Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda ýuwuş suwy ýarpy hem tutulmady. Häkimiýetler ogurlanan suw nasoslaryny gözleýär


Ýuwuş suwy berilse, ýeriň şory biraz azalýar.
Ýuwuş suwy berilse, ýeriň şory biraz azalýar.

Suw ýetmezligi diňe derýadaky suwuň azlygy bilen hem bagly däl. Azatlyk bilen gürleşen kärendeçiler ýurdy, oba hojalygyny çökerýän esasy nogsanyň ogurlyk, korrupsiýa bilen baglydygyny, bu ýagdaýyň metbugat azatlygynyň bolmazlygy, sudlaryň garaşly bolmagy netijesinde saklanýandygyny öňe sürýärler.

Türkmenistanyň oba hojalygynda çuň kök uran we giň ýaýran diýip bilinýän korrupsiýa döwlet tabşyrygy esasynda gowaça ekip, kyn şertlerde maşgala eklemäge çalyşýan kärendeçileri bu ýylam, adat bolşy ýaly, ýuwuş suwyndan aljyradyp başlady.

Azatlyk biraz öň Lebapda derýadaky suwuň az boljagynyň duýdurylandygy, kärendeçilere zeý suwlaryny ulanyp, ýuwuş suwuny tutmak maslahatynyň berlendigi baradaky maglumatlary çap etdi. Soňky gelip gowşan habara görä, bu sebitde häzire çenli gowça meýdanlarynyň bary-ýogy 30%-ne ýuwuş suwy berlipdir.

Tejribeden belli bolşy ýaly, Türkmenistan sebitde suwy iň bisarpa ulanýan ýurtlaryň biri hökmünde tankytlanýar we sowet ýyllaryndan galan suwaryş praktikasy tutuş ýurt boýunça ekerançylyk meýdanlarynyň agyr şorladylmagyna alyp geldi.

Netijede, eger-de ekişden öň ýuwuş suwy berlip, ýerleriň şory azda-kände ýuwulmasa, ol ýerlerde gowaça ekeniň peýdasy ýok. Emma hökümet daýhanlaryň ýylda diýen ýaly bergili ýa gazançsyz çykmagyna göz ýumup, sowet döwründen galan komanda-buýruk dolandyryşy astynda, netijesiz oba hojalyk syýasatyny dowam etdirýär diýip, synçylar aýdýar.

Ýuwuş suwlarynyň Lebapda, dünýäniň iň suwly derýalarynyň biriniň üstünden geçýän sebitinde hem ýeterlik tutulyp bilmezligi ýurduň beýleki ýerlerindäki ýagdaýyň has hem agyrdygyny aňladýar.

Geljekki pagta hasylynyň içini üzýän suw ýetmezligi diňe derýadaky suwuň azlygy bilen hem bagly däl. Azatlyk bilen gürleşen kärendeçiler ýurdy, şol sanda oba hojalygyny çökerýän esasy nogsanyň ogurlyk, korrupsiýa bilen baglydygyny, bu ýagdaýyň metbugat azatlygynyň bolmazlygy, sudlaryň garaşly bolmagy netijesinde saklanýandygyny öňe sürýärler.

"Lebap welaýatynda suw sorujy nasoslaryň tas 90%-i hatardan çykypdyr ýa-da suw tehnikleri tarapyndan ogurlanyp, deger-degmez bahasyna satylypdyr" diýip, ýagdaýdan habarly hünärmen Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Onuň sözlerine görä, häzir etraplaryň suw hojalyk edaralarynda welaýat prokuraturasynyň tabşyrygy esasynda barlag, derňew işleri geçirilýär.

"Derňewçilere suw enjamlarynyň nirä ýitirim edilendigini anyklamak, bu işde günäkärleri ýüze çykarmak tabşyrygy berildi" diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran resmi Azatlyk radiosyna aýtdy.

Ýerli habarçynyň toplan maglumatlaryna görä, Darganata etrabyndaky ekin meýdanlaryna suw çykarmak üçin satyn alnan 125 sany iri suw nasosynyň häzir diňe 9 sanysy işleýär, Dänew etrabynda hem sanaýmaly nasos galypdyr.

Farap, Çärjew, Saýat, Halaç etraplarynda hem suw nasosy babatynda öwerlik ýagdaý ýok diýip, welaýat häkiminiň oba hojalyk işleri boýunça orunbasarynyň kömekçisi bolup işleýän hünärmen aýtdy.

Ikinji tarapdan, Azatlyk bilen aýry-aýrylykda gürleşen raýatlar, oba ýaşaýjylary suw nasoslarynyň soňky 30 ýylda özboluşly bir "talaňçylyk guralyna" öwrülendigini aýdýarlar.

"Daýhan birleşikleriniň başlyklary suw nasoslaryny oba adamlaryny, kärendeçileri talamagyň gümürtik bir guralyna öwürdiler, olaryň ätiýaçlyk şaýlary, ýagy, bejerilmegi we beýleki çykdajylary üçin ýylda adamlardan pul ýygnalýar" diýip, anonimlik şertinde gürleşen kärendeçileriň biri nasos üçin ýyllyk girdejisiniň ýaryna golaýyny tölän wagtynyň hem bolandygyny gürrüň berdi.

"Bu talaňçylyk dowam etse, obada ýaşajak, ekin ekjek galmaz, her kim çagasyny şähere ýa daşary ýurtlara ibermegiň alajyny gözleýär" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Türkmenistanyň oba hojalygyndaky korrupsiýa, wezipeli adamlaryň gatnaşmagynda, garaşsyzlyk ýyllarynyň başyndan möwç aldy we, ýerli synçylaryň köpüsiniň tassyklamagyna görä, döwlet emeldarlarynyň ogurlyklarynyň doly möçberleri barada metbugatda açyk habar, syn berilmeýär, hukuk goraýjy edaralar bolsa, prezidentden anyk tabşyryk bolmasa, döwlet baştutany tarapyndan bellenilýän emeldarlaryň garamagyndaky işleri kän derňemeýärler ýa-da köplenç bassyr-ýussur edýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG