Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pandemiýa karnawaly ýatyrýar, waksinasiýa dowam edýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

COVID-19 pandemiýasy Karnawal dabaralary bilen tanalýan şäherlere täsir edýär we bu ýyla planlaşdyrylan wakalaryny ýatyrmaga mejbur edýär, bu aralykda dünýäde waksinasiýa programmalaryny ýaýbaňlandyrmak boýunça tagallalar dowam edýär.

Adatça Braziliýanyň Rio de Žaneýro we Germaniýanyň Köln şäherinde paradlar, içgiler we tanslar bilen şowhunly geçýän hristian baýramçylygy bu ýyl 17-nji fewrala düşýär. Emma bu ýyl olar asuda görünýär.

Braziliýada käbir dabaralar internete geçiriler, Germaniýada bolsa regional telewideniýesinde 15-nji fewralda “Bägül duşenbesi” atly gurjak parady görkeziler.

Täze Orleanda, geçen ýylky dabaranyň COVID-19 keseliniň köpelmegine sebäp bolandygy aýdylýar. Bu ýerde häzir barlar ýapyldy we paradlar ýatyryldy.

Bu aralykda dünýäniň beýleki ýerlerinde waksinasiýa programmalary ýaýbaňlanýar.

Gazagystan Orsýetiň "Sputnik V" waksinasyny tassyklady. Britan hökümeti fewral aýynyň ortalarynda azyndan 15 million ýaşaýjyna COVID-19 garşy waksina etmek maksadyna ýetendigini aýtdy.

Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkezleriniň habaryna görä, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda waksinasiýa kampaniýasy güýçlenip, şu wagta çenli edile sanjymlaryň sany 52,9 milliona ýetipdir.

XS
SM
MD
LG