Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Birmada hökümete garşy protestçiler, polisiýanyň gazaplylygyna garamazdan, ýene köçelere çykdylar


Protestçiler harby agdarylyşyk netijesinde çetleşdirilen raýat hökümetiniň gaýtadan dikeldilmegini talap edýärler.
Protestçiler harby agdarylyşyk netijesinde çetleşdirilen raýat hökümetiniň gaýtadan dikeldilmegini talap edýärler.

Birmada adamlar harbylaryň hökümet agdarylyşygyndan bäri geçirilýän protestleriň gazaplylyk bilen basylyp ýatyrylmagynyň ertesi güni ýene-de köçelere çykdylar.

10-njy fewralda müňlerçe adam tertip bäşinji gün ýurduň paýtagty Neýpidoda, iň iri şäherleri Ýangonda we Mandalaýda, şeýle-de beýleki künjeklerinde, ýygnanmak baradaky gadagançylyga we kommendant sagadyna garamazdan, protest geçirdiler.

Mundan bir gün öň, polisiýa protestçileri dargatmak synanyşygynda demonstrantlara garşy suw toplaryny, rezin oklary ulandy, şeýle-de söweş oklaryndan howa atdy.

Bu hadysalarda ençeme adamyň agyr ýaralanandygy we onlarçasynyň tussag edilendigi barada maglumatlar bar.

Birleşen Ştatlar we Birleşen Milletler Guramasy 1-nji fewralda harby agdarylyşyk netijesinde çetleşdirilen Aung San Suu Kýiniň raýat hökümetiniň gaýtadan dikeldilmegini talap edýän protestçilere garşy gazaplylygyň ulanylmagyny ýazgardylar.

Protestçiler Suu Kýiniň we häkimiýet başyndan çetleşdirilen syýasy partiýanyň tussag edilen beýleki agzalarynyň hem azat edilmegini talap edýärler.

Harbylaryň döwlet agdarylyşygy halkara derejesinde ýazgaryldy.

XS
SM
MD
LG