Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede Türkmenistanyň raýaty bahasy $680 müňe barabar awtoulagy ogurlamakda tussag edildi


Stambul şäheri. Illýustrasiýa suraty.
Stambul şäheri. Illýustrasiýa suraty.

Täze ýyl baýramçylygynyň bellenýän gijesi Türkiýede Türkmenistanyň bir raýaty bahasy 5 million türk lirasyna, ýagny ortaça 680 müň amerikan dollaryna barabar awtoulagy ogurlady. Aýal-gyzlaryň eşigini geýen türkmen raýaty wakadan gysga wagt soň tussag edildi. Bu barada Türkiýäniň media serişdeleri habar berýärler.

"Hürriýet" neşiriniň 1-nji ýanwarda çap eden maglumatyna görä, waka 31-nji dekabrdan 1-nji ýanwara geçilen gije sagat 1 töwereginde Stambul şäheriniň Saryýer etrabynyň Maslak sebitinde boldy.

"Täze ýyl gijesi aýal eşigini geýen daşary ýurtly ogry kiçijik boşlukdan Maslakdaky awtoulag duralgasyna girip, bahasy 5 million türk lirasyna barabar bolan Mercedes markaly kaşaň jipi ogurlady. Awtoulag duralgasyndaky jaýdan açarlary alan ogry ilki arzan bahaly ýeňil awtoulag bilen duralganyň ýapyk böwedini döwdi. Soňra-da ol kaşaň jipi alyp gaçdy" diýlip, türk neşiriniň habarynda aýdylýar.

Wakanyň bolan pursatlary awtoulag duralgasyndaky wideo kameralar arkaly ýazgy edildi. Maglumata görä, bu barada habarly edilen Saryýer etrap polisiýa müdirligine degişli toparlar ulagy alyp gaçan adamy tussag etmek üçin gözleg işlerini başladýarlar.

"Ulagyň belgisini kesgitlän Saryýer polisiýasy onuň Maslak Aýazağa köçesinde hereket edýändigini anyklady. Köçäniň ugrunda jipi saklan polisiýa toparlary zenan eşiginde ulagda oturan Türkmenistanyň raýaty Süleýman T-ny tussag etdiler" diýlip, "Hürriýet" neşiriniň habarynda aýdylýar.

Şeýle-de, habarda 24 ýaşly Süleýmanyň polisiýa bölüminde soraga çekilenden soň, kazyýete iberilendigi hem bellenilýär.

"Kazyýetde geçirilen sud diňlenişiginde türkmen raýaty "iş ýerinden ogurlyk etmekde" we "awtoulag ogurlygynda" aýyplanyp tussag edildi we türmä iberildi. Özüniň eden işine ökünýändigini aýdan Süleýman "tanalmazlyk üçin aýal köýnegini geýdim" hem diýdi" diýlip, habarda aýdylýar.

Şol bir wagtda, türk media serişdeleriniň habarynda türkmenistanly Süleýmana näçe ýyl kesilendigi, şeýle-de onuň gürrüňi edilýän awtoduralgada işländigi ýa-da işlemändigi aýdyňlaşdyrylmaýar. Bu barada Azatlyk Radiosy Saryýer etrap polisiýasyndan we kazyýetinden hem goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Türkmenistanda dört ýyla golay wagt bäri ykdysady kynçylyklar dowam edýän mahaly, Azatlygyň ýerli habarçylarynyň aýtmagyna görä, soňky ýyllarda eklenç gözleginde daşary ýurtlara gidýän raýatlaryň sany görnetin artdy. Türkiýe türkmen migrantlarynyň iň köp ýykgyn edýän ýurtlarynyň başyny çekýär.

Türk Migrasiýa gullugynyň soňky sanlaryna görä, 2020-nji ýylda Türkiýede ýaşaýyş rugsadyny alan daşary ýurt raýatlarynyň sany boýunça türkmenler yraklylardan we siriýalylardan soň üçünji orny eýeleýär. Maglumata görä, ýylyň dowamynda 87 müň 200-e golaý türkmenistanly Türkiýeden ýaşaýyş rugsadyny alypdyr.

Munuň bilen bir wagtda, daşary ýurtlara zähmet migrasiýasyna gidýän türkmenistanlylar we olaryň duçar bolýan kynçylyklary, şeýle-de eklenç üçin bikanun işlere ýüz urýan türkmen raýatlary barada häli-şindi habarlar peýda bolýar.

25-nji dekabrda "Hürriýet" neşiri Türkiýäniň Wan şäherindäki Ferit Melen aeroportunda Türkmenistanyň bir raýatynyň neşe maddalary bilen tussag edilendigini habar berdi. Maglumatda türkmen raýaty G.T.-nyň goş-golamlarynyň arasynda 2 kilogram 92 gram metanfetaminiň ele salnandygy aýdyldy.

Türkmen hökümeti ýurdy terk eden raýatlarynyň sany barada statistiki maglumatlary köpçülige äşgär etmeýär. Şeýle-de olar hakda daşary ýurt media serişdelerinde çykýan habarlar barada hem mesele gozgalmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG