Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan hukuk topary “Talybanyň” žurnalistiň maşgala agzalaryny öldürendigini aýdýar


Žurnalist Bismillah Adel Aýmak 1-nji ýanwarda näbelli hüjümçiler tarapyndan atylyp öldürildi.
Žurnalist Bismillah Adel Aýmak 1-nji ýanwarda näbelli hüjümçiler tarapyndan atylyp öldürildi.

Adam hukuklary boýunça garaşsyz owgan komissiýasy “Talyban” toparynyň kommandiriniň Gor welaýatynda janyna kast edilen žurnalistiň üç maşgala agzasyny öldürendigini aýdýar.

Gor welaýatynyň hususy radio stansiýasynyň baş redaktory, žurnalist Bismillah Adel Aýmak 1-nji ýanwarda näbelli hüjümçiler tarapyndan atylyp öldürilipdi.

25-nji fewralda ýaragly jeňçiler Aýmakyň kakasynyň Firoz Koh şäherindäki öýüne hüjüm etdiler.

Hüjümiň sebäpleri häzirlikçe doly aýdyň däl.

Adam hukuklary boýunça garaşsyz owgan komissiýasynyň 28-nji fewralda beren maglumatyna görä, “Talyban” jeňçileri maşgalanyň üç agzasyny öldürmek bilen birlikde, onuň başga-da dört agzasyny ýaralapdyrlar, şeýle-de üç agzasyny alyp gaçypdyrlar.

Komissýa owgan hökümetine ýüzlenip, hadysany derňemäge çagyrdy.

Aýmakyň maşgalasyna edilen hüjümiň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady.

“Talybanyň” metbugat wekili 26-njy fewralda çykyş edip, jeňçi toparynyň bu hüjüm bilen ilteşiginiň ýokdugny aýtdy.

Soňky aýlarda Owganystanda žurnalistlere garşy edilýän hüjümler ýaýbaňlandy.

Düýbi Kabulda ýerleşýän “Owganystandaky Media” toparynyň maglumatyna görä, 2020-nji ýylyň dowamynda ýurtda azyndan 11 žurnalist öldürilipdir.

XS
SM
MD
LG