Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat häkimiýetleri içerki migrantlary paýtagtdan çykarýar


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

Şu günler paýtagt Aşgabatda hem-de Ahal welaýatynda häkimiýetler başga welaýatlardan baran içerki migrantlary ýörite awtobuslarda öz ýaşaýan sebitlerine ugradýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 3-nji martda habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy welaýatlardan baran ýaşaýjylaryň howpsuzlyk aladalary sebäpli Aşgabatdan we Ahaldan çykarylýandyklaryny habar berdi.

Türkmenistanda sebitleriň arasynda global pandemiýa sebäpli transport gatnawlaryna girizilen çäklendirmeler saklanyp galýar. “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň hem-de “Türkmendemirýollary” agentliginiň soňky beýanatlaryna görä, welaýatlaryň arasyndaky awtobus we demir ýol gatnawlarynyň togtadylmagy 1-nji aprele çenli uzaldyldy, diňe Aşgabat-Daşoguz awtobus gatnawlary hem-de Aşgabat-Türkmenabat otly gatnawlary synag maksady bilen dikeldildi.

Azatlygyň habarçysy paýtagtdan hem-de ýurduň günorta welaýatyndan çykarylýan içerki migrantlaryň ýörite awtobuslarda öz ýaşaýan sebitlerine ugradylýandygyny aýdýar. “Faraply ençeme adamlar ýörite awtobuslarda öz ýaşaýan sebitlerine ugradyldy” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna maglumat berdi.

Azatlyk Radiosy paýtagt häkimiýetleriniň içerki migrantlary Aşgabatdan çykarmak tejribeleri barada ýyllar boýy habar berip gelýär. Gurluşyk we beýleki işlerde zähmet çekýän welaýat ýaşaýjylary öz sebitleri bilen deňeşdirilende paýtagtyň iş babatda has köp mümkinçilik hödürleýändigini aýdýarlar. Ýöne, hususan-da, baýramçylyklaryň öňüsyrasynda häkimiýetleriň türkmen paýtagtyndan içerki migrantlary çykarmak işleri ýaýbaňlanýar.

“Ahalda we Aşgabatda häkimiýetler içerki migrantlaryň ýaşaýan kwartiralaryna baryp, ýygnap ýa-da bazarlarda, köçelerde olary saklap, welaýatlara ugradýarlar” diýip, bir lebaply ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, welaýatlarda ýazga alnandyklary anyklanan adamlar Aşgabatdan hem-de Ahal welaýatynyň çäginden çykarylýar.

Azatlyk Radiosynyň bu maglumatlar boýunça Aşgabat şäheriniň hem-de Ahal welaýatynyň häkimliklerinden malgumat almak synanyşygy netije bermedi.

Türkmenistan Sowet Soýuzyndan miras galan “propiska” düzgünini saklap gelýär. Bu talap ýurt raýatlarynyň öz ýaşaýan sebitlerinden başga şäherlerde, hususan-da paýtagt Aşgabatda hemişelik iş we ýaşaýyş mümkinçiligini çäklendirýär.

Mundan ozal, Bitaraplyk baýramynyň öňüsyrasynda, noýabrda ýurduň günbatar Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy hem-de Balkanabat şäherlerinde-de häkimiýetleriň içerki migrantlary öz sebitlerine ugratmak çäreleri ýaýbaňlandy.

Häkimiýetleriň özge welaýatlardan baran ýaşaýjylary paýtagtdan we Ahal welaýatynyň çäginden çykarmak işleri Nowruz baýramynyň hem-de ýurtda geçirmegi planlaşdyrylýan parlament saýlawlarynyň öň ýanyna gabat gelýär.

Azatlyk Radiosy koronawirus pandemiýasynyň fonunda sebitleriň arasynda hereket çäklendirmeleri girizilýän mahaly, welaýatlardan paýtagta iş üçin barýan adamlaryň ýol güzaplary barada birnäçe gezek habar berdi.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki media we metbugat serişdeleri welaýat ýaşaýjylarynyň iş we ýaşaýyş aladalary, olaryň türkmen paýtagtynda ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, şol sanda hereket azatlygy bilen bagly kynçylyklary barada habar bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG