Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Maryda gowaça çöpüni ýygnamak işleri bat alýar, gyşyň bosagasynda ýerler bugdaý ekişine taýýarlanýar


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda resmi taýdan sentýabryň başynda girişilen bugdaý ekişine Mary welaýatynyň köp gallaçysy aradan üç aý geçenden soň, häzir girişmäge taýýarlyk görýär. Welaýatyň dürli sebitlerinde häkimiýet wekilleri oba geňeşlikleriniň arçynlaryna pagta meýdanlaryny gowaça çöpünden arassalamak we bugdaý ekişine taýýarlyk görmek barada tabşyryk berdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.

“Köp kärende ýer eýelerine bir hepdäniň dowamynda gowaça meýdanlaryny çöplerden arassalamak tabşyryldy” diýip, bir maryly kärendeçi Azatlyk Radiosynyň habarçysyna anonim şertlerde gürrüň berdi.

Mary welaýatynda 2021-nji ýylyň galla hasylyndan 345 müň tonna bugdaý ýygnamak planlaşdyrylýar. Resmi habarlarda Türkmenistan boýunça bu ýyl 690 müň gektar meýdana bugdaý ekiler we ondan 1 million 400 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnamak göz öňünde tutulýar.

Habarçy 30-njy noýabrda Mary welaýatynyň Garagum etrabynda pagtaçy kärendeçileriň meýdanlardan gowaça çöpüni ýygnamak işlerine girişendigini habar berdi.

Bu aralykda, ýerli ýaşaýjylar gowaça çöpüniň şu günler regionda, hususan-da täze melleklerde jaý salan adamlaryň arasynda geçginli haryda öwrülýändigini aýdýar. Onuň sebäbini bolsa täze melleklerdäki ýaşaýyş jaýlara tebigy gazyň heniz çekilmändigi sebäpli jaý eýeleriniň ýüzbe-ýüz bolýan odun zerurlygy bilen düşündirýärler.

Bir maryly daýhanyň sözlerine görä, adamlar yzy tirkegli traktorlary Garagumyň gowaça meýdanlaryna eltip, ýa özleri, ýa-da hakyna tutma işçileriň kömegi bilen gowaça çöpüni ýygnaýarlar. “Soňra adamlar odunlyk diýip, gowaça çöpüni öýlerine basýarlar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Üç işçi bolup, bir traktor tirkegini gowaça çöpünden doldurmagyň iş haky 90 manat, her adam başyna 30 manat. Şeýle-de, habarçynyň maglumatlaryna görä, bir tirkeg gowaça çöpüniň bahasy 500 manat, transport üçin 100 manat goşmaça töleg edilýär.

Geçen ýylyň hasylynda bir tirkeg gowaça çöpüniň bahasy 400 manatdy. Soňky nyrhlar onuň bahasynyň soňky bir ýylda 100 manat möçberinde gymmatlandygyny görkezýär.

Şeýle-de habarçy, şu günler Maryda gowaça çöpüni çöplemek möwsüminiň kärendeçi daýhanlar üçin goşmaça gazanç mümkinçiligini hem döredendigini aýdýar. Çöp zerur däl adamlar ony satyp gazanç edýär, ýene köpler gowaça meýdanlarynda çöp çöpläp ýer eýesinden hak alýar.

“Adamlar häzir öz çagalary bilen gowaça çöpüni çöplemäge gidýärler” diýip, bir kärendeçi Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi gowaça çöpüniň tamdyr we ojak üçin amatly odundygyny aýdýarlar.

“Köp adam tamdyra odun edip ulanýar, köp adam täze mellek ýerlerine gaz çekilmänsoň, daşarda, ojakda gowaça çöpüni ýakyp nahar bişirýär” diýip, beýleki bir ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

5-nji noýabrda türkmen hökümeti bu ýyl ýurt boýunça meýilleşdirilen pagta plan borçnamasynyň ýerine ýetirilendigini yglan etdi. Türkmenistan bu ýyl 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny ýygnamagy planlaşdyrypdy.

Beýleki tarapdan, Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan kärendeçi daýhanlaryň ençemesi ýurtda ekerançylyk ýerleriniň ýyl-ýyldan arryklaýandygyny; suw, dökün we tehnika ýetmezçiligi ýaly problemalaryň üznüksiz dowam edýändigini aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG