Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambulda neşe söwdasy bilen baglylykda Türkmenistanyň üç raýaty tussag edildi


Illýustrasiýa suraty. Stambul.

Stambulda neşe operasiýalarynda Türkmenistanyň üç raýaty tussag edildi. 8-nji martda türk mediasynyň ýaýradan maglumatlaryna görä, Stambulyň alty etrabynda geçirilen operasiýalarda neşe söwdasynda güman edilýän 9 adam tutuldy, olaryň 3-si Türkmenistanyň raýaty.

Stambulyň neşe jenaýatlaryna garşy göreş bölüminiň müdirýetiniň toparlary 26-njy fewral we 5-nji mart aralygynda neşe hem gyjyndyryjy maddalaryň söwdasyny edýänlere garşy Sanjaktepe, Awçylar, Kagithane, Bahçeliewler we Zeýtinburun
etraplarynda bellenilen adreslerde operasiýa guradylar.

Bu operasiýalaryň netijesinde 56 kilogram 975 gram geroin, 17 kilogram 745 gram marihuana, 3 kilogram 650 gram afýon sakgyjy, 230 gram kokain, 680 gram neşeli derman, 128 gram metamfetamin, 84 sany kenep köki, 220 gram kenep ösümligi, 1 sany uzyn stwolly ýarag, 1 sany ok bukjasy, 1 sany neşe ölçeýji terezi, 1 sany neşe üweýiji gural , 3 sany sapança we 108 sany ok ele salyndy.

Operasiýanyň geçirilen ýerlerinde şübhe astyna alnan 9 adam tutuldy. Olaryň 3-si Türkmenistanyň raýaty.

Polisiýa bölüminde geçirilen işlerden soňra kazyýetiň garamagyna geçirilen dokuz şübheli tussag astyna alyndydiýip, türk mediasy habar berdi.

Geçen ýylyň sentiýabrynda türk media serişdeleriniň beren maglumatlaryna görä, Stambulda neşe maddalary bilen ilteşikli operasiýada üç adam, şol sanda Türkmenistanyň iki raýaty tussag edilipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG