Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Häkimiýetler sport mekdeplerinde şugulçylyk talaplaryny güýçlendirýär


Illýustrasiýa suraty. Ýaş türgenler.
Illýustrasiýa suraty. Ýaş türgenler.

Ýaş dzýudoçynyň ölümi baradaky habarlaryň fonunda türkmen häkimiýetleri Mary welaýatynyň sport mekdeplerinde ýaş türgenleriň arasynda özara paýlaşylýan maglumatlara gözegçiligi güýçlendirýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy maglumat berdi.

“17-nji fewralda ir sagat 9-da Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri Mary welaýatynyň ähli sport mekdepleriniň ýolbaşçylary bilen ýygnak geçirdi” diýip, duşuşykdan habarly bir tälimçi Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, ýygnagyň gün tertibine sport mekdeplerinde ýaş türgenleriň öz aralaryndaky gep-gürrüňlere gözegçilik etmek girizildi.

Häkimiýetler sport mekdepleriniň tälimçilerinden mekdep okuwçylarynyň arasyndaky gep-gürrüňlerden habarly bolmagy hem-de bu maglumatlary mekdep ýolbaşçylary bilen her gün paýlaşmagy talap edýär. Öz gezeginde, mekdep ýolbaşçylary tälimçilerden alan maglumatlaryny ýerli Milli howpsuzlyk edaralaryna habar bermeli.

“Häkimiýetleriň şugulçylyk talaplaryny güýçlendirmekleri daşoguzly Süleýmanyň urlup öldürilmegi bilen bagly bolup durýar” diýip, baýramalyly bir boks tälimçisi atlandyrylmazlyk şertinde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Golaýda sosial ulgamlarda hem-de garaşsyz neşirlerde 14 ýaşly dzýudoçy, Ahal welaýatynda ýerleşýän bir Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň 7-nji klas okuwçysy, Süleýman Tursunbaýewiň sport bäsleşiginden soňra urlup öldürilendigi barada habarlar ýaýrady. Habarlarda aýdylmagyna görä, ýaş ýetginjege bir ýaryşyň öňüsyrasynda öz garşydaşyndan ýeňilmek yşarat edilipdir, ol bu yşarata ýa düşünmän, ýa-da boýun egmän garşydaşyny ýeňeninden soňra, näbelli adamlar tarapyndan urlup ýenjilýär, we aradan birnäçe gün geçenden soňra aradan çykýar.

“Ýolbaşçylar bizden ‘täzelik eşitdiňizmi’ diýip, soraýar biz tälimçiler ‘ ýok, näme täzelik’ diýip soraýarys” diýip, baýramalyly boks tälimçisi gürrüň berýär.

“Biz aslynda olaryň ‘täzelik’ diýýän zatlaryny iki gün mundan öň okuwçylarymyzdan eşitdik” diýip, tälimçi ýaş sportçynyň ölümi baradaky habarlary nazarda tutup, gürrüň berýär.

Bu habarlaryň fonunda häkimiýetler sport mekdeplerindäki şugulçylyk talaplaryny güýçlendirýär. Galyberse-de, tälimçileriň sözlerine görä, ýaş dzýudoçynyň ölümi sport mekdeplerinde tälim alýan ýaş türgenlere we olaryň ene-atalaryna ruhy taýdan erbet täsir edipdir.

“Okuwçylaryň arasynda sporta höwesi gaçan ýaşlar bar. ‘Iň gowusy, biz öýde özbaşdak türgenleşik geçeli’ diýýän okuwçylar bar” diýip, talimçi aýtdy.

Onuň sözlerine görä, soňky habarlar ene-atalaryň arasynda-da alada döretdi.

“Ajy habarlar bar. Biz oglumyzy goramasak, kim gorasyn!? Sportdan alyp galjak, sport bize gerek däl’ diýýän ene-atalar hem bar” diýip, köp sanly ene-ata bilen gürrüňdeş bolan tälimçi Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ol tälimçileriň ene-atalardan ýaş türgenleri okuwdan alyp galmazlygy haýyş edendiklerini, okuwçylar bilen hem aýratyn ýygnak geçirendiklerini gürrüň berdi.

Ýygnaklarda tälimçiler ýaş türgenlere şu günler bilýän zatlary barada tanaýan ýa-da tanamaýan adamlarynyň arasynda gürrüň etmezligi tabşyrypdyrlar.

Şeýle-de, tälimçiler okuwçylaryň ene-atalaryna çagalara telefon bermezligi, berseler hem ýönekeý telefon bermegi tabşyrypdyrlar.

“Okuwçylaryň el telefonlaryny barlamaklary mümkin, birden telefonda hökümeti tankytlaýan bir maglumat çykaýsa, onda siziň çagalaryňyzy-da, siziň maşgala agzalaryňyza-da soraga çekip bilýärler” diýip, tälimçi ene-atalary hüşgärlige çagyrypdyr.

Türkmenistanda häkimiýetler uly klas mekdep okuwçylarynyň arasynda wagtal-wagtal telefon barlaglaryny geçirýärler.

Galyberse-de, tälimçiniň sözlerine görä, ýaş dzýudoçynyň ölümi baradaky habarlaryň yz ýany, ene-atalaryň arasynda öz çagasynyň sport ýaryşlaryna gatnaşdyrylmazlygyny talap edip, haýyş bilen tälimçilere ýüz tutan hossarlar bar.

Azatlyk Radiosy Mary welaýatynda sport mekdepleriniň ýolbaşçylary bilen geçirilen ýygnak we onuň gün tertibinde gozgalan meseleler boýunça Marynyň welaýat häkimliginden hem-de welaýat bilim müdirliginden kommentariýa alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG