Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mary: Daşary ýurtlarda bilim alýan studentleriň ene-atalary geçirimler bilen bagly arz-şikaýat bilen häkimlige bardy


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

12-nji martda Mary welaýatynda 50-den gowrak ene-ata daşary ýurtlarda bilim alýan türkmenistanly studentlere pul ugratmakda bar bolan kynçylyklara şikaýat bildirip, welaýat häkimligine bardy. Olar öz Visa bank kartlaryna pul geçirip bilmeýändiklerini, şeýlelikde studentlere pul ugradyp bilmeýändiklerini aýtdylar.

Ykdysady krizisiň fonunda Türkmenistan daşary ýurtlara maliýe geçirmeleri tapgyrlaýyn çäklendirdi. Daşary ýurt ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmenistanlylar köplenç özlerine Türkmenistandaky hossarlarynyň ugradýan maliýe serişdelerine garaşly galýan mahaly, daşary ýurt geçirimleriniň çäklendirilmegi olara agram salýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysyna görä, welaýat häkimligine baran onlarça talyp hossary şu ýylyň dowamynda özleriniň halkara Visa bank kartlaryna pul geçirip bilmeýändiklerini aýdýarlar. Olaryň arasynda hatda geçen ýyldan bäri bank kartyna pul salyp bilmedik ene-atalar bar.

Türkmenistanda halkara pul geçirmeleri çäklendirilýärkä, Türkmenistan tarapyndan diplomy ykrar edilýän daşary ýurt uniwersitetlerinde bilim alýan türkmenistanlylara ýurtdan her aý çäkli möçberde pul ugratmak mümkinçiligi döredilipdi.

Ýöne anna güni welaýat häkimligine arz-şikaýat bilen baran ene-atalaryň biri geçen ýylyň noýabr aýyndan bäri özüniň Visa bank kartyna “hatda bir dollar hem salyp bilmeýändigini” we student ogluna pul ugradyp bilmeýändigini, şol sebäpden ony gaýgy edýändigini Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ol oglunyň okuwyna zerur bolan çykdajylar üçin ilkibaşda özüniň awtoulagyny we mallaryny satandygyny gürrüň berdi.

“Oglumyz ýokary bilim alyp ýurda gelse, jigilerine goldaw bolar diýip umyt etdik. Biz indi çagalarymyza hiç hili pul iberip bilemizok” diýip, bir ene-ata gürrüň berdi.

Student hossarlarynyň sözlerine görä, daşary ýurtlardaky türkmen studentleriniň arasynda açlyk çekýän, köp mukdarda karz pul alan oglan-gyzlar hem bar.

Häkimlige ýüz tutan talyp hossarlary resmileriň öz arz-şikaýatlaryny diňlemändiklerini aýdýarlar.

“Welaýat häkimligi bize hiç hili jogap bermedi. Biz jemlenişip, indiki hepde ýene gelip görmekçi” diýip, bir ene-ata aýtdy.

Türkmenistanyň pul geçirim çäklendirmeleri özge ýurtlardaky türkmenistanly studentleriň arasynda garşylyk döredýär.

Ýatlasak, 18-nji fewralda Russiýa Federasiýasynyň Galmygystan respublikasynyň döwlet uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Mälik Allamyradow respublikanyň paýtagty Elistan şäheriniň merkezinde ýeke adamlyk piket geçirdi.

Ol Türkmenistanyň häkimiýetleriniň daşary ýurtlardaky türkmen studentlerine pul ugratmak babatynda girizen çäklendirmelerine garşy proteste çykandygyny aýtdy. Ol protest aksiýasy bilen baglylykda rus polisiýasy tarapyndan saklandy we deportasiýa howpy bilen ýüzbe-ýüz galdy. Ynsan hukuklaryny goraýjylar soňy bilen Allamyradowyň aklanandygyny habar berdiler.

Mundan ozal, Azatlyk Radiosy Türkmenistanda Western Union geçirimleriniň aýda 50 dollara çenli azaldylandygyny habar berdi.

Bilermenlere görä, Türkmenistan soňky ýyllarda garaşsyzlyk ýyllarynyň iň agyr ykdysady krizisleriniň birini başdan geçirýär. Walýuta kynçylyklarynyň fonunda türkmen banklary daşary ýurtlara iberilýän puluň möçberini tapgyrlaýyn çäklendirdi. Bu ýagdaý daşary ýurtlarda bilim alýan türkmenistanly studentleriň durmuşyna ýaramaz täsir ýetirdi.

Türkmenistanyň Merkezi banky 2015-nji ýyldan bäri ýurtda dollaryň resmi alyş-çalyş bahasyny 3,5 manatlygynda saklaýar. Ýöne ýurtda hereket edýän walýutanyň gara bazarynda dollar resmi bahadan 8 esse töweregi gymmatdyr.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG