Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen hökümeti ilata kesgitli bahada satylýan azygyň resmi bahasyny ýokarlandyrdy   


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hökümet agzalary bilen wideo arkaly geçiren maslahatyndan pursat, 2021-nji ýylyň 8-nji fewraly. 
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hökümet agzalary bilen wideo arkaly geçiren maslahatyndan pursat, 2021-nji ýylyň 8-nji fewraly. 

Türkmenistanda döwlet dükanlarynda çäkli mukdarda we kesgitlenen bahalarda satylýan esasy azyk önümleriniň bahasy ýokarlandy. Bahalaryň duýdansyz ýokarlanmagy prezidentiň parlament agzalary bilen geçirilen ýygnakda eden çykyşynyň yzýanyna gabat geldi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, azyk önümleriniň döwlet tarapyndan kesgitlenen nyrhlary eýýäm 25-nji fewralda agşam ýokarlanypdyr. Hususan-da, birnäçe ýyllap döwlet dükanlarynda şol bir bahadan satylan şekeriň bir kilogramynyň bahasy 7 manatdan 9 manada ýetdi, ösümlik ýagynyň bir litriniň bahasy 13 manatdan 19 manada, towuk aýaklary 10 manatdan 16 manada çenli ýokarlandy. Bahanyň ýokarlanmagy ilat tarapyndan iň köp talap edilýän beýleki azyk önümlerine-de täsir etdi.

Çörek, un, ýumurtga, şeker, ösümlik ýagy we towuk aýaklary Türkmenistanyň ilaty üçin iň köp talap edilýän azyk önümleridir. Uzaga çeken ykdysady krizis wagtynda azyk önümlerini döwlet dükanlaryndan belli bir bahadan satyn almak ilat köpçüliginiň gün görmegi üçin ýeke-täk mümkinçilik bolýar.

Bahalar ýurduň prezidentiniň 25-nji fewralda parlament agzalarynyň öňünde eden çykyşyndan soň birden ýokarlandy. Gurbanguly Berdimuhamedow beýleki meseleler bilen birlikde azyk howpsuzlygy meselesini agzady.

TDH döwlet habar gullugy Gurbanguly Berdimuhamedow "ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegine, ilaty ekologiýa taýdan arassa önümler bilen üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berýäris"- diýdi, diýip habar berdi. Emma neşir subsidirlenen önümleriň bahalaryny ýokarlandyrmak barada resmi buýrugyň edilip-edilmändigini anyklaşdyrmady.

Prezidentiň aýdan sözleri, azyk ýetmezçiliginiň we döwlet dükanlarynda basa-baslygyň güýçlenýän wagtyna gabat geldi.

Azatlygyň habarçylary ilatyň gaharlandygyny aýdýarlar.

Soňky bir hepdäniň dowamynda önümleriň döwlet bahasyndan satylýan hemme ýerinde ösümlik ýagynyň, towuk aýaklarynyň, şekeriň söwdasynyň doly kesilmegi ýa-da ýetmezçiligi döredi. Bu önümler esasan tüwi ýa-da möhleti geçen içgiler bilen goşulyp satyldy. Bu ýagdaýda goşulyp satylýan harytlaryň görnüşlerini we mukdaryny dükanlaryň özleri kesgitledi.

Satyjylaryň pikiriçe, defisitli azygyň döwlet bahasynyň ýokarlanmagy nobatlar we ýa-da goşmaça harytlaryň goşulyp satylmagy meselesine täsir ýetirmez.

Paýtagtyň dükanlarynyň biriniň satyjysy Azatlygyň habarçysyna "hususy dükanlarda şekeriň bir kilogramy 23 manat, döwlet dükanlarynda bolsa 9 manat bolýar. Şonuň üçin öňküsi ýaly möhleti geçen önümler bilen satarys" -diýdi.

Paýtagtda soňky bir aýyň dowamynda döwlet dükanlarynda azyk önümleriniň yzygiderli ýetmezçiligine garamazdan, ullakan nobatlar saklandy. Türkmenistanyň welaýatlarynda ilat birnäçe aýlap çörek we un satyn alyp bilmedi.

Maryda şu gün irden sagat 8-de döwlet dükanlarynda ullakan nobatlar ýygnanýar. Köp etraplarda adamlar aýlyk un paýyny 3 aýlap satyn alyp bilmän kösenýär. Köpüsi her gün dükanlara umydygär gelýär we esli wagtlap nobata durandan soň eli boş gidýär. Bu barada Marydaky habarçylarymyz 25-nji fewralda gürrüň berdiler.

Azyk krizisiniň üç ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýändigine garamazdan, ýurduň häkimiýetleri bu agar ýagdaýy ykrar etmek islemeýär.

Prezidentiň 25-nji fewralda eden çykyşynda ýurduň "ykdysady ösüşiniň durnukly dinamikasynyň üpjün edilendigi we bäsdeşlige ukyplylygynyň güýçlenendigini" aýdyldy we maýa goýum pudagynda, sosial ulgamda ýokary derejelere ýetmek we ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak üçin "anyk çäreleriň" durmuşa geçirilendigi öňe sürüldi. Bu barada habar beren türkmen metbugaty prezidentiň agzan "anyk çärelerini" takyklaşdyrmady.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG