Ermenistanyň Ýaragly güýçleri premýer-ministr Nikol Paşiniýany hem-de onuň hökümetini işden çekilmäge çagyrdy. Bu çagyryş premýer-ministri harby agdarylyşyga synanyşyk edilýändigini öňe sürmäge iterdi.
Ermenistantanyň Ýaragly güýçleriniň Baş ştabynyň Maglumat bölüminiň başlygy Samwel Asatrýan 25-nji fewralda beren beýanatynda bu çagyryşyň Ýaragly güýçleriň Baş ştabynyň başlygynyň birinji orunbasarynyň “ýöntem sebäpler üçin” işden boşadylmagyna “aýgytly protest” hökmünde kabul edilendigini aýtdy.
Bu ädim “Ermenistan Respublikasynyň milli we döwlet bähbitleri nazarda tutulmazdan amala aşyryldy. Ýurduň kyn şertlerinde şeýle karar döwlete garşy ädilen jogapkärçiliksiz ädimdir. Ermeni halky üçin möhüm pursatda Ermenistan Respublikasynyň premýer-ministri we hökümet mundan beýläk kanagatly kararlary kabul edip bilmeýär” diýip, beýanat aýtdy.
Ýaragly güýçleriň bu beýanaty goldamak üçin güýç ulanyp-ulanmajakdygy bada-bat mälim bolmady.
Paşiniýan işden çekilmek baradaky çagyryşy ret etdi we oňa derek Ýaragly güýçleriň Baş ştabynyň başlygy Onik Gasparianyň wezipesinden boşadylýandygyny yglan etdi.
Şeýle-de, ol öz tarapdarlaryny paýtagt Ýerewanyň merkezinde ýygnanyşmaga çagyrdy.