Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalnynyň topary kreml tankytçysyny azat etmegi maksat edinýän köpçülikleýin ýörişler üçin bahar synanyşygyny yglan etdi


Alekseý Nawalny
Alekseý Nawalny

Tussaglykdaky rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň topary Russiýanyň häzirki taryhynda Kremle garşy iň uly protest planlary bilen korrupsiýa garşy göreşijini azat etmek üçin täze synanyşyk edýär.

23-nji martda Nawalnyny web-saýtynda çap edilen bildirişde topar azyndan 500 müň adam gatnaşmaga isleg beýan edende ýörişiň senesiniň we ýeriniň yglan ediljekdigini aýtdy.

Şeýle-de, topar Nawalnyny türmeden boşatdyrmak üçin edilýän synanyşygyň bir bölegi hökmünde geçirilýän bu çärä gatnaşmak isleýänleri hasaba almak üçin ýörite web sahypasyny açdy.

Nawalnynyň toparlarynyň utgaşdyryjysy Leonid Wolkow web-saýtyň işe girizilmeginden soň, birnäçe sagadyň içinde 60 müň adamyň çärä ýazylandygyny aýtdy.

“Siz biziň iň uly duşmanymyzyň kimdigini bilýärsiňizmi? Ýok, Putin däl. Putin her näçe islese-de Russiýany ajaýyp geljekden saklap bilmez. Biziň iň uly duşmanymyz biperwaýlyk, biparhlyk we syýasatdan gaça durmaklyk” diýip, Wolkow aýtdy.

44 ýaşly kreml tankytçysy zäherlenenden soňra Germaniýada bejergi aldy we 17-nji ýanwarda ýurda dolanan güni tussag edildi. Şondan bäri Nawalnynyň egindeşleri we tarapdarlary basyş astynda. Birnäçe ýewropa barlaghanalary onuň “nowiçok” ýaly nerw agenti bilen zäherlenendigini anyklady.

Nawalnynyň tussag edilmegine protest bildirip, 23-nji ýanwarda we 31-nji ýanwarda Russiýa boýunça müňlerçe adam ýöriş geçirdi. Polisiýa demonstrasiýalary zor bilen basyp ýatyrdy we 10 müň töweregi adamy tussag etdi.

2-nji fewralda Nawalny ogurlyk aýyplamasy boýunça çykarylan şertli hökümiň şertlerini bozmakda günäli tapyldy. Ol ogurlyk boýunça çykarylan hökümi syýasy matlaply atlandyrdy.

Kazyýet bu hökümi 3,5 ýyl möhletli türme tussaglygyna öwürdi. Onuň tussaglykda geçiren wagtyny göz öňünde tutup, kazyýet kreml tankytçysyny 2 ýyl 8 aý möhlet bilen azatlykdan mahrum etdi.

Kazyýetiň karary ýurt boýunça täze köpçülikleýin protestleri tutaşdyrdy. Polisiýa olary hem zor bilen dargatdy.

Şol gün Moskwada, Sankt Peterburgda we Russiýanyň beýleki şäherlerinde ýene-de 1,400 adam polisiýa tarapyndan tussag edildi.

Nawalny häzirki wagtda Russiýanyň iň ýowuz türmeleriniň biri hökmünde bilinýän 2 belgili Düzediş koloniýasynda saklanýar.

Köpçülikleýin ýöriş geçirmek boýunça täze synanyşyklar ruslaryň sentýabrda geçiriljek parlament saýlawlaryna taýýarlyk görýän wagtlaryna gabat gelýär. Ruslar bu saýlawlarda dolandyryjy “Birleşen Russiýa” partiýasynyň demikdiriji häkimiýetini gowşatmagy umyt edýär.

Nawalny we onuň tarapdarlary “Birleşen Russiýanyň” dalaşgärlerine zyýan ýetirmegi maksat edinýän “akylly saýlaw” ulgamyny işläp düzdüler.

Bu ulgama laýyklykda, saýlawçylar öz salgylaryny ýörite programma girizýärler. Bu programma “Birleşen Russiýa” dalaşgärlerine garşy ýeňiş gazanmagy ahmal islendik partiýadan bolan dalaşgärleriň sanawyny berýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG