Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda COVID keseline garşy hytaý waksinasy mugt edilýär, "Sputnik" rus waksinasyny satyn alyp bolýar


Waksinalaryň we immunobiologiki serişdeler ammarynyň belgisi. Türkmenistanyň  "Altyn Asyr" döwlet telekanalynyň reportažyndan alnan surat, 29-njy ýanwar, 2021.
Waksinalaryň we immunobiologiki serişdeler ammarynyň belgisi. Türkmenistanyň  "Altyn Asyr" döwlet telekanalynyň reportažyndan alnan surat, 29-njy ýanwar, 2021.

Koronawirusyň ýokaşmagy bilen bagly ýekeje-de ýagdaýy hasaba almadyk Türkmenistanda ilata bu kesele garşy waksina etmek işi dowam etdirilýär. Häzirki wagtda paýtagt mugallymlaryna giň gerimde sanjym edilýär. Hytaý sanjymy mugt berilýär, rus waksinasyny satyn alyp bolýar.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň maglumatlaryna görä, paýtagtyň mekdeplerinde mugallymlara köpçülikleýin waksinasiýa edilmegi hepdäniň başynda başlanypdyr. Hytaýda öndürilen waksina berilýär.

Munuň öňýany Türkmenabatdaky hassahanalarda saglyk işgärleri Hytaýyň koronawirusa garşy waksinasynyň ikinji tapgyr sanjymyny alypdy. Ýurduň gündogaryndaky saglyk edaralarynyň işgärlerine waksinasiýanyň birinji tapgyry mart aýynyň birinji ýarymynda edilipdi.

Bu ýagdaýda resmi maglumatlara görä, häzirki wagtda Türkmenistanda diňe rus waksinasy hasaba alynypdyr. Döwlet habar serişdeleri ýurduň 18-nji ýanwarda Merkezi Aziýada ilkinji bolup Russiýanyň "Sputnik V" waksinasyny hasaba alandygyny, 29-njy ýanwarda dünýä derejesinde ýeke-täk ýurt bolup, "EpiVacCorona" rus waksinasyny hasaba alandygyny habar berdi. Rus waksinasynyň Türkmenistana birnäçe gezek getirilendigi mälim boldy.

Türkmenistanda koronawirusa garşy waksinasiýanyň başynda rus sanjymy hususan-da, paýtagtyň saglyk işgärlerine, polisiýa işgärlerine, harbylara edilipdi. Şol bir wagtyň özünde-de, döwlet resmilerine waksinanyň edilip-edilmändigi mälim bolmady.

Indi rus "Sputnik V" waksinasyny öz hasabyňa satyn alyp bolýar. Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, ýurtda hasaba alnan "Sputnik V" rus sanjymyny 1000 manatdan satyn alyp bolýar. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň nyrhy boýunça iki sany sanjymdan ybarat waksinanyň bahasy 285 dollar çemesi bolar.

Şol bir wagtda-da, sanjym öndürijisi Russiýanyň Göni maýa goýum gaznasy (RDIF) 2021-nji ýylyň fewral aýyndan başlap "Sputnik V" waksinasynyň bahasynyň daşary ýurt bazarlary üçin 20 dollardan pes boljakdygyny mälim edipdi.

Türkmenistanda koronawirusa garşy waksinasiýa fewral aýyndan başlandy. Waksinasiýanyň ilkinji nobatda edilmeli töwekgelçilikli topara girýänleriň sanawlary ýanwar aýynda düzüldi we oňa saglygy saklaýyş we bilim işgärleri girizilipdi.

Hytaýda öndürilen koronawirusa garşy waksinalaryň Türkmenistana getirilendigi mart aýynyň başynda belli boldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary we garaşsyz habar beriş serişdeleri habar berdiler. 6-njy martda Hytaýyň telewideniýesi hytaý waksinalarynyň ilkinji partiýasynyň Türkmenistana iberilendigini habar berdi.

Türkmenistanyň hökümeti we resmi habar beriş serişdeleri Hytaýdan alnan waksinalar barada habar bermedi. Ýurduň häkimiýetleri we resmi metbugat koronawirusa garşy waksinasiýanyň gidişi barada hem ilaty habarly etmeýärler.

Bu aralykda, aýyň başynda ýurtdaky çäklendirmeler gowşadyldy, şol sanda söwda we hyzmat kärhanalaryna işlemäge rugsat berildi, bir ýyllyk arakesmeden soň welaýatlaryň arasyndaky ulag aragatnaşygy bölekleýin dikeldildi we metjitler açyldy. Şol bir wagtyň özünde karantin zolaklary giňeldilýär we täzeleri gurulýar.

Azatlygyň habarçylary karantinlerde saklanýan adamlaryň köpdügini, käbirleriň ýogalýandygyny habar berdiler. 6-njy aprelde aşgabatly bir ýigidiň Türkmenabatdaky karantinde ýogalandygy mälim boldy.

Aşgabatdaky habarçymyzyň sözlerine görä, Türkmenabadyň ýokanç keseller hassahanasynda ölen talyp 26-njy martda Russiýanyň "S7" awiakompaniýasynyň Moskwa-Türkmenabat uçary bilen Astrahandan getirilipdir. Onuň ölümiň sebäbi rak keseli diýilýär.

Azatlyk Radiosy bu ýagdaýy Türkmenabadyň ýokanç keseller hassahanasyndan resmi taýdan tassyklap bilmedi.

Azatlygyň habarçylary häzirki wagtda koronawirusyň alamatlary bolan keseliň ilatyň arasynda ýaýramagynyň dowam edýändigini we ölüm hadysalarynyň köpdügini habar berýärler.

COVID-19 pandemiýasy sebäpli adaty uçar gatnawy bolmazdan, Türkmenistanyň häkimiýetleri daşary ýurtlarda galan raýatlaryny ýurda getirmek üçin ýörite uçuşlaryny amala aşyrmagy dowam etdirýärler.

Turkmen.news garaşsyz neşiri 9-njy aprelde "Türkmenistan" awiakompaniýasynyň Kazandan Türkmenbaşy şäherine indiki uçaryny guraýandygyny habar berýär. Neşiriň maglumatyna görä, uçara münmek üçin 8-nji aprelden öň Kazandaky iki lukmançylyk edarasynyň birinde COVID-19 synagyndan geçmeli. Habarda saglyk edaralary barada takyk maglumat berilýär - 7-nji şäher kliniki hassahanasynda (Marşal Çuýkow köçesi, 54, 3-nji terminal, 102-nji otag) ýa-da Respublikan kliniki hassahanasynda (Orenburgskiý trakty, 138, poliklinika, B binasy).

Şeýle-de, maglumata görä, ýolagçylaryň koronawirus testleriniň netijeleri olary 9-njy aprelde howa menziline eltjek türkmen konsullygynyň işgärlerine aeroportda berler. Netijede raýatlar testleriniň netijelerini we watanyna gaýdyp biljekdigini soňky pursada çenli bilmezler, diýip Turkmen.news guralýan uçarda getiriljek 275 ýolagçynyň sanawynyň eýýäm konsullyk tarapyndan düzülendigini habar berýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG