Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistan studentlere pul geçirmelerini 'doly ýatyrmagy' meýilleşdirýär


Perzentlerine pul ugratjak bolýan ene-atalar türkmen banklarynda ‘dowamly täzelenýän býurokratik çäklendirmeler’ bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň manadyň resmi kursy boýunça konwertasiýa amallaryna gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyranyndan soňra, türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlarda bilim alýan türkmenistanly studentlere pul ugratmakdaky onsuz hem çäkli mümkinçilikleri indi dolulygyna togtatmagy meýilleşdirýärler.

“Häzir Merkezi Bankda ýurduň daşynda bilim alýan studentlere konwertasiýa arkaly pul ugratmak mümkinçiliklerini doly bes etmek barada çynlakaý gürrüň edilýär. Häzirlikçe anyk karara gelinmedi, ýöne uly ähtimallyk bilen munuň geljek aýdan başlap güýje girmegi mümkin” diýip, Merkezi Bankyň jogapkär işgärleriniň biri anonimlik şertinde 18-nji martda Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Bellemeli ýeri, bu maglumat mundan bir hepde ozal prezident Berdimuhamedowyň ykdysady meseleler boýunça geçiren iş maslahatynyň dowamynda “manat serişdeleriniň resmi hümmeti boýunça daşary ýurt puluna çalşanda kadalaşdyryjy namalaryň berjaý edilişine gözegçiligiň ýola goýulmagyny” tabşyrmagynyň yzýanyna gabat geldi.

11-nji martda geçirilen maslahatda bu barada Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Çary Amanowa degişli görkezme berilmeginden daşgary, göz öňünde tutulýan çäreler barada aýdyňlaşdyryjy hiç hili maglumat berilmedi.

Azatlyk Radiosynyň dowamly synanyşyklaryna garamazdan, gürrüňi edilýän nobatdaky çäklendiriji düzgünler barada Türkmenistanyň Merkezi Bankyndan we beýleki degişli banklaryndan hem hiç hili kommentariýa almak başartmady.

Türkmenistandaky Western Union pul geçirmelerini amala aşyrýan ýerli nokatlar bilen habarlaşylanda, olar soňky göz öňünde tutulýan özgertmeler barada habarsyzdyklaryny, islendik täze düzgün barada özlerine post-factum, ýagny degişli karar kabul edilenden soňra mälim edilýändigini bellediler.

Şol bir wagtda, şu hepdäniň başynda daşary ýurtdaky student-gyzyna pul ugratmak üçin Aşgabatdaky “Halkbankyna” baran ene-atalaryň biriniň Azatlyga beren maglumatyna görä, bank resmisi özara gürrüňdeşlikde şu aý konwertasiýa arkaly pul geçiriminiň soňky gezek amal edilýän bolmagynyň mümkindigini duýdurypdyr.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda walýutanyň ýurduň daşyna, hususanda studentlere iberilmegine tapgyrlaýyn çäklendirme girizildi. Soňky gezek, ýanwaryň aýagynda Western Union tiz geçirim hyzmaty arkaly iberilýän serişdäniň möçberi 200 dollardan 50 dollara düşürildi.

Daşary ýurt ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmenistanlylar köplenç özlerine Türkmenistandaky hossarlarynyň ugradýan maliýe serişdelerine garaşly galýan mahaly, daşary ýurt geçirimleriniň çäklendirilmegi olara goşmaça agram saldy.

Mundan başga-da, perzentlerine pul ugratjak bolýan ene-atalaryň türkmen banklarynda ‘dowamly täzelenýän býurokratik çäklendirmeler’ bilen hem ýüzbe-ýüz bolýandyklary nygtalýar.

Galyberse-de, türkmen häkimiýetleriniň pul geçirmeleri bilen bagly girizýän dowamly çäklendirmeleri ýurduň daşyndaky türkmenleriň, şol sanda studentleriň hem muňa nägilelik bildirip, protest çärelerini geçirmegine sebäp boldy. Mundan başga, Türkmenistanyň öz içinde-de ene-atalar çagalaryna pul ugratmakda bar bolan kynçylyklara şikaýat bildirip, häkimiýetlere nägileliklerini açyk bildirip başladylar.

Türkmenistanyň Merkezi banky dollaryň resmi alyş-çalyş bahasyny 2015-nji ýylyň ýanwaryndan bäri 3,5 manatlygynda saklaýar. Ýurtda emele gelen walýutanyň gara bazarynda onuň bahasy resmi kursdan 8-9 esse töweregi ýokarydyr.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG