Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çilim monopoliýasyny görenler aragyň 'gara bazarynyň' döredilmeginden gorkýar


Türkmen içgileri

Azatlygyň habarçysy dükançylar bilen häkimiýet wekilleriniň arasynda gowy "ýola goýlan biznesiň" köplenç saz işleýändigini, ýöne soňky jerimeleriň dynç günleri alkogolly içgileri satmazlyk barada girizilen täze düzgün bilen baglydygyny aýtdy.

Türkmenistanda dynç günleri arak-şerap söwdasyna girizilen çäklendirmelerden çilim monopoliýasyna getiren oýunlaryň ysynyň gelýändigi habar berilýär.

Geçen hepdäniň altynjy we bazar günleri Farapda alkogolly içgi satanlaryň we satyn alanlaryň bir toparyna adminstratiw çäre görüldi, adamlar bikanun hasaplanan söwda sebäpli zyýan çekdi diýip, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy aýtdy.

Türkmenistanda alkogolly içgiler we temmäki önümleri kanun boýunça döwlet tarapyndan kesgitlenen, ýörite ygtyýarnama berlen dükanlarda satylýar. Emma bu esasan diňe kagyz ýüzünde bolup, häkimiýetler bilen özara dil tapyşan dükan eýeleri arak-şerap aljagy-da, çilim aljagy-da, el astynda harytlary bolsa, kanun sebäpli boş goýbermeýär diýip, synçylar aýdýar.

Bu söwda garaşsyzlygyň başky ýyllaryndan bäri, Myrat Nyýazow, Myrat Agaýew, Akmyrat Rejebow... ýaly hökümete ýakyn adamlaryň "biznesi" bolup, käbir adamlaryň jeneýat maddasy bolan hem bolsa, adataça, aýdyňlyk talaplaryndan ýokarda galýar.

Azatlygyň habarçysy dükançylar bilen häkimiýet wekilleriniň arasynda gowy "ýola goýlan biznesiň" köplenç saz işleýändigini, ýöne soňky jerimeleriň dynç günleri alkogolly içgileri satmazlyk barada girizilen täze düzgün bilen baglydygyny aýtdy.

Bu düzgün çilimkeşleriň ýagdaýyny bilýän adamlarda goşmaça alada döredýär diýip, habarçy belledi.

Dynç günleri geçirilen reýdleriň faraply dükan eýeleriniň we olaryň müşderileriniň bir toparyna "düýpli" zyýan ýetirendigini tassyklap biljek diýip, habarçy piwo ýa-da arak almaga gelen 50 töweregi ýaşaýja "binýatlyk derejesinde" jerime salnandygyny hem sözüne goşdy.

Onuň sözlerine görä, Farapdaky "Derýa" we "Jeýhun" dükanlary, dynç günleri arak-şerap satandygy üçin diýlip, wagtlaýyn ýapyldy.

Bu çäreler ýurtda ol ýa-da beýleki düzgün bozmalar esasynda ýygjamlaşdyrylýan jerime habarlarynyň üstüni ýetirýär.

Şol bir wagtda habarçy dynç günleri alkogolly içgileri satmazlyk baradaky kararyň Lebapda täsirli adamlara degişli hasaplanýan dükanlaryň işine päsgelçilik döretmeýändigini aýdýar.

Kanuna boýun egýän, özüne bek adamlar dynç günlerinde içjek arak-şeraplaryny iş günlerinde, öňünden satyn alýarlar, emma hemme kişi muny başarmaýar diýip, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjy aýtdy.

Onuň pikiriçe, dynç günlerinde alkogolly içgileriň söwdasyny gadagan etmek kararyndan hem çilim monopolisýasy döredilende oýnalan oýunlaryň "ysy" gelýär.

"Köp adam muny ýokardaky, arkadaga ýakyn adamlaryň çilim monopolisýasynda oýnan oýnuna meňzeş oýun hasaplaýar. Başda çilim çäklendirmeleri hem adamlaryň saglygyny goramak, ýaramaz endiklere garşy durmak maksady bilen düşündirildi. Emma indi, öňkülerinden kän esse gymmat diýmeseň, çilimiň gytçylygy ýok" diýip, ýerli ýaşaýjy häzir bir guty çilimiň 400 manatdan 2 müň manada çenli aralykda satylýandygyny hem sözüne goşdy.

"Indi, görnüşinden, alkogolly içgileri gysyp, arak-şerabyň hem gara bazaryny döretjek bolýarlar. Eger bu başa barsa, arak-şerabyň hem iki bahasy bolar we adamlary talamak üçin has kän mümkinçilik açylar" diýip, bu pikiri Azatlyk bilen gürleşen ikinji raýat hem tassyklady.

Atlarynyň aýdylmazlygy şertinde aýry-aýrylykda gürleşen birnäçe adamyň pikirine görä, Türkmenistandaky iki ýa-da dürli bahalar, mysal üçin unuň we dollaryň iki bahasynyň bolmagy, çilimiň dürli bahada satylmagy ýokardaky adamlaryň ol zatlary döwlet bahasyndan alyp, 10 esse gymmat bahadan satmaklaryna şert döredýär.

"Olardan hasap soraýan ýok, edenlerini edýärler" diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

55 ýaşly aşgabatly dükançynyň pikiriçe, arak-şerap söwdasy ýurtda iň girdejili söwdalaryň biri bolup, eger bu söwdada hem "gara bazar" dörese, käbir adamlaryň jübüsi "gaty galňap" biler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG