Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen – Türk täjirçilik bankyndaky Western Union şahamçasy pul geçirmeleri üçin resminamalary kabul etmeýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Paýtagtda Türkmen – Türk täjirçilik bankynyň Western Union şahamçasy daşary ýurtlarda bilim alýan talyplara pul geçirmelerine degişli resminamalary kabul etmeýär.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysyna görä, bank resmileri 5-nji aprelde daşary ýurtlardaky türkmenistanly studentlere pul ibermek isleýän ene-atalaryň resminamalaryny gözden geçirmedi.

Habarçynyň sözlerine görä, 1-nji aprelden bäri bank resmileri ene-atalaryň resminamalaryny iň bolmanda gözden geçirýärdi, ýöne kabul etmeýärdi. Western Union ene-atalardan garaşmagy soraýardy.

“Ýöne 5-nji aprelden bäri, resminamalary hatda gözden geçirmegi hem bes etdiler” diýip, bir aşgabatly Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Ilkibaşda 'özümiz jaň ederis' diýdiler. Soňra “Western Union işlänok”, “sistema işlänok” diýip başladylar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

“Türkmenistanyň hronikasynyň” habarçylary Aşgabatda Türkmen – Türk täjirçilik bankynyň Western Union şahamçasynyň daşary ýurtlara pul geçirmegi bes edendigini habar berýärler.

“5-nji aprelde müşderilere geçirmeleriň wagtlaýyn togtadylýandygyny habar berdiler” diýip, neşir ýazýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýurt boýunça Senagat bankynyň Western Union şahamçalarynda daşary ýurtlara geçirmeler üçin resminamalaryň kabul edilýändigini habar berýär.

Türkmenistanda halkara pul geçirmeleri çäklendirilýärkä, Türkmenistan tarapyndan diplomy ykrar edilýän daşary ýurt uniwersitetlerinde bilim alýan türkmenistanlylar üçin ýurtdan her aý çäkli möçberde pul ugratmak mümkinçiligi döredilipdi.

Ýöne martyň ortalaryndan Azatlyk Radiosynyň habarçysy daşary ýurtlarda bilim alýan studentler üçin Türkmenistandan manadyň resmi hümmeti boýunça çäkli möçberde pul ugratmak mümkinçiligini ýatyrmagyň meýilleşdirilýändigini habar berdi.

Munuň yz ýany, 25-nji martda Azatlyk Radiosyna anonimlik şerti bilen maglumat beren bir çeşme daşary ýurtlarda bilim alýan talyplara pul geçirimleri bilen bagly täze çäklendirmeleriň göz öňünde tutulýandygyny tassyklady.

"Talyplar üçin pul çalyşygyny ýatyrmak meselesi ara alnyp maslahatlaşylýar. Ýöne bu aňsat däl. Döwlet kwotalary bilen daşary ýurtlara gidip, okaýan talyplar üçin pul geçirmek dowam etdiriler" diýip, çeşme aýtdy.

Manadyň resmi hümmeti boýunça daşary ýurtlara walýuta geçirmeleriniň ýatyrylmagy baradaky meseleleriň gozgalmagy, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurda beren görkezmeleriniň yz ýanyna gabat gelýär.

11-nji martda ykdysady meselelere bagyşlanan iş maslahatynda prezident Berdimuhamedow “manat serişdeleri resmi alyş-çalyş bahasy boýunça daşary ýurt puluna çalşylanda kadalaşdyrjy namalaryň berjaý edilişine gözegçiligiň” ähmiýetine üns çekdi.

Daşary ýurtlarda bilim alýan türkmenistanlylar köplenç öz hossarlarynyň Türkmenistandan ugradan maliýe serişdelerini garaşly galýarlar.

Daşary ýurt uniwersitetlerinde okaýan Türkmenistanyň raýatlary dört ýyl bäri döwlet derejesinde konwertirlenýän walýutanyň mukdaryna girizilýän düýpli çäklendirmeler bilen ýüzbe-ýüz bolup gelýärler.

Ýanwar aýynda Western Union arkaly ýurduň daşyna iberilmegine rugsat berilen aýlyk puluň mukdary dört esse azaldylyp, 200 dollardan 50 dollara getirildi. Fewral aýynda geçirimleriň mukdary iki aýda 50 dollara çenli azaldyldy. Pul geçirmeleriniň çäklendirilmegi ene-atalaryň ýurduň häkimiýetlerine köpçülikleýin ýüz tutmagyna sebäp boldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG