň pikirine görä, ýüzlerçe adam gynamalaryň pidasy boldy. Lukaşenka we onuň hökümetiniň ýokary wezipeli ýolbaşçylary sanksiýalara, hususan-da ABŞ-yň, Ýewropa Bileleşiginiň we Kanadanyň girizen sanksiýalaryna duçar boldular.

— Bu geçirilýän amallar Lukaşenkanyň Belarusdaky syýasy krizisiň başyndan bäri syn edip gelýän köçelerdäki nägilelikleri basyp ýatyrmak niýeti bilen şertlendirilýär – diýip, Minskdäki Strategiki we daşary syýasaty öwreniş merkeziniň müdiri Arseniý Siwitskiý düşündirýär.

Aýdylyşyna görä, Slutsk şäheriniň golaýyndaky lager birnäçe günüň dowamynda, 13 - 15-nji awgust aralygynda işläpdir. Demonstrasiýada tutulanlaryň köpüsi Belarusyň iň belli tussaghanalaryndan biri bolan Minskiniň Okrestina köçesindäki deslapky izolýatordan, ol ýere äkidilen bolsa gerek.

Halkara adam hukuklary guramasy Amnesty International we beýleki ynsan hukuklary aktiwistleri tarapyndan dokumentleşdirilişi ýaly, Okrestina köçesindäki tussaghanada tussaglara ýowuz daralýar. Mysal üçin, ýakynda Amnesty International guramasynyň habar bermegine görä, 13-nji we 14-nji awgustda “Okrestina köçesinde tussag edilenleriň garyndaşlary türmede urlup-ýenjilýänleriň sesleriniň, gykylyklaryň, rehimdarlyk sorap gygyrýanlaryň sesiniň köçeden aç-açan eşidilýändigini ýazga aldylar”.

Garaşsyz “Nowy ças” habar hepdeliginiň suratçysy we öňki polisiýa işgäri Dmitriý Dmitriýew Minskide saýlaw uçastogynda, hamana, syýasy agitasiýa geçirýändigi sebäpli, 9-njy awgustda tussag edilýär. Onuň sözlerine görä, ilki Okrestina köçesindäki deslapky tussaghana äkidilip, 13-nji awgustda Slutsk şäheriniň golaýyndaky lagere geçirilýär.

— Daş-töweregiň şu ýakyn wagtda beýik diwar bilen berkidilendigi bellidi. Kakylan agaçlar köplenç täze, hatda garalmaga-da ýetişmändir. Diwaryň beýikligi bäş metr, ondan pes däl. Töwerekdäki gözegçilik diňleri hem täze. Ol ýerde garawullar durýardy. Bar zat täp-täzedi – diýip, Dmitriýew aýdýar.

Paýtagt Minskiden takmynan 100 km. günortada ýerleşýän Slutsk şäheriniň ýanyndaky lager. Öň ol ýerde serhoşlary huşa getiriji medisina merkezi bolupdy.
Paýtagt Minskiden takmynan 100 km. günortada ýerleşýän Slutsk şäheriniň ýanyndaky lager. Öň ol ýerde serhoşlary huşa getiriji medisina merkezi bolupdy.

— Bizi nirä alyp barýandyklaryny aýtmadylar. Bizi sowukda duruzdylar, gaty sowukdy. Soň sowuk duşa düşürdiler-de, ýene sowukda sakladylar. Soňra Içeri işler ministrliginiň bir işgäri Slutskdaky izolýatorda saklaýandyklaryny aýtdy. Belarusyň türmelerinden habarly bolanym üçin, Slutskda beýle edaranyň ýokdugyny bilýärdim. Garaňky, diwar, itler bilen garawullar. Biziň nirededigimiz belli däldi – diýip, 13-nji awgustda Okrestina köçesindäki tussaghanada saklanyp, soňra Slutska getirilen Dmitriý Hwedaruk Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Hwedarukyň sözüne görä, bir gijäni 150 töweregi adam bilen Slutsk şäheriniň golaýyndaky lagerde geçiripdir. Ertesi güni boşadylanda, olaryň hemmesinden ikinji gezek tussag edilen halatynda lagerde ýerleşdiriljekdigi barada duýduryş berlendigi hakda dilhaty alnyndyr.

Aýdylyşyna görä, Slutsk şäheriniň etegindäki lager birnäçe günüň dowamynda, 13 -15-nji awgust aralygynda lager hökmünde işläpdir.
Aýdylyşyna görä, Slutsk şäheriniň etegindäki lager birnäçe günüň dowamynda, 13 -15-nji awgust aralygynda lager hökmünde işläpdir.

Azatlygyň Belarus gullugy adynyň aýdylmazlygy şerti bilen Minskiň golaýyndaky lager barada gürleşmäge razy bolan adamy tapmagy başardy. Onuň sözlerine görä, lageri döretmek baradaky buýruk 10-njy awgustda Belarusda jeza çäresini beriji edaranyň ýolbaşçylaryndan gelip çykypdyr. Azatlygyň gürrüňdeşi fakt hökmünde suratlary hem berdi.

— 10-njy awgustda jeza çärelerini ýerine ýetiriji edara bir lager gurmaga gyssagly buýruk berlipdir. Munuň üçin Slutsk şäheriniň golaýyndaky 3-nji zähmet düzediş dispanserini (LTP-3) ulanmak kararyna gelipdirler. Ol ýerde bejergi alýanlary gyssagly ýagdaýda beýleki edaralara geçiripdirler. Eýýäm 12-nji awgustda LTP-3 harby güýçleriň gözegçiligi astynda, graždanlary saklaýan ýer hökmünde ulanmaga taýýar edilipdir – diýip, Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan çeşme aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň çeşmesiniň maglumatyna görä, LTP-3-de bejergi alýanlar başga ýere geçirilmezden ozal, ol ýeri taýýarlamak, garym gazmak, lager diwarlaryny we tikenek simleri çekmek ýaly işlere gatnaşmaga mejbur bolupdyrlar.

Näbelli sebäplere görä, 15-nji awgustda Slutsk şäheriniň golaýyndaky lager açylandan soň derrew ýapylypdyr.

Belarusyň Içeri işler ministrliginiň ýokary derejeli işgäri – ministriň orunbasary Nikolaý Karpenkowyň başga bir ýerde şuňa meňzeş lager döretmek meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşýan ses ýazgysy oktýabr aýynda Internetde ýerleşdirilenden soň, ol ýagdaý aýdyňlaşdy. Ministriň orunbasary ol lageri başga ýerde gurmagy teklip edýär. Ses ýazgysynda ol Belarusyň günorta-günbataryndaky Iwatsewiçide izolýasiýa palatasyny gurmak meýilnamasyny paýlaşýar.

— Biz şeýle hem demonstrantçylar üçin lageriň gurulmagy barada gürleşýäris. Maglumat bazasy-da döredilýär – diýip, ol ses aýdýar.

Şeýle hem ol "has ýiti toýnaklylar" barada, belarusly protestçileriň "tikenekli" simli diwar bilen gurşalan ýere "göçüriljekdigi" hakda aýdýar. Bu meselede olaryň näçe öňe gidişlik edendikleri we nähilidir bir çäre görülendigi belli däl.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleriniň maglumatyna görä, içgä bagly bolan näsaglar başga ýere geçirilmezden ozal, Slutsk lagerini taýýarlamak işlerine, çuň garymlary gazmaga, lageriň daşyna haýat aýlamak hem tikenli simleri çekmek işlerine mejbur edilipdirler.
Azatlyk Radiosynyň çeşmeleriniň maglumatyna görä, içgä bagly bolan näsaglar başga ýere geçirilmezden ozal, Slutsk lagerini taýýarlamak işlerine, çuň garymlary gazmaga, lageriň daşyna haýat aýlamak hem tikenli simleri çekmek işlerine mejbur edilipdirler.

Belarusyň Içeri işler ministrligi ol ses ýazgysyny "galp" diýip atlandyrdy. Ol ýazgy Lukaşenkanyň hökümetini terk edip, oppozisiýa goşulan Belarusyň ozalky hukuk goraýjy we howpsuzlyk işgärleriniň topary By Pol Initiative tarapyndan sosial ulgamda ýerleşdirildi.

Oppozisiýa lideri Swýatlana Tihanowskaýa ses ýazgysynyň hakykylygyna ynam bildirýänleriň arasynda. Tihanowskaýa özüniň haýran galandygyny we gaharlandygyny mälim etdi.

Içerde we ýurduň daşynda goldaw azalýarka, Lukaşenkanyň goşmaça repressiýalardan başga häkimiýeti saklamak üçin güýji az. Siwitskiý elektron poçtasynda Azatlyk Radiosy üçin, öz teswirinde şeýle ýazýar.

«Bu taktika eýýäm belli netijeleri berdi: närazylyk çärelerine gatnaşýanlaryň sany 2020-nji ýylyň awgust-sentýabr aýlary bilen deňeşdirilende azaldy. Ýöne munuň özi içerki we halkara kanunylyk taýdan Lukaşenka gaty gymmada düşdi, onuň ligitimligi dolulygyna sorag astyna alynýar. Belarus hökümetiniň başga bir oňyn meýilnamasy ýok» diýip, Siwitskiý ýazýar.

Material Azatlyk Radiosynyň Belarus gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG