Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Western Union arkaly kimler aýda $50 ugratmakda kösenýär, kimler ‘arkaýyn $200 ugradýar’


Western Union kwitansiýasy
Western Union kwitansiýasy

Türkmenistanda Western Union geçirmelerine girizilen çäklendirmeler saklanyp galýan mahaly, ene-atalar daşary ýurtlarda ýokary bilim alýan ogul-gyzlaryna serişde ugratmakda kösenýär. Bir hepde töweregi mundan ozal geçirim çägini aýlyk 50 dollara düşüren “Senagat” bankda ene-atalaryň pul ugratmaly wagty yza süýşürilýär. Bu aralykda käbir Ýewropa ýurtlarynda bilim alýan türkmenistanly ýaşlaryň arasynda özleriniň Türkmenistandan Western Union arkaly aýda 200 dollar kabul edendigini aýdýan studentler bar. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 1-nji fewralda habar berdi.

Aşgabatly birnäçe ene-ata bilen gürrüňdeş bolan habarçy Western Unionyň “Türkmen-Türk” bankynda ýerleşýän şahamçasynda daşary ýurtlarda okaýan türkmenistanlylar üçin aýda 50 dollar ugratmaga rugsat berilýändigini aýdýar.

Ýatlasak, bir hepde töweregi mundan ozal, Aşgabadyň “Senagat” täjirçilik banky aýlyk Western Union geçirmelerini 200 dollardan 50 dollara düşürdi.

Pul geçirimlerine girizilýän çäklendirmeler saklanyp galýan mahaly, ýaňy-ýakynda birnäçe ene-ata Merkezi bankyň binasyna baryp, ýagdaýa düşündiriş gözledi. Ýöne olar içeri kabul edilmedi we özüniň bank işgäridigini aýdan bir resmi ene-atalary gapyda garşylap, olara Türkmenistanyň walýuta kynçylyklaryny başdan geçirýändigini gürrüň berdi.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, “Senagat” banka 20-nji ýanwarda pul geçirmäge baran käbir ene atalara 28-nji ýanwarda täzeden gelip görmek tabşyryldy. Bank işgärleri “ondan ozal nobata ýazylanlaryň pullaryny heniz geçirip bilmeýändiklerini” aýdypdyrlar.

“Ýöne olary 28-nji ýanwarda-da kabul etmediler” diýip, bir ene-eta aýdýar.

Beýleki bir paýtagtlynyň sözlerine görä, “Senagat” bankda ýanwar üçin heniz 50 dollar ugradyp bilmedik ene-atalara fewral aýynda täzeden gelip görmek soralýar. Bu aralykda, “ýanwar üçin 50 dollar ugratmagy başaran ene-atalara bolsa, indiki gezek mart aýynda pul ugratmaga rugsat beriljekdigi aýdylýar” diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Geçirim çäklendirmeleri dowam edýän wagty, Ýewropa ýurtlarynda bilim alýan käbir türkmenistanlylaryň arasynda özleriniň Türkmenistandan Western Union arkaly aýda 200 dollar kabul edendigini aýdýan studentler bar.

Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan käbir aşgabatly ene-atalaryň sözlerine görä, ýurtdan Western Union arkaly aýda 50 dollar kabul etmekde kösenýän Ýewropadaky studentler öz türkmenistanly kursdaşlarynyň arasynda aýda 200 dollar kabul edip alýan raýatlaryň bardygyny aýdýarlar.

Beýleki tarapdan, habarçy bilen gürrüňdeş bolan ene-atalar türkmen banklaryny daşary ýurtlarda bilim alýan studentler üçin bölünip berlen walýutanyň daşary ýurtlara iberilmeginde “raýatlary ala tutmakda” aýyplaýarlar.

Azatlyk Radiosy bu maglumat boýunça Türkmenistanyň Merkezi bankyndan kommentariýa alyp bilmedi.

Soňky ýyllarda ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, Türkmenistan ýurduň daşyna iberilýän serişdelere yzygiderli çäklendirme girizdi. Dört ýyldan gowrak wagt bäri ýurtda walýutanyň gara bazary hereket edýär we onuň bahasy walýutanyň resmi alyş-çalyş nyrhyndan dokuz esse töweregi ýokarydyr. Türkmenistanyň Merkezi banky dollaryň resmi alyş-çalyş bahasyny 2015-nji ýyldan bäri 3,5 manatlygynda saklaýar.

Täze çäklendirmeler daşary ýurtlarda bilim alýan türkmenistanlylaryň durmuşyna ýaramaz täsir etdi. Bu aralykda, Türkmenistan 2019-njy ýylyň martynda ýurtda diplomy ykrar edilýän daşary ýurt uniwersitetleriniň sanyny çäklendirdi.

Türkmen banklary arkaly diňe diplomy ykrar edilýän daşary ýurt ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmenistanly studentlere dollaryň resmi alyş-çalyş bahasy boýunça serişde ugratmaga rugsat berýär.

Bu aralykda, soňky günlerde Türkmenistanyň milli pul birligi dollaryň garşysynda ep-esli ejizledi. Geçen hepde Azatlygyň habarçylary gara bazarda bir dollaryň 32 manat töwereklerinde bahalanýandygyny habar berdiler.

Walýuta kynçylyklarynyň arasynda türkmen hökümeti 29-njy ýanwarda Merkezi bankyň Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar baradaky komitetiniň adyny degişli düzümiň Gaznasy hökmünde üýtgetdi we bu düzümiň işini täzeden kesgitlemek kararyna geldi.

Bu kararyň jikme-jikligi we onuň ýurtda dowam edýän walýuta kynçylyklary bilen ilteşiklidigi ýa-da däldigi aýdylmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG