Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owgan türkmenleri ýurduň parahatçylyk gepleşiklerine goşant goşmak isleýändiklerini aýdýarlar


Illýustrasiýa suraty. Owgan türkmenleri Dermirgazyk Owganystanda demonstrasiýa geçirýär.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany owgan türkmenleriniň parahatçylyk hyjuwlaryna, eýran türkmenleriniň geçiren protestleriniň netijelerine we Demirgazyk Owganystanda alnyp gaçylan ýaş çaganyň soňky ykbaly baradaky maglumatlara gönükdirilýär.

Geçen noýabrda Demirgazyk Owganystanyň Balh welaýatynda bir türkmen maşgalanyň dokuz ýaşly çagasynyň näbelli adamlar tarapyndan alnyp gaçylmagyndan soňra, sebitde ýaşaýan etniki türkmenler jenaýatçylaryň tapylmagyny we olaryň jezalandyrylmagyny talap edip yzygiderli demonstrasiýalary geçirýärler.

Şol demonstrasiýalar nähili netije berýär?

Demirgazyk Eýranda etniki türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan Kümmet Howuz şäherinde müň töweregi ýerli ýaşaýjy martyň soňky hepdesinde 7 we 8 ýaşly gyz çagalaryň 55 ýaşly bir eýranly tarapyndan zorlanandygyny hem-de onuň jezalandyrylmagyny talap edip, protest aksiýasyny geçirdiler. Şaýatlara görä, esasan türkmenlerden ybarat protestçileri Eýranyň howpsuzlyk güýçleri basyp ýatyrdy.

Eýran türkmenleriniň martyň soňky hepdesinde geçiren protestleri nähili netije berdi? Çaga zorlamakda aýyplanýan tussag edildimi?

Bu aralykda, Owganystan boýunça “Talyban” we owgan hökümetiniň arasynda owganara parahatçylyk gepleşikleri dowam edýän mahaly, Demirgazyk Owganystanda kowçum bolup ýaşaýan etniki türkmenler ýurt boýunça uruşlaryň soňuna çykylmagyna umyt baglaýarlar we parahatçylyk gepleşiklerine goşulmaga hem-de oňa goşant goşmaga isleg bildirýärler.

Etniki türkmenler bu gepleşiklerde nähili orun almak isleýär, olara nähili goşant goşmagy maksat edinýär?

Dünýä Türkmenleriniň bu sany şeýle temalaryň we soraglaryň töwereginde söhbetdeşligi diňleýjileriň dykgatyna ýetirýär. Gepleşigimize Kabuldan žurnalist Şamerdanguly Myrady gatnaşdy.

Owgan türkmenleri ýurduň parahatçylyk gepleşiklerine goşant goşmak isleýändiklerini aýdýarlar
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG