Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saglyk güni geçirilýän çäreler üçin býujet işgärlerinden welosiped we sport forma talap edilýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Farap etrabynda häkimiýetler býujet işgärlerinden 7-nji aprel – Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilýän köpçülikleýin çäreleri üçin tigir we sport forma talap edýär.

Öň bar bolan welosipedleriň reňki we daşky bezegleri şu ýyl Saglyk güni geçirilýän welosipedli ýöriş üçin tassyklanan welosipediň görnüşine gabat gelmändir” diýip, bir býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Munuň bilen baglylykda, häkimiýetler Farabyň mekdepleriniň, oba we etrap saglyk öýleriniň işgärlerinden köpçülik çäresine täze görnüşli welosiped we sport formasy bilen gatnaşmagy talap edýär.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, şeýle talaplar etrabyň 9-njy, 5-nji, 2-nji, 18-nji, 10-njy, 4-nji, 1-nji mekdepleriniň işgärleriniň we başga-da birnäçe mekdebiň işgärleriniň dykgatyna ýetirildi. Oba we etrap medisina punktlarynyň işgärleri hem birmeňzeş talaplara boýun bolmaga mejbur edilýärler.

“Täze görnüşdäki welosiped we sport formasy hökmany çärede bolmaly” diýip, býujet işgäri gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, bir býujet işgäri üçin bir welosiped ortaça 3 müň manada düşýär.

Bu baha walýutanyň resmi alyş-çalyş nyrhy boýunça 850 dollar töweregi, gara bazaryň bahasy boýunça 70-80 dollar töweregi bolýar.

Býujet işgäriniň sözlerine görä, mejbury çykdajylar sport eşikleriniň we sport aýakgaplarynyň bahalary bilen 4 müň manada barabar bolýar.

Habarçy maliýe serişdesi bolmadyk adamlaryň talap edilýän zerur zatlary kireýine almaly bolandygyny habar berýär.

Býujet işgärleriniň ençemesi ykdysady kynçylyklar dowam edýän wagty talap edilýän goşmaça çykdajylara nägilelik beýan edýärler.

“Häzirki krizis döwründe beýle uly çykdajyly çäreler zerur däl” diýip, bir býujet işgäri habarçy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni bellenilýär.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saglyk güni mynasybetli raýatlara iberen gutlagynda “bu halkara baýramyň şanyna Aşgabat şäherinde, welaýat we etrap merkezlerinde geçirilýän dürli çäreleriň” ýurduň halkara abraýyna goşant goşýandygyny aýtdy.

Farapda saglyk güni mynasybetli göz öňünde tutulýan köpçülik çäreleri dünýäde global koronawirus pandemiýasynyň dowam edýän wagtyna gabat gelýär.

Galyberse-de, Türkmenistanda häkimiýetleriň dürli maksatlar bilen dilden görkezme esasynda býujet işgärlerinden pul toplamak işleri tas däbe öwrüldi. Azatlyk Radiosy mundan ozal tebigaty goramak üçin, welosiped satyn almak üçin, edara-kärhanalarda prezidentiň portretlerini täzelemek üçin we beýleki maksatlar bilen býujet işgärlerinden pul ýygnalyşy barada habar berdi.

Turkmen.news neşiriniň habaryna görä, resmiler Balkan welaýatynyň býujet işgärlerinden “abadanlaşdyryş” işleri üçin pul ýygnaýar. Bir ýerli ýaşaýjy 50 adamlyk bir edarada her işgärden 80 manatdan, uly bolmadyk beýleki bir guramada bolsa 160 manatdan pul ýygnalýandygyny neşire gürrüň berdi.

Býujet işgärleri ýurtda giň ýaýran işsizligiň arasynda döwlet edaralarynda talap edilýän goşmaça çykdajylara köplenç razy bolmaga mejbur bolýarlar. Mundan ozal Azatlygyň habarçylary pul ýygnalmagyndan ýa-da beýleki mejbury çärelerden boýun towlan işgärlere işden kowulmak haýbatynyň atylýandygyny habar berdiler.

Bu aralykda, TDH-nyň habaryna görä, prezident Berdimuhamedow golaýda öz aýlyk hakynyň ýarysyny öz adyna döredilen haýyr-sahawat gaznasyna geçirdi.

Ýatlasak, 29-njy martda Türkmenistanda howandarlyga mätäç çagalara hemaýat etmek üçin haýyr-sahawat gaznasy esaslandyryldy we oňa prezidentiň ady dakyldy.

Döwlet mediasy býujet işgärleriniň mejbury çykdajylary, şol sanda Farapda býujet işgärlerinden talap edilýän welosiped we sport formasy barada habar bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG