Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rim papasy Yrakda bir zaman YD söweşijileriniň eýelän sebitlerine baryp gördi


Rim papasy Fransis Mosulda Yrak urşunyň pidalary üçin doga etdi.
Rim papasy Fransis Mosulda Yrak urşunyň pidalary üçin doga etdi.

Rim papasy Fransis demirgazykdaky Mosul şäherinde ýerleşýän köp asyrlyk ybadathananyň ýanynda Yrak urşunyň pidalary üçin doga etdi. Bu ýerler bir zaman “Yslam döwleti” (YD) söweşijileriniň eline geçip, jihadçy topar üç ýyl ozal derbi-dagyn edilýänçä, dünýäniň iň gadymy hristian jemagatlarynyň biriniň weýran edilmegine şaýat boldy.

Dindarlar 7-nji martda Nineweh welaýatyndaky Al-Tahera ybadathanasynyň howlusyna ýygnandylar. Bu ybadathana YD tarapyndan weýran edilen azyndan 14 ybadathananyň iň gadymylarynyň biri hasaplanýar.

84 ýaşly papa Yrakdaky we Ýakyn Gündogardaky hristianlardan öz ata watanlarynda galmaklaryny haýyş etdi. Ol hristianlaryň “pajygaly” bosgunlygynyň diňe bir şahsyýetlere we jemgyýetlere däl, eýsem olaryň yzynda galýan jemgyýetlere-de hasaplap bolmajak zyýan ýetirýändigini aýtdy.

Yrakdaky hristianlaryň bu ýerlerdäki dowamlygynyň saklanmagy Watikan üçin Mesihiň döwründen bäri bar bolan iman jemagatlaryny gorap saklamakda örän wajyp mesele bolup durýar.

Ganhor YD-nyň 2014-nji ýyldan 2017-nji ýyla çenli Mosuly basyp almagy Yragyň demirgazygynda ýaşaýan ýüzlerçe müň hristianyň bu ýerden gaçmagyna sebäp boldy.

Rim papasy Fransis Yrakdaky dört günlük taryhy saparynyň soňky gününde, 7-nji martda Kürt sebitiniň paýtagty Erbiliň howa menziline gelip gondy.

Ol bu sebitiň prezidenti Neçirwan Barzani we onuň doganoglany, premýer-ministr Masrour Barzani bilen gysga duşuşyk geçirdi.

XS
SM
MD
LG