Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabatda it-pişikler “zäherlenýär”


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabatda jemagat gullugynyň işgärleriniň eýeli we eýesiz it-pişikleri zäherlemek hem-de olary ýitirim etmek işlerini alyp barýandygyny habar berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, şu günler ir säherler şäheriň zir-zibil zyňylýan ýerlerinde pişikleriň jesetlerini görmek mümkin. Ýerli ýaşaýjylar olaryň jemagat gullugynyň işgärleri tarapyndan zäherlenip öldürilýändiklerini gürrüň berýärler.

Habarçy Aşgabadyň Nurmuhammet Andalyp köçesiniň protokol köçeleriniň birine öwrülmeginden soňra, köçäniň ugrundaky ykmanda pişikleriň doly diýen ýaly ýitirim bolandygyny habar berýär.

Ýerli ýaşaýjylar Andalyp köçesiniň “mirasdüşer üçin” (türkmenleriň arasynda prezident Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedowa mirasdüşer hökmünde garalýar ) protokol köçä öwrülendigini, şondan soň onuň ugrunda öňler göze ilýän ykmanda pişikleriň "köçä ylgamak ähtimallygynyň öňüni almak üçin", ýitirim edilendigini aýdýarlar. Nurmuhammet Andalyp köçesi Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoluna parallel ýerleşýär we Magtymguly şaýoly bilen kesişýär.

“Indi, galanja [it-pişikleri] hem ýok edýärler” diýip, bir paýtagtly Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi. Ol jemagat hojalygynyň işgärleriniň eýeli we eýesiz it-pişikleri ýok etmek işleriniň diňe bir şäheriň merkezinde ýa-da “Gaudan” atlandyrylýan etrapçada däl, eýsem, şäheriň beýleki künjeklerinde-de alnyp barylýandygyny aýdýar.

“Meselem, “Sumbar” dükanynyň gabatlarynda öý pişikleri howlularyň töwereginde arkaýyn gezim ederdi” diýip, şäher ýaşaýjysy gürrüň berýär, ýöne olar üçin geçen hepde ýagdaýlaryň üýtgändigini aýdýar. “Bir zenan öz pişigini tapanda, pişigiň agzyndan köpük gelen ekeni” diýip, ol sözüne goşýar.

Habarçynyň sözlerine görä, jemagat hojalygynyň işgärleri we uniformasyz adamlar etraplara aýlanyp, itleri we pişikleri gözleýär, “zäherli iýmit taşlamak üçin”, olar haýsy hojalyklaryň it-pişik saklaýandygyny çagalardan soraýar. Hatda aýdylyşyna görä, olar uly ýaşly ýetginjeklere ujypsyz töleg hödürläp, olardan zäherli iýmiti pişiklere bermegi soraýar.

“Itleriň gezmeleýän ýerlerine we birinji gatda it-pişik saklaýan öýleriň işiklerine möhleti geçen kolbasalary we balyk kellelerini taşlaýarlar” diýip, şäher ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, ozallar ýiten öý haýwanlaryny angardan tapmaga we olary yzyna satyn almaga mümkinçilik bolan bolsa, häzir öý haýwanlary dereksiz ýitýär. “Angara hiç kim goýberilmeýär” diýip, habarçynyň söhbetdeşi aýdýar. Mundan ozal, Azatlyk Radiosy Çoganlydaky it penahanasynda öýsüz itleriň ýok edilişi barada habar beripdi.

Habarçy jemagat gullugynyň işgärleriniň ykmanda it-pişiklere garşy göreşde ulanýan ulaglarynyň ilat arasynda “et üweýiji” atlandyrylýandygyny aýdýar.

“Tutulan we ogurlanan itleriň nirede saklanýandygy häzirlikçe mälim däl” diýip, bir it eýesi gürrüň berýär.

Onuň sözlerine görä, öňler it-pişik “awlaýan” jemagat gullugynyň işgärleriniň özleri haýwan hukuklaryny goraýjylara jaň edip, tutulan haýwanlara baha kesip, olaryň käbirini yzyna gaýtaran bolsa, häzir “uçdan tutma arassaçylyk barada ýokardan görkezme berlipdir” diýip, bir haýwan hukuklaryny goraýjy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Bu aralykda, onuň sözlerine görä, adamlaryň durmuş şertleriniň ýaramazlaşmagy bilen, öýünde alabaý saklaýan hojalyklaryň arasynda itlerini taşlaýan adamlar bar.

Türkmen mediasy döwlet baştutanyny we onuň käbir maşgala agzalaryny öý haýwanlarynyň howandary hökmünde görkezýär. Prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedow has ozal Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň başlyklygyna bellenipdi.

"Türkmen alabaýy": altyn heýkel we itleriň ýok edilmegi
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:18 0:00

Türkmen paýtagtynda 6 metrlik alabaý heýkeli oturdyldy.

Galyberse-de, türkmen häkimiýetleri baýramçylyk gabatlary ýa-da möhüm çäreleriň öňýany Aşgabatda ykmanda it-pişiklere garşy göreşi güýçlendirýär.

Bu ýyl aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurtda ilkinji gezek It baýramy bellener. Bu baýramçylyga gabatlap, türkmen häkimiýetleri alabaý itleriniň arasynda gözellik bäsleşigini geçirmäge taýýarlyk görýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG