Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Moskwanyň sudy Nawalnyny türme tussaglygyna höküm etdi


Rus oppozisiýa lideri Alekseý Nawalny elleri gandally suduň zalynda

Moskwanyň sudy oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnyny şertli hökümiň şertlerini bozmakda günäli tapyp, 2,5 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. Rus oppozisiýa syýasatçysy bu işiň prezident Wladimir Putiniň "gorkusydan we ýigrenjinden" ugur alandygyny aýtdy.

Suduň 2-nji fewralda çykaran hökümi Günbataryň ýiti tankydyna sezewar boljakdygyna we mümkin täze sanskiýalaryň girizilmegine ýol açjakdygyna garaşylýar. Mundan başga-da, Moskwa bilen Waşingtonyň we Brýusseliň arasyndaky onsuz hem dartgynly gatnaşyklaryň has hem ýitileşmegine garaşylýar.

Diňlenişigiň dowamynda suduň binasynyň daşynda Nawalnynyň ýüzlerçe tarapdary toplandy. Polisiýa suduň binasynyň daşyny gabady we oňa barýan ýollaryň ençemesini petikledi.

"OWD-Info" gözegçi toparynyň maglumatyna görä, suduň hökümine çenli azyndan 300 adam saklandy.

Suduň hökümi Nawalnynyň tussag edilmegi boýunça halkara tankytlaryň we Nawalnyny goldamak üçin soňky iki hepdäniň aýagynda Russiýanyň dürli künjeklerinde onlarça müň protestçiniň köçelere çykmagyndan soň çykaryldy. Protestler soňky onýyllygyň dowamynda prezident Wladimir Putine garşy geçirilen iň uly demonstrasiýalaryň biri hökmünde häsiýetlendirilýär.

44 ýaşly Kreml tankytçysy we korrupsiýa garşy göreşiji Germaniýadan Russiýa dolanan güni 17-nji ýanwarda tussag edildi. Ol nerw agenti bilen zäherlenenden soň Germaniýada bejergi aldy. Nawalny we onuň goldawçylary ony Putiniň buýrugy bilen FSB-niň zäherländigini aýdýar.

Kreml Nawalnyny FSB agentleriniň zäherländigi baradaky jikme-jik subutnamany ret etdi we onuň boşadylmagy boýunça edilen çagyryşlardan boýun towlady.

Russiýa dolanan gününiň ertesi polisiýa bölümindäki bir wagtlaýyn kazyýet Nawalnynyň, 2-nji fewralda geçiriljek sudy başlaýança, 30 gün möhlet bilen deslapky tussaglykda saklanmagyny buýruk berdi.

Nawalny sud diňlenişigine getirildi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:11 0:00

Prokurorlar 2014-nji ýylda “ogurlyk” aýyplamalary bilen çykarylan şertli tussaglyk höküminiň şertlerini Nawalnynyň bozandygyny aýdýarlar. Adam hukuklary boýunça Ýewropa kazyýeti bu iş “eden-etdilikli we görnetin esassyz” diýen netijä gelipdi.

Nawalny geçen ýyl Germaniýada bejergi alandygy sebäpli, türme gulluklaryna hasabat bermäge mümkinçiliginiň bolmandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG