Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan COVID-19 pandemiýasy sebäpli girizen çäklendirmelerini gowşadýar


Türkmenistan, 2021-nji ýylyň mart aýy
Türkmenistan, 2021-nji ýylyň mart aýy

Türkmenistanda kafeler, barlar, restoranlar, söwda merkezleri we toý zallary açylýar. Koronawirus keseliniň ýekeje-de ýagdaýyny hasaba almadyk ýurt geçen ýyl girizilen çäklendirmeleri ýatyryp başlady. Bu aralykda koronawirusyň bardygyny resmi taýdan ykrar etmeýän häkimiýetler ilata waksina edýärler, munuň çäginde koronawirus bilen keselländigini görkezýän antitela, ýagny organizmiň kabul etmeýänini anyklamak üçin gan barlagyny geçirýärler.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň we çeşmeleriniň habar bermegine görä, ýakyn wagtda paýtagtyň 8-nji we 10-njy saglyk öýlerinde koronawirusa garşy sanjym edilmegine garaşylýar. Bu lukmançylyk edarasynda sanjymlar 8-nji martdan soň başlanar. Saglygy saklaýyş işgärleri koronawirus bilen kesellänleriň, ilkinji nobatda pensionerleriň sanawyny düzýärler.

"Koronawirusy başdan geçirenlere 8 aýdan soň, dümewi başdan geçirenlere, keselden 1,5 aý soň waksina ediler. Mesele köpleriň gizlin syrkawlaýanlygynda, adamlaryň ençemesi hassahanalardan gaça durup, öýlerinde bejergi aldylar. Şonuň üçin waksinasiýadan öň gan barlagy talap edilýär "-diýip ygtybarly çeşmeleriň biri aýtdy.

Ýanwar aýynyň ahyrynda Azatlygyň habarçylary 60 ýaşdan uly raýatlara ilkinji nobatda sanjym ediljegini habar berdiler. Şol bir wagtyň özünde, waksinalara taýýarlyk görmegiň çäginde ýaşy 60-dan uly adamlaryň arasynda, şol sanda antitela ýagny organizmiň kabul etmeýänini anyklamak boýunça synaglar edilipdi.

Waksinasiýanyň başlanmagyna welaýatlarda hem taýýarlyk alnyp barylýar. Türkmenabatdaky habarçymyzyň sözlerine görä, waksina ediljek ýerli lukmançylyk edaralarynyň işgärleri öz hasabyna EKG, öýkeniň rentgeni we gan barlagy ýaly giňişleýin barlagdan geçmeli boldular. Synag üçin çykdajylar ortaça 500 manada durýar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ilata koronawirusa garşy waksina kampaniýasynyň gidişi barada resmi düşündiriş bermeýärler, şeýle-de COVID-19-yň ýokdugyny resmi taýdan yglan edýän ýurduň ilatynda antitela jisiminiň nädip tapylyp bilinjekdigini düşündirmeýär.

Bu aralykda, Türkmenistanda koronawirus keseli bilen täze kesellänler barada yzygiderli habarlar gowuşýar. Hususan-da, Aşgabatdaky 44-nji mekdebiň dört işgärinde koronawirus test arkaly tassyklanypdyr. Bu barada 4-nji martda Aşgabatdaky habarçymyz habar berdi.

Bu döwürde ýurt geçen tomus girizilen koronawirus çäklendirmelerini ýatyrýar.

Türkmenabatda hyzmat we köpçülikleýin iýmitleniş ulgamlaryna degişli kärhanalar işläp başlady. Kafe, restoran, bar, banket zallary ýaly nokatlar açyldy. Şol sanda şäheriň gurply ýaşaýjylarynyň we ýerli ýaşlaryň arasynda meşhur bolan "Jennet" we "Han" kafeleri, "Kenar" restorany, "Bagt guşy", Lebap dynç alyş merkeziniň restorany we başgalar açyldy diýip, ýerli habarçymyz aýdýar.

Köp kafe we restoranlar ýary gijä çenli ýa-da gijäniň dowamynda işleýär. Şol bir wagtyň özünde henizem ýapyk duran kärhanalar hem az däl.

Habarçylar kafe-restoranlaryň ençemesiniň goşmaça maliýe çykdajylaryny talap edýän rugsady alyp bilmeýändigini anykladylar. Azatlyk bilen gürleşen ýerli çeşmeler rugsat üçin para bermelidigini aýdýarlar.

"Täsirli tanyşlary bolmadyk ýa-da talap edilýän parany töläp bilmedik telekeçileriň kärhanalary ýapyklygyna galýar. Resmi taýdan häkimiýetler rugsat bermekden ýüz öwürmegini sanitariýa standartlaryna laýyk gelmeýändigi bilen düşündirýärler" -diýip ýerli çeşmeleriň biri aýdýar.

Söwda, naharhana we hyzmat kärhanalary geçen tomusda ýapylypdy. Çäklendirmeleriň netijesinde müňlerçe ýerli telekeçi girdejilerini ýitirdi we ýitgi çekdi.

Şu günler Lebapda ähli bazarlar, şol sanda Türkmenabat-Mary ýolunda ýerleşýän iň uly täze bazar açyldy. Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, egin-eşik we beýleki harytlar söwdasy gaýtadan başlandy. Bazarda awtoulag we mal satylýan bölüminiň ýekşenbe güni açylmagyna garaşylýar.

Bu aralykda ýurtda ýedi aýlyk arakesmeden soň demirýol hyzmaty bölekleýin dikeldilýär. Otly gatnawynyň diňe Türkmenabat we Aşgabat arasynda hereket edip başlamagyna garaşylýar. Paýtagtdan beýleki welaýatlara gatnawyň ýatyrylmagy aprel aýyna çenli uzaldylýar.

4-nji martda Lebap welaýatyndaky habarçymyz otly biletleriniň satylyp başlandygyny habar berdi. Onuň sözlerine görä, biletler Türkmenabadyň demir ýol wokzalynda satylýar we bilet almak üçin COVID-19 synagyndan geçmek talap edilýär. Testiň bahasy 101 manat.

2-nji martda Türkmenistanyň ýarym resmi internet neşiri demir ýol hyzmatynyň synag görnüşinde gaýtadan işläp başlajakdygyny we täze sanitariýa hem arassaçylyk talaplarynyň girizilendigini habar berdi.

Halkara howa gatnawlary dikeldilmedi. Belarusyň “Belawiýa” howa ýollary Aşgabat şäherine gatnawlaryň ýatyrylmagyny 5-nji aprele çenli uzaltdy. BELTA habar agentligi ýatyrylan uçarlaryň biletleri üçin puly gaýtarmaga ýa-da senesini üýtgetmäge 30-njy marta çenli möhlet berilýändigini habar berdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG