Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Subsidirlenen iýmit önümleri kem-kemden gymmatlaýan mahaly, olaryň görnüşleri azalýar


Döwlet dükanynyň öňünde nobata garaşýan adamlar. Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda subsidirlenen iýmit önümleri ilat arasynda ýörgünliligini saklaýan mahaly, döwlet dükanlary ýuwaş-ýuwaşdan bu önümleriň görnüşlerini azaldyp, bahalaryny ýokarlandyryp başlady. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 1-nji martda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, Türkmenistanyň hökümeti döwlet dükanlarynda kem-kemden azyk önümleriniň döwlet bahasyny ýokarlandyrýar.

“Adamlaryň keýp-ahwalyny barlap görýärler, eger-de raýatlardan gymyldy bolmasa, iýmit önümleriniň bahasyny ýene-de göterýärler” diýip, bir aşgabatly Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Şol bir wagtyň özünde, döwlet dükanlarynda kesgitli bahadan satylýan azyk harytlarynyň görnüşleri hem azalýar.

“Towuk ýumurtgasy satuwdan aýryldy, eger-de garşylyk bolmasa, ol täjirçilik nyrhyndan satylýar” diýip, aşgabatly ýaşaýjy sözüniň üstüni ýetirdi.

Galyberse-de, häkimiýetler ösümlik ýagynyň hem-de towuk budunyň hem döwlet dükanlarynda ýeňillikli bahadan satylmagyny ýuwaş-ýuwaşdan bes edýärler.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, şu günler Aşgabadyň döwlet dükanlarynda çörek her gün irden çäkli möçberde satylýar.

Walýuta kynçylyklarynyň fonunda azyk harytlarynyň döwlet dükanlaryndaky bahalary bilen hususy söwdadaky nyrhlarynyň arasynda uly tapawut emele geldi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary döwlet dükanlarynda azyk önümleriniň bahalarynyň ýokarlanmagy barada geçen hepdäniň ahyrynda habar berdiler. Täze bahalara görä, şekeriň 1 kilogramy döwlet dükanlarynda 7 manatdan 9 manada, ösümlik ýagynyň 1 litriniň bahasy 13 manatdan 19 manada, towuk budy 10 manatdan 16 manada çenli göterildi.

Bu aralykda, döwlet dükanlarynyň öňünde hususy söwda bilen deňeşdirilende arzan bahadan satylýan iýmit önümlerini satyn almak isleýän adamlaryň uly nobatlary saklanyp galýar.

Habarçy 1-nji mart güni Aşgabadyň 8 belgili döwlet dükanynyň öňünde towuk buduny satyn almak üçin adamlaryň hatara düzülendigini habar berdi.

Azyk krizisi ýurduň beýleki künjeklerinde-de dowam edýär. Radionyň habarçysy Lebap welaýatynyň Farap, Darganata we Dänew etraplarynyň döwlet dükanlarynda hem adamlaryň un we ýag paýoklaryny alyp bilmeýändiklerini, unuň hususy söwdada gyt haryda öwrülendigini habar berdi.

Onuň Lebapdan beren maglumatlaryna görä, sebitde pekarnylar häzir işlerini togtatdy, iň arzan tamdyr çöregi Darganatada 8 manatdan, Farapda 7 manatdan satylýar.

Habarçy käbir adamlaryň ownuk tüwiden hem-de mekgejöwenden un üwäp, bulary garyp çörek bişirýändiklerini habar berdi.

“Farapda mal üçin berilýän kepekler hem gymmatlady” diýip, bir faraply ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Adamlar paýok berilmese näme etmeli diýen alada bilen ýaşaýarlar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Soňky ýyllarda bütin dünýäde energiýa serişdeleriniň bahalarynyň pese gaçmagy, Türkmenistanyň iri energiýa müşderilerini wagtlaýyn ýitirmegi, ykdysady reformalaryň gijikdirilmegi, giň ýaýran korrupsiýa, synçylara görä, hökümetiň emelsizligi bilen goşalanyp, ýurt ykdysadyýetine agyr zarba urdy. Ilat garaşsyzlyk ýyllarynyň iň agyr ykdysady kynçylyklarynyň biri bilen ýüzbe-ýüz galdy. Bazarlarda bahalar gymmatlady, walýutanyň gara bazardaky alyş-çalyş bahasy resmi nyrhdan arany açdy. Bu ýagdaý, hem içerki önüm öndürijilere, hem sarp edijilere zyýan ýetirdi. Manat güýjüni ýitirýän mahaly, ilatyň manatda alýan girdejileri tas şol bir durkunda diýen ýaly saklanyp galdy. Ilatyň satyn alyş ukyby pese gaçdy. Raýatlaryň bazar sebedi gitdigiçe kiçeldi. Şeýlelikde, döwlet dükanlarynda ilata ýeňillikli bahadan hödürlenýän subsidirlenen iýmit önümlerine isleg artdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG