Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wladimir Pozner özüne garşy çykyşlardan soň Gürjüstandan gaýtmaly boldy


Wladimir Pozner
Wladimir Pozner

Rus žurnalisti we telewision alyp baryjy Wladimir Pozner Tbilisä gelmegine bildirilen nägilelik aksiýasyndan soň Gürjüstandan gaýtmaly boldy. Bu barada gürji telewideniýesiniň "Ilkinji kanaly" habar berdi.

Pozneriň Gürjüstana gelmegine garşy nägilelik çäresi çarşenbe güni agşam Tbilisiniň merkezinde başlandy. Onuň bolýan myhmanhanasynyň binasynyň daşynda oppozisiýa tarapyndan gurnalan demonstrasiýanyň we polisiýanyň arasynda çaknyşyk boldy. Demonstrantlar binanyň elektrik üpjünçiligini öçürmegi başardylar. "Eho Kawkaza" neşiriniň habaryna görä, polisiýa janly galkan bolup, žurnalistiň bolýan myhmanhanasyna girmek isleýän agressiw demonstrantlary saklady.

Polisiýa myhmanlary awtobuslar bilen ýaşaýan ýerinden beýleki myhmanhanalara äkitdi. Aktiwistler ol ýere hem baryp, myhmanhananyň binasyna çig ýumurtga zyňyp başladylar we asfaltda gyzyl reňk bilen: "Gürjüstandan çykyň!" diýip ýazdylar.

Oppozisiýanyň tarapdarlary, Pozneriň ýurduň territorial bitewiligini ykrar etmeýändigi we onuň 2008-nji ýylyň awgust aýynda Günorta Osetiýadaky çaknyşykda Orsýetiň okkupasiýasyny aklandygyny aýdýarlar. Orsýet bilen Gürjüstanyň arasynda şonda bolan gysga uruşdan soň, Orsýet Gürjüstanyň Abhaziýa we Günorta Osetiýa (Tshinwali sebiti) separatistik regionlarynyň “garaşsyzlygy” ykrar etdi.

Gürjüstanyň Daşary işler ministrligi bu ýagdaýa düşündiriş berdi we rus žurnalisti Wladimir Pozneriň ABŞ-nyň raýatydygyny we Gürjüstanda ozal birnäçe gezek bolany üçin kanunyny bozmaýandygyny aýtdy.

1-nji aprelde irden Pozner Tbilisiden gaýtdy. Ol öz dostlary bilen Gürjüstanda 3-nji aprele çenli bolmagy we doglan gününi bellemegi planlaşdyrandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG