Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen häkimiýetleri karantin zolaklaryny giňeldip, daşary ýurtlarda galan raýatlarynyň ýene bir toparyny getirmekçi   


Türkmenistan, mart, 2021 
Türkmenistan, mart, 2021 

Türkmenistanyň ýolbaşçylary ýurtda koronawirus ýok diýmegini dowam etdirýän hem bolsalar, karantin zolaklaryny ýene-de giňeltmegi planlaşdyrýarlar we ilata koronawirusa garşy waksina edýärler, şol sanda ýurduň özünde resmi hasaba alynmadyk hytaý waksinalaryny ulanýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň we çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, 15-nji martda Lebap welaýatynyň häkimi we saglyk ministriniň orunbasary şol sebitde ýerleşýän karantin zolaklarynyň birine baryp görüpdir.

500 adamlyk bu karantin zolagy, ýaňy-ýakynda Amyderýanyň kenarynda Ukrainanyň "Altkom" kompaniýasy tarapyndan öň ulanylan jaýlarda ýerleşýär.

Habarçy resmileriň karantinde hassalaryň saklanýan şertleri bilen tanşandygyny we ony giňeltmek hem şertleri gowulandyrmak üçin çäre görmegi buýrandygyny habar berdi.

Azatlyga mälim bolşuna görä, Lebapda üç sany karantin zolagy bar. Öňki gurluşyk kompaniýasynyň binalarynda Amyderýanyň çep kenarynda ýerleşýän karantinden başga-da, 100 adama niýetlenen karantin Farapda Özbegistan bilen serhediň golaýynda ýerleşýär. Esasan daşary ýurtlular bu zolaga ýerleşdirilýär. Üçünji karantin zolagy ýanwar aýynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň günortasynda açyldy, bu desga gaz turbina stansiýasynyň gurluşygyna gatnaşýan daşary ýurtly hünärmenler, şeýle hem Türkmenistandaky beýleki uly gurluşyklara gatnaşýan daşary ýurt kompaniýalarynyň işgärleri üçin döredildi.

Bu aralykda, Azatlygyň çeşmeleri daşary ýurtlardan türkmen raýatlaryny getirmek üçin nobatdaky uçarlaryň gelmegine garaşylýandygyny habar berdiler. Ýurda gaýdyp gelýän türkmen raýatlary, daşary ýurtlular we uçar ekipažlary hökmany üç hepdelik karantine ýerleşdirilýär.

16-njy martda Azatlygyň sebitindäki çeşmeleri garaşylýan uçarlar bilen Özbegistandan we Täjigistandan türkmen raýatlarynyň getiriljekdigini aýtdylar. Olaryň sözlerine görä, welaýat häkiminiň we Saglygy saklaýyş ministrliginiň resmisiniň karantin zolagyna eden sapary pandemiýa sebäpli daşary ýurtlarda galan türkmen raýatlarynyň ýene bir toparynyň getirilmegi bilen baglanyşykly. Hususan-da, indiki uçaryň 18-nji martda garaşylýandygy aýdylýar.

"Şu ýylyň dowamynda karantin zolaklaryndaky ýerleriň sanyny diňe Lebap welaýatynyň özünde 700 adama çenli köpeltmek meýilleşdirilýär, galanlary Balkan welaýatyndaky uly karantin zonasyna iberiler" - diýip çeşme aýdýar.

Azatlyk Radiosy, Lebap welaýatynyň häkimliginden we ýurduň Saglygy saklaýyş ministrliginden karantinleriň giňeldilmegine we daşary ýurtlardan türkmen raýatlarynyň getirilmegine degişli habarlar barada resmi maglumat alyp bilmedi.

Bu aralykda, Türkmenistanda ilatyň COVID-19 keseline garşy waksinasiýasy dowam etdirilýär.

Lebapda waksinasiýa geçen hepde başlandy. Uly keselhanalaryň işgärlerine Hytaýda öndürilen waksinanyň birinji tapgyry berildi. Paýtagtda medisina işgärlerine, kanun goraýjy we güýç edaralaryň, şeýle-de hem käbir beýleki döwlet edaralarynyň wekillerine waksina fewral aýynda berlip başlandy. Olara esasan "Sputnik V" rus waksinasy edildi.

Şu günler Aşgabatda waksinasiýa nobaty pensionerlere ýetdi. Habarçylaryň 16-njy martda aýtmagyna görä, käbir poliklinika işgärleri pensionerlere jaň edip, waksina üçin ýazylmagy teklip edýärler. Hususan-da, 8-nji poliklinikada ýazgy aprel aýyna alnyp barylýar we hytaý waksinasy hödürlenýär.

Ýanwar aýynda Türkmenistan birbada iki sany rus waksinasyny resmi hasaba aldy, şeýle-de, Bütindünýä saglyk guramasy tarapyndan maslahat berilýän beýleki daşary ýurt waksinalaryny we dermanlaryny öwrenmek hem hasaba almak planyny yglan etdi. Emma türkmen häkimiýetleri Hytaýyň waksinalaryny resmi hasaba alnandygyny we ulanylýandygyny mälim etmedi.

Hytaý waksinasynyň Türkmenistana iberilendigini 6-njy martda Hytaý telewideniýesi habar berdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG