Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa: Rus we ABŞ resmileri Ukrainanyň gündogaryndaky dartgynlylygy maslahat etdiler


Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow
Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow

Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow rus we ABŞ resmileriniň Ukrainanyň günorta-gündogaryndaky ýagdaýlary maslahat edendiklerini mälim etdi. Bu sebitde häzir gazaplylygyň gerimi artdy, şeýle-de serhediň golaýynda rus harbylarynyň sanynyň ýokarlanmagy konfliktiň has ula ýazmak howpuny döretdi.

TASS habar gullugy Rýabkowyň sözlerine salgylanyp, rus-ABŞ gepleşikleriniň ýokary derejede geçendigini habar berdi.

Bu gepleşikler Birleşen Ştatlary tarapyndan tassyklanmady.

Rus habaryndan bir gün öň, ABŞ-nyň Döwlet departamenti Moskwadan regiondaky harbylarynyň hereketi bilen bagly “prowokasiýa” boýunça düşündiriş bermegini sorady.

Şeýle-de, 5-nji aprelde Britaniýanyň premýer-ministri Boris Jonson Russiýanyň Ukrainanyň serhediniň golaýynda harbylarynyň sanyny artdyrmagyna “düýpli alada” bildirdi.

Jonsonyň edarasynyň maglumatyna görä, 5-nji aprelde britan premýer-ministri ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiý bilen telefon söhbetinde, Ukrainanyň özygtyýarlygyna we serhediniň bütewiligine “sarsmaz goldawyny” mälim edipdir.

2-nji aprelde ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden ýanwarda häkimiýet başyna geçeninden bäri ukrain lideri bilen geçiren ilkinji söhbetinde, Ukrainanyň serhetýakalarynda rus harbylarynyň artmagyny maslahat etdi.

Ukrainanyň gündogaryndaky iki regionynda soňky döwür hökümet güýçleri bilen Russiýa tarapyndan goldanylýan separatistleriň arasyndaky çaknyşyklar ýaýbaňlandy.

Ukrain resmileri 6-njy aprelde soňky 24 sagadyň içinde Russiýa tarapyndan goldanylýan separatistler tarapyndan ýene-de iki esgeriň öldürilendigini habar berdiler.

XS
SM
MD
LG