Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Manat çekmek kynlaşýar, howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna 'degişli tabşyryk' berildi


Mary. Manat nagtlaşdyrmak 'mesele' boldy.
Mary. Manat nagtlaşdyrmak 'mesele' boldy.

"Puly çekip berjek adama bank kartyňy berip, kodyny aýtsaň, ol 50 manada gerek puluňy nagtlaşdyryp berýär" diýip, Azatlygyň habarçysy bilen adynyň aýdylmazlygy şertinde gürleşen ýaşaýjy aýtdy. Habarçy oba ýerleriniň ýaşaýjylarynyň pul nagtlaşdyrmak meselesiniň has kyndygyny habar berýär.

Türkmenistanlylaryň ykdysady çökgünligiň fonunda ýitileşen, ýöne hökümet tarapyndan açyk boýun alynmaýan maliýe, manat kynçylyklary dowam edýär. Hususan-da ýurduň iň gür ilatly sebiti bolan Maryda adamlar aýlyk haklaryny nagtlaşdyrmakda yzygiderli kynçylyk çekýär diýip, ýerli habarçymyz habar berýär.

Şu aralykda ýurduň prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna manat-walýuta meseleleri boýunça 'degişli tabşyryklary' berdi.

Şäher ýerlerinde adamlar ozal bankomat nobatlaryna durup, aýda iki gezek pul çekip bilen bolsalar, indi olaryň nobatlary aýda bir gezek ýetýär. Eger-de öz aýlygyňdan 800 manat çekip bilseň, begenmeli boldy, kähalatlarda zordan 400 manat çekýärsiň diýip, pul nagtlaşdyrmakda kösenýän maryly ýaşaýjy aýtdy.

Şäher ýaşaýjysynyň bank işgärine salgylanyp aýtmagyna görä, aýlyk hakyny nagtlaşdyrmak üçin bir aýda ikinji sapar nobata durmaga baran adamlara indiki aý üçin nobat talony berilýär.

"Bank işgärine heniz geçen aýyň aýlygyny hem doly nagtlaşdyryp bilmändigimi aýtdym. Emma ol maňa bank kartlaryny ulanyp, söwdany nagt däl görnüşde etmegi öwretdi" diýip, alan aýlyklary maşgalasyny eklemäge ýetmän, her aýlykdan öň esli bergi edýändigini aýdan ýaşaýjy zeýrendi.

Aýlygyny çekip bilmänine jany ýanyp duran ýaşaýjy "bergilerimi kartdan alanoklar" diýse, bank işgäri oňa "agam, ol siziň problemaňyz, bergi etmänem ýaşap bolýar" diýip, gödek jogap beripdir.

Habarçy bu hili "hadysalara" bank işiginde günde diýen ýaly gabat gelip bolýandygyny aýdýar. Ikinji tarapdan, bu ýagdaý bank işgärleriniň käbiri üçin goşmaça gazanç çeşmesi bolup hyzmat edýär.

"Eger-de bankda işleýän tanşyň bolsa, 50 manat para berseň, 800 manady kynçylyksyz nagtlaşdyryp bolýar" diýip, habarçy bank işgärleriniň şeýle kömeklerinden peýdalanan ýaşaýjylara salgylanyp aýtdy.

Bank işgärleriniň bikanun hyzmatlaryndan peýdalanan ýaşaýjylaryň tassyklamagyna görä, bermeli parany berseň, kartyň eýesi we onuň ýaşaýan ýeri, pasport talaplary hem aradan aýrylýar.

"Puly çekip berjek adama bank kartyňy berip, kodyny aýtsaň bolany, ol 50 manada bir sagadyň dowamynda gerek puluňy nagtlaşdyryp berýär" diýip, Azatlygyň habarçysy bilen adynyň aýdylmazlygy şertinde gürleşen ýaşaýjy aýtdy.

Habarçy oba ýerleriniň ýaşaýjylarynyň pul nagtlaşdyrmak meselesiniň has kyndygyny habar berýär.

"Obalardan gelip, gijesi bilen nobata duran adamlaryň hepdede 20-30 sanysy, bankomata pul salynsa, aýlygyny nagtlaşdyryp bilýär. Köp adamyň aýlygy gün-güzeran aýlamaga ýetmeýär, oba ýerlerinde diňe bergi edip ýaşaýarlar" diýip, ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi.

Şu aralykda, TDH-nyň maglumatyna görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow maliýe-ykdysady toplumyň işinden nägiledigini bildirdi.

Hökümet baştutany 11-nji martda Merkezi bankyň başlygynyň hasabatyny diňläp, jemi içerki önümiň ösüşiniň, döwletiň maliýe ýagdaýynyň özüni kanagatlandyryp bilmejegini boýun aldy.

Hökümet mejlisinde anyklaşdyrmazdan aýdylmagyna görä, milli puluň hümmetini ýokarlandyrmak, müşderiler manat serişdelerini resmi hümmeti boýunça daşary ýurt puluna çalşanda kadalaşdyryjy namalary berjaý etmek möhüm bolup, bu barada wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Çarymyrat Amanowa degişli tabşyryklar berildi.

Türkmenistanda ilatyň her ýylda 10 göterim köpeldilýän aýlyk haklarynyň ýylda, dollaryň gara bazar bahasynyň we bazardaky nyrhlaryň yzygiderli gymmatlamagy netijesinde düýpli hümmetsizlenmegi onlarça ýyl bäri dowam edýär.

Şol bir wagtda, ýurtdaky ykdysady çökgünligiň we pandemiýa aladalarynyň fonunda barha ösýändigi aýdylýan işsizligiň daşary ýurtlara giden ýüz müňlerçe zähmet migrantynyň göreldesine eýerjekleriň, ýollaryň açylmagyna garaşýanlaryň has köpelmegine alyp gelendigi habar berilýär.

Bu ýagdaýlara döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň nähili çäre tapjakdygy aýdylmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG