Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistan Hytaýdan kowid sanjymlaryny alýar


Hytaýyň beren sanjymlaryny getiren uçar.

Türkmenistana Hytaýda öndürilen COVID-19 waksinalary getirildi.

“China Observer” neşiriniň we beýleki neşirleriň twitterde ýazmagyna görä, hytaý waksinalary altynjy gün irden Türkmenabat şäherine, türkmen uçarynda getirildi. Türkmenabadyň uçar menzilinde ýüki hytaýly ilçi Kian Naýçeng we türkmen resmileri garşy aldy diýip, habarda bellenýär.

Neşiriň çap eden wideosynda “Türkmnenistan” diýen ýazgyly uçardan düşürilýän ýükler görkezilýär. Emma başga jikme-jiklikler berilmeýär.

Türkmen mediasy Hytaýdan getirilen kowid sanjymlary hakynda häzire çenli hiç bir maglumat bermedi.

Özünde hiç bir koronawirus ýokuşmasyny resmi taýdan hasaba almadyk Türkmenistan ýanwarda Merkezi Aziýada ilkinji bolup Orsýetde öndürilen Covid-19 sanjymyny hasaba alandygyny aýtdy.

Syzyp çykýan maglumatlar soňky bir ýylda ýurtda ölüm hadysalarynyň adaty ýyllardakydan has gürelendigini, hassahanalarda ýogalanlaryň jesetleriniň plastik haltalarda, açmasyzlyk şerti bilen berilýän halatlarynyň az däldigini görkezýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG