Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marynyň býujet işgärlerinden ‘welosiped üçin’ 40 manada çenli pul ýygnalýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Maryda edara-kärhanalaryň işgärlerinden “welosiped satyn almak üçin” 20 manatdan 40 manada çenli pul ýygnalýar diýip, Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky habarçylarynyň biri habar berýär.

“Şu gün býujet işgärlerinden pul ýygnalyp başlandy. Aň-bilim we agyz suw edaralarynyň işgärlerinden 20 manat, lukmanlardan 40 manat, gaz edaralarynyň işgärlerinden 30 manat we demirýol işgärlerinden 10 manat ýygnalypdyr” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 24-nji dekabrda gürrüň berdi.

Habarçy bilen anonim şertde söhbetdeş bolan agzalýan edaralaryň ençeme işgäriniň aýtmagyna görä, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary welosipediň näme üçin satyn alynýandygy, onuň nirede ýa-da haçan geçiriljek ýörişde ulanyljakdygy barada hiç hili düşündiriş bermeýärler.

Habarçynyň sözüne görä, işgärler özleriniň zähmet haklaryny aýdan-aýa zordan ýetirýändiklerini aýdyp, “pul ýygnamak çärelerinden halys ýadandyklaryny” gürrüň berýärler..

“Her aý zähmet haklarymyzdan tutulýan tutumlardan başga-da, dürli maksatlar üçin ýene-de azyndan 100 manatdan, käte ondan-da köp möçberde pul ýygnaýarlar. Üstesine-de, aýlyklary öz wagtynda nagtlaşdyryp bolmaýar. Welaýatda sanaýmaly bankomat işleýär” diýip, habarçy anonim şertde maglumat beren maryly býujet işgärleriniň biriniň sözüni sitirledi.

Azatlyk Radiosyna ýokarda aýdylanlary Mary welaýat häkimligine we beýleki degişli edaralara tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady.

Soňky aýlarda Azatlyk Radiosy ýurduň käbir beýleki regionlarynda býujet işgärlerinden “welosiped satyn almak üçin” pul ýygnalýandygy barada ençeme gezek habar berdi.

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Türkmenistanda uly baýramçylyklarda ýa-da halkara çärelerde prezidentiň we hökümet agzalarynyň gatnaşmagyndaky köpçülikleýin tigirli ýörişler yzygiderli geçirilýär.

Bu tigirli ýörişlere döwlet işgärleri, studentler we mekdep okuwçylary köpçülikleýin çekilýärler. Olar bu çäre üçin tigirleri we sport egin-eşiklerini öz hasabyna satyn alýarlar.

Azatlygyň habarçylary bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylaryň ençemesi bu tigirleri satyn almak üçin özlerinden her ýyl pul ýygnalýandygyny, ýöne öňki welosipedleriň näme edilýändigi barada düşündiriş berilmeýändigini aýdýar.

Türkmenistanda býujet işgärlerinden, studentlerden we okuwçylardan “welosipedden” başga-da, Täze ýyl arçalaryny dikmek we binalary bezemek, baýramçylyk we sport lybaslaryny satyn almak, ýüpek gurçugyny ýetişdirmek, pagta ýygymyny amal etmek, ýerli metbugata mejbury abuna ýazylmak, teatrlara mejbury tomaşaçy bolmak we şuňa meňzeler üçin ýylyň dowamynda yzygiderli pul ýygnalýar.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda üç ýyla golaý wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklara garamazdan, baýramçylyklary we halkara çärelerini uly dabara bilen bellemegini dowam etdirýärler. Resmi media bu çäreler üçin býujet we medeniýet işgärlerinden, okuwçylardan hem-de studentlerden ýygnalýan pullar barada mesele gozgamaýar.

Türkmenistan 2020-nji ýylda Aşgabatda Sambo boýunça dünýä çempionatyny we 2021-nji ýylda bolsa Welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmegi meýilleşdirýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG