Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Býujet işgärlerinden “tebigaty goramak üçin” pul ýygnalýar


Illýustrasiýa suraty.

Mary welaýatynyň döwlet edara-kärhanalary öz işgärlerinden “tebigaty goramak üçin” 20 manatdan pul ýygnaýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 1-nji dekabrda habar berdi.

“Ýene her hili bahanalar bilen pul çöpleýärler. Bu sapar ‘tebigaty abatlamak we ony goramak üçin’ 20 manatdan” diýip, bir býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ol puluň nagt görnüşinde talap edilýändigini, ýöne beýleki tarapdan adamlaryň öz aýlyklaryny nagtlaşdyryp bilmeýändigini sözüne goşdy.

“Üstesine, üýşürilýän ähli pullar nagt görnüşinde talap edilýär” diýip, býujet işgäri gürrüň berdi.

Türkmenistanyň býujet edaralarynda resmileriň dürli sebäplere salgylanyp, işgärlerden pul ýygnamak işleri däp boldy. Býujet işgärleri resmileriň görkezýän sebäplerini “bahana” atlandyrýarlar.

Mundan ozal, Azatlyk Radiosy edara-kärhanalarda prezidentiň portretlerini çalyşmak üçin, gowaça çürtümi üçin, pagta ýygymy üçin, üzärlik üçin, welosiped satyn almak üçin we başga-da dürli “bahanalar” bilen býujet işgärlerinden ýygnalýan pullar barada habar berdi. “Tebigaty goramak üçin” toplanýan pullar şeýle çäreleriň soňkusydyr.

“Adamlar nägileliklerini görkezýärler, ýöne öz işlerinden kowulmakdan gorkup, aýda tutulýan pullary ümsüm bermäge razy bolýarlar” diýip, beýleki bir býujet işgäri gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, käbir edaralarda ýolbaşçylar ýygnalýan pullar babatynda işgärlerden “razylyk dil hatyny” hem alýarlar.

“Hatda käbir döwlet edaralarynda adamlardan çöplenýän pullara razylyk berýändigi üçin dil hat hem ýazdyrylýar” diýip, býujet işgäri aýtdy.

“Bu dil hatda özüniň guramaçylyk işlerine höwesli gatnaşýandygyny we çöplenýän puly öz razylygy bilen kömek üçin berýändigini ýazdyrýarlar we gol çekdirýärler” diýip, ol sözüne goşdy.

Döwlet edara-kärhanalary öz ýygnaýan pullaryny “kanuny görkezmek” tagallalarynyň çäginde býujet işgärlerinden dil hat almak usulyna ýüz ursalar-da, “tebigaty goramak üçin” ýygnalýandygy aýdylýan pullaryň tebigatyň haýsy zerurlyklaryna gönükdirilýändigi ýa-da işgärleriň mejbury pul toplanmagyna razydygy ýa-da däldigi barada Marynyň hiç bir döwlet edara-kärhanasy resmi düşündiriş bermeýär.

Türkmenistan üç ýyldan gowrak wagt bäri ýiti ykdysady kynçylyklary başdan geçirýär. Öňden gelýän krizis pandemiýanyň getiren çäklendirmeleri bilen goşalanyp, ýurdy ykdysady çökgünlige iterýär. Döwlet dükanlarynyň öňünde ýygy-ýygydan azyk haryt gytçylygy, hususy söwdada olaryň ýiti gymmatçylygy emele gelýär. Ýurt raýatlary aýlyk haklaryny bankomatlardan nagtlaşdyrmakda yzygiderli kynçylyklara sezewar bolýar. Ýygy-ýygydan döwlet dükanlarynyň öňünde azyk haryt satyn almak isleýän adamlaryň nobatlary, bankomatlaryň öňünde pul nagtlaşdyrmak isleýän adamlaryň nobatlary emele gelýär.

Döwlet edara-kärhanalary şeýle kynçylyklaryň fonunda öz işgärlerinden nagt toplaýan pullarynyň hasabatyny jemgyýetçilige mälim etmeýär. Ýurtdaky giň ýaýran işsizlikden “gözi gorkan” býujet işgärleri, özlerinden yzygiderli pul toplanmagyna boýun bolmaga mejbur bolýandyklaryny aýdýarlar.

“Iş ýagdaýy gaty kyn. Adamlar ellerindäki işini ýitirmejek bolup, hemme zada razy bolýarlar” diýip, bir býujet işgäri atlandyrylmazlyk şertinde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Soňky dört aýyň dowamynda Azatlyk Radiosy ýurduň dürli regionlarynda Täze ýyl arçasy üçin, Bitaraplyk we koronawirus plakatlary üçin, mallardaky näbelli keseli bejermek üçin, teatr üçin, Gyzylýarymaý jemgyýeti üçin, it penahanasyny gurmak üçin, gowaça çürtümi we pagta ýygymy üçin, mekdepleriň abatlaýyş işleri üçin we gazet-žurnallara mejbury ýazylyşyk üçin işli adamlardan toplanýan pullar barada habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG