Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapdaky harasat: S.Berdimuhamedow welaýata geldi; adam ölümi tassyklandy


Serdar Berdimuhamedowyň saparynyň onlarça jaýa uly zyýan ýetiren güýçli şemal bilen gönümel baglanyşygyny anyklamak başartmady.

Lebap welaýatynda turan weýrançylykly şemaldan üç gün geçenden soňra, prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedow sebite bir günlük sapar bilen geldi. Bu aralykda, güýçli şemalda azyndan bir adamyň ölendigi tassyklandy. Sebitde internet wifi hyzmatlarynyň çäklendirilendigi sebäpli, anna güni ýüze çykan harasat bilen bagly maglumatlar gowuşmagyny dowam edýär.

22-nji martda prezidentiň ogly, täzelikde birden üç wezipä bellenen, wise-premýer, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzasy, ýurduň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow Lebabyň administratiw merkezi Türkmenabada sapar etdi.

Ýokary derejeli emeldaryň saparynyň geçen anna güni onlarça jaýa uly zyýan ýetiren güýçli şemal bilen gönümel baglanyşygyny anyklamak başartmady. Bu barada döwlet mediasynda hem habar berilmedi.

Ýöne Azatlygyň ýerli habarçylary Serdar Berdimuhamedow gelende, edil prezident-kakasynyň saparlarynda bolşy ýaly howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilendigini habar berdiler.

“[Prezidentiň] oglunyň gelen mahaly Türkmenabadyň aeroportundan uzaýan ‘Arkadag’ şaýoly doly petiklendi. Onuň şäheriň sapar eden ýerleriniň töweregindäki köçeler hem ýapyldy. Ýerli resmiler özlerini edil hamala prezidentiň özi gelendir ýaly alyp bardylar” diýip, ýerli ýaşaýjylaryň biri 22-nji martda şaýat bolan ýagdaýlaryny habarçymyza gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, Serdar Berdimuhamedow ilkinji nobatda güýçli şemalyň netijesinde zyýan çeken sebitlere aýlanman, eýse garaşsyzlygyň 30 ýyllygyna gabatlanyp açylmagyna garaşylýan “Ak Öýüň” gurluşygy bilen tanyşypdyr.

Galyberse-de, Türkmenabadyň ýaşaýjylarynyň ençemesi bilen söhbetdeş bolan habarçymyz Serdar Berdimuhamedowyň weýrançylykly tupanyň zyýan ýetiren sebitlerine, umuman, aýlanyp-aýlanmandygyny anyklap bilmedi.

Mundan soňra, Serdar Berdimuhamedow dikuçarda Lebabyň Kerki etrabyna gidipdir. Onuň welaýatyň administratiw merkezi bilen birlikde bu sebite hem sapar etmeginiň anyk maksatlaryny aýdyňlaşdyryp bolmady.

Emma bellemeli ýeri, resmi metbugatda ozal peýda bolan maglumatlarda Kerkide hem garaşsyzlygyň 30 ýyllygyna gabatlanyp howa menziliniň açylyş dabarasynyň geçiriljekdigi mälim edilipdi.

Prezidentiň oglunyň welaýatyň Çärjew etrabyna hem barandygy mälim boldy. Ýatlatsak, 19-njy martdaky güýçli şemal has hem bu sebitiň obalaryna uly zyýan ýetiripdi. Emma Serdar Berdimuhamedowyň Çärjewde 25-nji martda açylyp, ulanylmaga beriljek ýyladyşhana aýlanyp görendigi belli bolsa-da, onuň ejir çeken ilat bilen duşuşyp, weýrançylykly harasatyň netijelerini aradan aýyrmakda hökümetden nähilidir bir hemaýatyň berlip-berilmejekdigi barada çykyş edendigini anyklap bolmady.

Serdar Berdimuhamedow şol günüň özünde öýlän Aşgabada dolandy. Ýokarda hem belleýşimiz ýaly, weýrançylykly şemaldan soňra prezidentiň oglunyň diňe ýakynda açylmagy göz öňünde tutulýan iri obýektleriň ýagdaýy bilen tanyşmak bilen bir hatarda, ejir çeken ilatyň hal-ahwaly bilen gyzyklanyp-gyzyklanmandygyny anyklamak başartmady. Azatlygyň ýerli ýaşaýjylaryň onlarçasy bilen söhbetdeş bolan habarçylary hem, prezidentiň oglunyň harasatda ejir çeken sebitlere aýlanyp görendigini tassykladyp bilmediler.

Bu aralykda, geçen anna güni turan şemalda azyndan bir adamyň ölendigi tassyk boldy. Azatlygyň ýerli habarçysy 19-njy martda 35 ýaşly Joraýew Rozgeldiniň “Nyýazow” şaýolunyň ugrundan iş ýerine barýan pursady, üstüne golaýdaky jaýlaryň biriniň üçeginiň gaçyp, onuň şol ýerde heläk bolandygyny habar berdi.

“Rozgeldi Joraýew Türkmenabadyň 1-nji sport mekdebinde sakçy bolup işleýärdi. Onuň ýakynda çagasy hem dünýä inipdi. Merhumyň yzynda aýaly we bir çagasy galdy. Aradan ençeme gün geçse-de, häkimiýetlerden maşgala hiç hili kömek hödürlenmedi” diýip, bu ýagdaýlardan habarly ýaşaýjylaryň biri 23-nji martda habarçymyza gürrüň berdi.

Türkmenistan barada maglumatlary çap edýän turkmen.news neşiri hem, güýçli şemalyň netijesinde sport mekdebiň sakçysynyň ölendigini habar berdi.

Geçen hepdäniň aýagynda turan tupandan bäri Lebapda, hususanda Türkmenabatda internet üpjünçiliginiň ýagdaýynyň pes bolmagyna garamazdan, harasatyň döreden weýrançylyklary barada maglumatlar gelmegini dowam edýär.

“Çärjew etrabynda 39-njy mekdebiň diwarlaryna çenli ýykyldy. Sebitde elektrik sütünleri agyp, iki günläp tok bolmady. Mobil aragatnaşyk hem kesildi” diýip, Serdar Berdimuhamedowyň duşenbe güni sapar eden Çärjew etrabynyň ýaşaýjysy 23-nji martda habarçymyza gürrüň berdi.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri 19-njy martdaky Lebapdaky adam pidaly harasat barada dymmagyny dowam etdirýärler. Lebabyň ýerli häkimiýetleri, şol sanda welaýat we etrap häkimlikleri Azatlygyň soraglaryna jogap bermekden ýüz öwürýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG