Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen alabaýyna heýkel açylan güni ýurtda itler öldürildi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda "Türkmen alabaýy" itiniň ýadygärliginiň açylyş dabarasy. Aşgabat, noýabr, 2020
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda "Türkmen alabaýy" itiniň ýadygärliginiň açylyş dabarasy. Aşgabat, noýabr, 2020

Türkmenistanda itleriň köpçülikleýin ýok edilýän wagtynda paýtagtda alabaý itine ýadygärlik açyldy. 10-njy noýabrdaky çäre prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda geçirildi. Mundan başga-da, ýadygärligiň dabaraly açylyşy resmi ýygnanyşyklaryň gadagan edilmeginiň we ilatyň hereketine berk çäklendirmeleriň, şeýle hem ýurtda keseliň ýaýramagynyň fonunda geçirildi.

Döwlet metbugatynyň habaryna görä, alabaý ýadygärligi Aşgabadyň ösüşine degişli gurluşyk proýektiniň 16-njy tapgyra degişli uly jemgyýetçilik we medeni desgalaryň bir bölegi hökmünde gurlupdyr.

"Türkmen alabaýy" itiniň ýadygärliginiň açylyş dabarasy. Aşgabat, noýabr, 2020
"Türkmen alabaýy" itiniň ýadygärliginiň açylyş dabarasy. Aşgabat, noýabr, 2020

"Türkmen alabaýy" heýkeli prezidentiň kararyna laýyklykda şäheriň günbatar böleginde täze gurlan beýik gatly ýaşaýyş jaýlaryň we "Gül zemin" söwda hem dynç alyş merkeziniň ýerleşýän ýerindäki aýlawyň ortasynda dikildi.

Agyr ykdysady krizisi başdan geçirýän ýurtda täze gurlan bu binalaryň bahasy köpçülige mälim edilmedi.

Koronawirus pandemiýasynyň arasynda Aşgabatda geçirilen we döwlet telewideniýesinde görkezilen dabarada köp sanly gatnaşyjyny, şol sanda çagalary görmek mümkin.

"Türkmen alabaýy" itiniň ýadygärliginiň açylyş dabarasy. Aşgabat, noýabr, 2020
"Türkmen alabaýy" itiniň ýadygärliginiň açylyş dabarasy. Aşgabat, noýabr, 2020

Prezidentiň paýtagtda alabaý itiniň ýadygärligini oturtmak baradaky buýrugy ilkinji gezek 2019-njy ýylyň 6-njy noýabrynda yglan edildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow özüni alabaý itleriniň muşdagy hökmünde görkezýär, olary milli baýlyk diýip atlandyrýar we kitap bagyşlaýar. Geçen ýylyň 13-nji sentýabrynda türkmen prezidenti alabaýa bagyşlanan goşgusyny hökümet agzalaryna okap berdi.

"Связь времен – туркменский алабай": Бердымухамедов воспел в стихах местных собак
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:12 0:00

Aşgabatda itiň heýkeliniň açylmagy ýurtda öý haýwanlarynyň ýok edilmeginiň ýene-de güýçlenen pursadyna gabat geldi. Birnäçe hepdäniň dowamynda Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary we haýwanlary goraýjylar ýurt boýunça itleri we pişikleri wagşylarça öldürmek bilen baglanyşykly köp sanly wakany habar berdiler.

Aşgabatda jemagat gulluklarynyň işgärleri haýwanlary ýok etmek üçin zäherli iýmitleri ýerleşdirýär, welaýatlarda itler geçip barýan adamlaryň gözüniň öňünde tüpeň bilen atylýar ýa-da demir bilen urlup öldürilýär.

Azatlyga mälim bolşuna görä, 10-njy noýabrda, paýtagtda "Türkmen alabaýy" heýkeliniň açylan güni welaýat şäherleriň biriniň köçelerinde itler rehimsizlik bilen öldürildi. Wakalara şaýat bolan çeşmelerimiziň habaryna görä, bu Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäherinde bolupdyr.

"Şu gün mekdep ýerleşýän köçede birnäçe mekdep okuwçysynyň ýanynda birnäçe it öldürildi" - diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran çeşmelerimiziň biri gürrüň berdi. Şaýatlaryň sözlerine görä, itler eli armaturaly adamlar tarapyndan öldürilipdir. Käbir ýaşaýjylaryň nägileligine we haýwanlary öldürmezlik haýyşyna garamazdan, "gyrgynçylyk hemmeleriň gözüniň öňünde" bolup geçipdir.

Azatlyga çeşmelerden gelen wideoýazgyda, sport eşikli eli demir taýakly erkek adamlaryň köçelerde geçip barýan adamlara hem çagalara garamazdan, adama öwrenişen ynanjaň itleri kowalap, taýaklaýandygyny görüp bolýar. Azatlyk çeşmeleriniň gizlinligini we howpsuzlygyny berjaý etmek maksady bilen wideo ýazgyny çap etmekden saklanýar.

Çeşmäniň habaryna görä, şaýatlar polisiýa ýüz tutupdyr, ýöne olara Sanitariýa epidemiologiýa stansiýasyna jaň etmek maslahat berlipdir. Ol ýerde bolsa, özleriniň muňa jogapkär däldigi aýdylypdyr.

Azatlyk Radiosy Türkmenabat şäheriniň administrasiýasyndan düşündiriş alyp bilmedi.

Türkmenistanyň paýtagtynda itleri we pişikleri tutmak we ýok etmek işlerini häkimlige degişli jemagat gulluklary we öý dolandyryş administrasiýalarynyň işgärleri amala aşyrýarlar.

Şu ýylyň iýul aýynda Aşgabadyň häkimiýetleri paýtagtyň ýaşaýjylaryndan öý haýwanlaryndan özbaşdak dynmagy talap edipdi.

Ýurduň häkimiýetleri köçelerde haýwanlaryň ýok edilmek meselesini görmezlige salýarlar.

Garaşsyz habar beriş serişdeleriniň we haýwanlary goraýjylaryň köp sanly habarlaryndan soň, 2019-njy ýylyň fewral aýynda türkmen prezidenti ýurduň ilkinji weterinariýa klinikasyny we öýsüz haýwanlar üçin penahana döretmek planlaryny yglan edipdi. Şonda gurluşygyň döwlet pulunyň hasabyna amala aşyryljakdygy mälim edildi, ýöne tiz wagtdan ilatdan we telekeçilerden pul ýygnalýandygy yglan edildi.

Gysga wagtdan soň prezidentiň ýurtda alabaýlary köpeltmek üçin merkezleri döretmek karary yglan edildi. Olaryň gurluşygy üçin ýene-de ilatdan pul ýygnaýarlar. Alabaý merkezlerini gurmak inisiatiwasy prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa degişli bolsa, onuň öz karary bilen şu ýylyň maý aýynda döredilen "Türkmen alabaý itleri" birleşigine prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedow başlyk bellendi.

Türkmenistanyň döwlet we ýarym resmi habar beriş serişdeleri wagtal-wagtal döwlet baştutanynyň haýwanlara üns berýändigi baradaky habarlary çap edýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG