Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ senatorlary Nawalnynyň zäherlenmegi boýunça rus resmilerine garşy sanksiýa girizmek üçin kanun taslamasyny hödürleýär


ABŞ-nyň Kongres binasy
ABŞ-nyň Kongres binasy

ABŞ senatorlarynyň ikipartiýaly topary rus oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnynyň zäherlenmegine gatnaşan rus resmilerine garşy täze we ýörite maksatly sanksiýalary girizýän kanun taslamasyny hödürleýär.

2-nji fewralda Moskwanyň kazyýeti Nawalny nerw agenti bilen zäherlenip, Germaniýada bejergi alýan wagty oňa garşy ozal çykarylan hökümiň şertlerini bozany üçin, ony üç ýyl töweregi möhlet bilen türme tussaglygyna höküm etdi. Kanun taslamasy şondan bir gün soň, 3-nji fewralda hödürlendi. Nawalny we goldawçylary onuň rus prezidenti Wladimir Putiniň buýrugy bilen zäherlenendigini aýdýarlar.

Kanuny Marko Rubio (respublikan – Florida), Kris Kons (demokrat – Delawer), Ben Kardin (demokrat – Merilend), Mitt Romni (respublikan – Ýutah), Kris Wan-Hollen (demokrat – Merilend) hem-de Dik Durbin (demokrat – Illinoýs) goldady.

“Düýn rus oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnynyň gabahatly höküm edilmeginden soň, men rus halkyny goldamak üçin senator Konsa goşulýandygyma buýsanýaryn” diýip, Rubio aýtdy.

“Zyýanly işleri üçin Russiýany jogapkärçilige çekmek Akty Putine we onuň galtamanlaryna, olar öz garşydaşlaryny nyşana alany üçin hem-de korrupsiýa üçin, urgy bolar” diýip, ol aýtdy.

Kanun taslamasy administrasiýany Kremliň himiki we biologiki ýaraglaryň ulanylmagyny gadagan edýän ABŞ kanunlaryny bozup-bozmandygyny anyklamaga ugrukdyrýar.

Nawalny awgustyň aýagynda Sibirde keselledi we koma girizildi hem-de Berline ewakuasiýa edildi. Birnäçe günüň içinde germaniýaly lukmanlar we harby alymlar onuň Sowet Soýuzynda ösdürilen harby derejeli nerw agenti Nowiçok bilen ilteşikli bir jisim bilen nyşana alnandygyny kesgitledi. Himiki ýaraglary gadagan etmek boýunça gurama Nawalnydan alnan gan we peşew nusgalarynyň düzüminde Nowiçok toparyna degişli gadagan edilen himiki jisimiň bardygyny tassyklady.

Hödürlenýän kanun taslamasy rus oppozisiýa syýasatçysy Boris Nemtsowyň janyna kast edilmegi barada-da hasabat talap edýär. Ol 2015-nji ýylyň 27-nji fewral güni merkezi Moskwada, Kremliň golaýyndaky “Bolşoý Moskworetskiý köprüsinde” ýakyn aralykdan atylyp öldürildi.

2017-nji ýylyň iýunynda bir rus kazyýeti öňki çeçen batalion lideri Zaur Dadaýewi Nemtsowyň öldürilmeginde günäli tapyp, 20 ýyl möhlet bilen türme tussaglygyna höküm etdi.

Başga-da dört çeçenistanly hüjüme gatnaşykda günäli tapyldy we 11 ýyldan 19-ýyla çenli möhletler bilen türme tussaglygyna höküm edildiler.

Tankytçylar, şol sanda Nemtsowyň işdeşleri we dogan-garyndaşlary rus häkimiýetleriniň hüjümi buýruk beren adamy anyklap bilmändiklerini aýdýarlar.

“Putin hökümetiniň ýurduň içinde we daşynda režimiň korrumpirlenen we kemsidiji tejribelerine üns çekýän adamlary sem etmek üçin olary öldürmeginiň ýa-da öldürmäge synanyşmagynyň öňden gelýän hapa geçmişi bar” diýip, Kons aýtdy.

Nawalny sud diňlenişigine getirildi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:11 0:00

“Rus halky häzir ýurt boýunça parahatçylykly protestler arkaly Alekseý Nawalnynyň türmä basylmagyna garşy demonstrasiýa geçirýärler. Olaryň hakyky aladalaryna gulak asmagyň deregine, Putiniň howpsuzlyk güýçleri çäksiz ýowuzlyk bilen gaýtawul berdi hem-de müňlerçe adamy tussag etdi. Bu ikipartiýaly kanun taslamasy Putini hem-de onuň ýakyn töweregini jogapkärçilige çekmäge gönükdirilýär, şol bir wagtyň özünde rus hökümetinden Nawalnyny derhal boşatmagy we repressiw hereketlerini bes etmegi anyk talap edýär” diýip, ol belledi.

“OWD-Info” garaşsyz gözegçi toparyna görä, kazyýetiň kararyndan soň geçirilen protestlerde ýurt boýunça 1,400 adam, şol sanda Moskwanyň özünde 1,100-den gowrak adam tussag edildi.

Russiýa soňky iki hepdäniň dowamynda on ýyllygyň iň iri hökümete garşy protestlerini başdan geçirdi, ýurduň 100-den gowrak şäherinde ýüzlerçe müň adam protestlere gatnaşdy. Polisiýa 10 müň töweregi adamy tussag edende wagtal-wagtal zorluk ulandy.

“Güýçli liderler häkimiýeti saklap galmak üçin öz garşydaşlaryny türmä basybermeli däl” diýip, Romni aýtdy.

“Putin we onuň ýaranlary Alekseý Nawalnyny ilki zäherlediler, bu başa barmansoň, olar galp kazyýet gurnap, ony birnäçe ýyl türme tussaglygyna höküm etdiler. Bu hereketleri üçin biz Putin režiminden hökmany suratda hasap soramaly. Bu hereketler - korrupsiýa garşy hem-de hakykat azatlygy ugrunda göreşýän rus halkynyň sesini sem etmek üçin edilýän utançsyz synanyşyklardyr” diýip, Romni belledi.

"Birleşen Ştatlary we tutuş dünýä “bes et” diýýänçä, Russiýa oppozisiýany ýowuz basyp ýatyrmak üçin hökümetiň gurallaryny ulanmaga dowam etdirer. Tankytçylaryňy zäherlemek ýa-da olary türmä basmak islendik ýurtda-da kabul ederlikli pişe däl” diýip, Kardin aýtdy.

Hödürlenýän kanun taslamasy tas şol bir senatorlardan ybarat toparyň oktýabrda hödürlän taslamasyna meňzeýär.

ÝB Nawalnynyň zäherlenmegi bilen baglylykda alty rus raýatyna we bir döwlet eýeçiligindäki ylmy-barlag merkezine garşy sanksiýa girizdi.

3-nji fewralda german hökümeti Moskwa kazyýetiniň kararyndan soň, hem-de polisiýanyň oppozisiýa protestçilerine garşy güýç ulanmagyndan soň, Russiýa garşy täze sanksiýalaryň aradan aýrylmaýandygyny aýtdy.

Kansler Angela Merkel Nawalna garşy kabul edilen 2-nji fewral kararynyň “kanunyň rüstemligi ölçeglerinden gaty uzakdadygyny” aýtdy we Russiýada asuda protestçilere garşy zorlugyň bes edilmegini talap etdi.

Putin häkimiýetleriň Nawalnyny zäherlemäge synanyşandygyny ret edýär we rus agentleri ony öldürjek bolsalar, işini gutarardylar diýýär.

Ol dekabrda rus döwletiniň Nawalnyny zäherländigi baradaky habarlaryň özüni abraýdan düşürmek üçin ABŞ goldawly ýöredilýän bir dildüwşügiň bölegidigini aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG