Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Lukaşenka köpçülikleýin protestlerden aman galmak üçin sowetleriňkä meňzeş “Halk ýygnagyny” geçirýär


"Ahlibelarus halk ýygnagyna" gatnaşýan delegatlar. 11-nji fewral, 2021 ý. Minsk.

Alýaksandr Lukaşenka reformalary we öňümizdäki bäş ýylda amala aşyryljak ösüşleri, şol sanda konstitusiýa girizilmegi ahmal üýtgetmeleri maslahat etmek üçin sowetleriňkä meňzeş “Ählibelarus halk ýygnagyny” geçirýär. Bu çäre onuň öz dolandyryşyna garşy dowam edýän köpçülikleýin protestlerden aman galmak üçin geçirilýän çäre ýaly bolup görünýär. Awtoritar lider protestler boýunça Günbatary aýyplaýar.

1994-nji ýyldan bäri ýurdy dolandyrýan 66 ýaşly Lukaşenka 11-nji fewralda öz işine başlan iki günlük maslahaty açyp, Belarusa garşy edilen daşary ýurt “hüjüminiň” şowsuz bolandygyny aýtdy.

“Belarusda reňkli rewolýusiýa geçirmek mümkin däl. Şonuň üçin, daşary ýurtlar ýurt içindäki käbir belli-belli içerki güýçlerden goldaw alyp, reňkli rewolýusiýa däl-de “bliskrig (harby hüjüm)” ýörelgeleriniň esasynda gozgalaň turuzmaga synanyşdylar. “Bliskrig” şowsuz boldy. Biz ýurdumyzy saklap galmagy başardyk. Häzirlikçe. Biz hökman saklanmaly, her näme-de bolsa. 2021-nji ýyl aýgytly ýyl bolar” diýip, ol esasan hökümete tarapdar resmilerden hem-de häkimiýetler tarapyndan saýlanan adamlardan ybarat 2,700 töweregi delegatyň öňünde eden çykyşynda aýtdy.

Lukaşenkanyň garşydaşlary bu maslahaty onuň häkimiýet başynda galmagyna ýardam bermek üçin geçirilýän galp çäre atlandyrýar. Geçen ýyl geçirilen prezident saýlawynda Lukaşenka özüni ýeňiji yglan etdi. Oppozisiýa liderleri we Günbatar saýlawyň galplaşdyrylandygyny aýtdy.

Bu maslahat “ne hakyky, ne-de belarus garaýyşlaryny öz içine alýar, şonuň üçin ol ýurtda dowam edýän syýasy krizise çözgüt hödürlemeýär. Hökümet belarus protest liderlerini, aktiwistleri we dissidentleri köplenç toslama aýyplamalar bilen türmä basdy, beýlekileri sürgünlige mejbur etdi. Syýasy tussaglar, sürgündäkiler we 2020-nji ýylyň awgustyndan bäri tussag edilen 30 müň töweregi adam öz ýurdunyň ykbalyny kesgitlemekde hakyky we öz içine alyjy dialoga, şeýle-de erkin we adalatly saýlawlara mynasypdyr” diýip, ABŞ-nyň Belarusdaky ilçihanasy 11-nji fewralda ýaýradan beýanatynda aýtdy.

“ÝHHG-nyň Moskwa mehanizminiň hasabaty öz içine alyjylyk babatda açyk we takyk ýol kartasyny hödürleýär” diýip, beýanat ÝHHG-nyň çap eden bir işine salgylandy.

“Birleşen Ştatlary režimi ÝHHG-nyň başlyklygynyň hakyky we öz içine alyjy milli dialoga ýardam bermek teklibini kabul etmäge çagyrýar” diýip, beýanat aýdýar.

9-njy awgust saýlawynyň köpler tarapyndan galplaşdyrylan hasaplanmagy we bu boýunça dörän garşylyk hem-da halk gazaby dowamly protestlere alyp geldi, ýüzlerçe müň adam Lukaşenkanyň wezipeden çekilmegini hem-de täze saýlawlaryň geçirilmegini talap edip köçelere çykdy.

Howpsuzlyk resmileri müňlerçe adamy, şol sanda ýörişler barada habar berýän onlarça žurnalisti tussag edip, hem-de oppozision şahsyýetleri ýurtdan çykmaga mejbur edip, demonstrantlara ýowuz daraşdy.

Zorlukda birnäçe protestçi öldürildi we käbir adam hukuklaryny goraýjy guramalar tussag edilen käbir adamlaryň howpsuzlyk resmileri tarapyndan gynalýandygy barada degerli subutnamalaryň bardygyny aýdýarlar.

Lukaşenka saýlaw bilen bagly kemçilikleri ret edýär we wezipeden çekilmek hem-de täze saýlawlary geçirmek babatynda oppozisiýa bilen gepleşmekden ýüz öwürýär.

ÝB, Birleşen Ştatlary, Kanada we beýleki ýurtlar Lukaşenkany Belarusyň kanuny lideri hökmünde ykrar etmekden ýüz öwürdi hem-de saýlawyň galplaşdyrylmagyna hem-de saýlawdan soňky basyp ýatyrmalara jogap edip, ýokary derejeli belarus resmilerine garşy sanksiýa girizdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG