Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Lebaply lukmanlara hytaý waksinasy edilýär, daşoguzly mugallymlar waksina almaga taýýarlanýar


S.Nyýazow adyndaky hassahana, Aşgabat (illýustrasiýa suraty)

Paýtagtdan soň Türkmenistanyň welaýatlarynda koronawirusa garşy waksina edilip başlandy. Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurduň gündogaryndaky sebit keselhanalarynda lukmançylyk işgärlerine waksina edilip başlandygyny habar berýärler. Garaşsyz habar serişdeleri Daşoguzda mugallymlaryň koronawirusa garşy waksina almaga taýýarlanýandygyny aýdýarlar.

Türkmenabatda keselhanalaryň işgärlerine koronawirusa garşy waksina edilýär. Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, şäher hassahanalarynda saglyk işgärleri waksinany 10-njy martda alyp başladylar. Köpugurly klinikanyň, Ýokanç keseller hassahanasynyň, Şäher hassahanasynyň we Tiz kömek gullugynyň işgärlerine sanjym edilýär. Poliklinika işgärleriniň arasynda waksina entek başlanmandyr. Sanjymdan öň medisina işgärleriniň saglyk barlaglary geçirilýär, gan basyşy, temperaturasy we gany barlanýar. Sanjymyň ilkinji dozasy edilip, ikinjisi 21 günden ediler. Waksina alanlara şahadatnama berler.

Ýatlatsak, Lebap welaýatynda waksinasiýa üçin töwekgelçilik toparlarynyň sanawlary ýanwar aýynda düzülipdi we oňa saglyk işgärleri we mugallymlar girizilipdi.

Türkmenabatdaky habarçylaryň ýerli saglygy saklaýyş edaralaryndaky çeşmelerine salgylanyp aýtmagyna görä, COVID-19 garşy waksinasiýa üçin Hytaýda öndürilen waksina ulanylýar. Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş ministrliginden resmi taýdan maglumat almaga synanyşýar.

Şu wagt Aşgabatdaky habarçymyz hytaý waksinasynyň paýtagtda hem ulanylýandygyny, hususan-da Trawmatologiýa keselhanasynda lukmanlara hytaý sanjymynyň edilendigini habar berdi.

6-njy martda Hytaý telewideniýesi koronawirusa garşy hytaý waksinasynyň birinji toparynyň Türkmenistana iberilendigini habar berdi. Türkmen metbugaty Hytaýdan koronawirusa garşy sanjymlaryň ýurda getirilendigi barada habar bermedi.

Ýanwar aýynda Türkmenistan birbada iki sany rus sanjymyny hasaba aldy we Bütindünýä saglyk guramasy tarapyndan maslahat berilýän daşary ýurt sanjymlaryny we dermanlaryny öwrenmek hem hasaba almak meýilnamalaryny yglan edipdi.

Azatlygyň habarçylaryna we çeşmelerine görä, häzirki wagtda rus sanjymlary Lebap welaýatynda ulanylmaýar.

Bu aralykda, "Turkmen.news" garaşsyz neşiri, Türkmenistanyň welaýatlarynda mugallymlara COVID-19 garşy waksinany etmäge taýýarlyk görülýändigini habar berdi.

Daşoguz welaýatynda mugallymlara 15-nji martdan aýyň ahyryna çenli waksina ediler diýip neşir bu döwrüň okuwçylaryň 21-nji martdan 1-nji aprele çenli dowam edýän bahar dynç alyşyna gabat gelýändigini belleýär.

Şeýle-de, “Turkmen.news” mugallymlara sanjym etmek üçin hytaý waksinasynyň ulanyljakdygyny habar berýär.

Türkmenistanda waksinasiýa fewral aýynda paýtagtdan başlandy. Ilkinji nobatda medisina işgärlerine, polisiýa işgärlerine, kanun goraýjy edaralaryň işgärlerine, jemgyýetçilik transportynyň ulag sürüjilerine we köp sanly adam bilen aragatnaşyk saklaýan döwlet işgärlerine sanjym edildi. Ýurt häkimiýetleri we döwlet habar beriş serişdeleri waksinasiýanyň gidişi barada habar bermeýärler.

10-njy martda "Türkmenistanyň Hronikasy" neşiri Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby lukmançylyk gullugyna salgylanyp, harbylaryň 3% -ine koronawirusa garşy waksina edilendigini habar berdi. Neşiriň habaryna görä, goşunyň harby ýolbaşçylary, ministrligiň işgärleri, paýtagtda we onuň töwereginde ýerleşýän harby bölümleriň ofiserleri waksina alypdyr, esgerlere waksina entek edilmändir.

Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş ministrliginiň resmi web sahypasynda diňe Orsýetiň "Sputnik V" waksinasynyň hasaba alnandygy barada resmi maglumat berilýär, şeýle hem saglygy berkitmek üçin maska geýmek we iki metrlik aralygy saklamak baradaky maslahatlar berilýär. Türkmenistanda ​koronawirus keseli resmi taýdan hasaba alynmady.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, satuwda medisina maskalary bar, ýöne bahasy ýokarlanýar. Häzirki wagtda döwlet dermanhanalarynda öň 1 manada satylan maskalar 1,50-2 manata satylýar. Dermanhananyň işgärleri maskalaryň gymmatlamagyny önümiň "hiliň gowulaşmagy" bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.

Şol bir wagtyň özünde, Oguzhan köçesinde ýerleşýän S.Nyýazow adyndaky keselhanada saglyk işgärleri maskasyz işleýärler, sebäbi hemmelerine eýýäm koronawirusa garşy sanjym edildi diýip, Aşgabatdaky habarçymyz habar berýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG