Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bankomat we çilim nobatlary dowam edýär


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Şu günler Mary welaýatynyň köp sanly ýaşaýjylary gije-gündiz bankomatdan pul nagtlaşdyrmak hem-de döwlet dükanlaryndan arzan çilim satyn almak işleri bilen meşgul bolýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 12-nji fewralda habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, şu günler maryly ýaşaýjylaryň aýlyk haklary olaryň bank hasaplaryna geçirilensoň, adamlaryň baş aladasy bankomatlarda öňdäki hatarlardan nobat bellemek we ilkinji pursatda pul nagtlaşdyrmak bolup durýar.

Habarçy Mary welaýatynyň Garagum, Baýramaly, Türkmengala, Wekilbazar, Mary, Sakarçäge we Oguzhan etraplarynda esasan aýal maşgalalaryň irden sagat 7 töwereklerinde bankomatlaryň öňünde pul nagtlaşdyrmak üçin nobata durup başlaýandyklaryny habar berýär. Bank işgärleri köplenç öýlän sagat 4-den soň bankomatlara pul salýar, ýöne adamlar ir gözinden nobat belleýär. Bankomatlara salnan pullar uzaga gitmeýär. “Ol [bary-ýogy] 25-30 adama ýetýär” diýip, bir maryly ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, şol gabatlar köp ýerde Internet aragatnaşygy kesilýär.

Maşgalalarda är-aýallar arkalaşyp, bankomat nobatyna garaşýar. Gündizlerine köplenç aýallar nobata dursa, gijelerine erkek adamlar nobaty çalyşýar.

“Adam gaty köp. Şonuň üçin, her kim ir bilen baryp, öňdäki hatarlardan nobat bellemek isleýär. Nobatyň yzda bolsa, pul nagtlaşdyryp bolmaýar, pul gutarýar” diýip, maryly ýaşaýjy gürrüň berýär.

“Nobata garaşýan adamlaryň hiç haýsynyň pul nagtlaşdyryp bilmän öýlerine gaýdýan halatlary hem ýüze çykýar” diýip, beýleki bir maryly söze goşulýar.

Bu aralykda, çilim nobatlary hem dowam edýär. Golaýda hususy söwda bilen deňeşdirilende arzan bahadan satylýan çilim ýurduň döwlet dükanlarynda peýda boldy, dükanlaryň öňünde uly nobatlar emele geldi. Geçen hepdäniň ahyrynda satylan arzan çilimiň söwdasy adamlaryň arasynda dörän dawa-jenjel sebäpli hepde başynda Türkmenabatda we Maryda wagtlaýyn bes edildi.

Şu günler Maryda erkek adamlar gün ýaşyp, iňrik garalyberende çilim gözleginde döwlet dükanlaryna aýlanmaga başlaýarlar. Birnäçe maryly ýaşaýjynyň sözlerine görä, daýhan birleşikleriň döwlet dükanlary çilimi gezekleşip satuwa çykarýar.

“Daýhan birleşikleriň döwlet dükanlary çilimi gezekleşip satýarlar, adamlar haýsy dükanda çilimiň satyljagyny gije sagat 11-de bilip galýarlar. Eger bir dükanyň arka ýüzünde agşam sagat 7-8 töwereklerinde nobatlar emele gelip başlan bolsa, we bu aralykda çilimiň başga dükanda satylýandygy eşidilse, adamlar şol dükana gidip, täzeden nobat belleýärler” diýip, bir ýaşaýjy gürrüň berdi. Ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, adamlar kim öň barmaşak edýärler.

Habarçy çilim nobatlarynyň dükanlaryň arka ýüzünde emele gelýändigini we howpsuzlyk işgärleriniň nobatlara gözegçilik edýändigini habar berdi.

“Howpsuzlyk işgärleri gelip, gapdalda durýarlar. Kim telefonynyň çyrasyny ýaksa, ylgap baryp ‘telefonda wideo, surat alýarmyň’ diýip, adamlaryň telefonlaryny ellerinden almakçy bolýarlar” diýip, bir ýaşaýjy gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, nobatlarda dawa edýän adamlara polisiýa işgärleri haýbat atýar.

Habarçy çilim nobatlarynda garaşýan adamlaryň maska geýmeýändigini, polisiýanyň nobatlardaky adamlardan örtük talap etmeýändigini, ýöne gündizlerine olaryň maskasyz adamlary tutup, jerime salýandygyny habar berdi.

Döwlet dükanlarynda çilimiň bir gutusy 50 manatdan satylýar. Her adama iki guty çilim satyn almaga rugsat berilýär. Nobat bilen çilim satyn alýanlaryň arasynda arzan çilimden pul ýasaýan adamlar hem bar. Habarçy käbir adamlaryň dükandan 50 manatdan çilim satyp alyp, ony daşarda 150 manatdan satýandygyny habar berdi. Onuň sözlerine görä, şeýle söwda bilen meşgul bolýan ygtyýarnamasyz adamlara polisiýa köp mukdarda jerime töletmek haýbatyny atýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG