Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owganystandaky tatarlar. Bireýýäm unudylan etniki topar


Tatarlaryň Kabuldaky medeni gaznasynyň ýolbaşçysy Zabiulla Tatar

Owganystandaky tatarlar asyrlar boýy belli bir derejede ýatdan çykarylan etnik jemgyýet bolup galýarlar. Ýöne häzirki wagtda uruş sebäpli heläkçilige uçran ýurtda, türki dilli toparlar barha tanalýar.

Etnik tatarlar häzirki Owganystanyň çäginde asyrlar boýy ýaşap gelýärler. Şeýle-de bolsa, olar ýurtda ýaşaýan beýleki onlarça etniki we dil toparlarynyň arasynda, hiç haçan resmi jemgyýet hökmünde ykrar etmändi.

Şu ýylyň mart aýynda milli statistika gullugy tatarlary aýratyn etnik topar hökmünde hasaba alanda, ýagdaý birneme üýtgedi. Bu möhüm ädim tatarlara täze biometrik resminamalarda milletini görkezmäge mümkinçilik döreder.

Türki dilde gürleýän etniki tatarlar bu dörän ýagdaýyň Owganystanyň Konstitusiýasyna laýyklykda resmi taýdan olaryň ykrar edilmegine we jemgyýetiň köpüsiniň ýatdan çykaran ene dilini dikeltmek tagallalaryna ýardam berer diýip umyt edýärler.

Tatarlar mongol imperatory Çingiz hanyň goşuny tarapyndan bu sebit basylyp alnanda, mundan 800 ýyl ozal Owganystana gelipdirler. Olar Altyn Ordada birleşen çarwa nesilleri hasaplanyp, XIII asyrda Çingiz hanyň agtygy Batu tarapyndan esaslandyrylan hanlykda bolupdyrlar.

Häzirki wagtda aglaba köplügi musulman bolan tatarlar dürli ýurtlara we sebitlere ýaýrapdyr. Tatarlar Hytaýda, Merkezi Aziýada, Gündogar Ýewropada we Russiýada bar. Tatarlaryň aglaba köpüsi Russiýada, Tatarystan Respublikasynda ýaşaýar.

AÝRATYN ETNOS HÖKMÜNDE YKRAR ETDIRMEK

Owganystanyň konstitusiýasy 14 etniki topary resmi taýdan ykrar edýär. Olar puştunlar, täjikler, hazaralar, özbekler, türkmenler, buluçlar, paşaýlar, nuristanlylar, aýmaklar, gyrgyzlar, gyzylbaşlar, gujarylar hem braguýilerdir.

Sünni musulmanlarynyň arasynda tatarlar hakynda hiç zat aýdylmaýar. Owganystanyň ilatynyň 85 göterimini sünniler düzýär.

Kabuldaky tatar medeni gaznasynyň agzalarynyň duşuşygy.
Kabuldaky tatar medeni gaznasynyň agzalarynyň duşuşygy.

Kabuldaky tatar medeni gaznasynyň başlygy Zabiulla Tatar Owganystandaky etnik tatarlaryň asyrlar boýy ýatdan çykarylandygyny aýtdy. Bu birnäçe sebäplere bagly bolupdyr.

«Biz – owgan tatarlary geografiýa aýraçylyk we daşky gurşawyň täsiri sebäpli dilimizi ýatdan çykardyk. Ýurduň esasy iki dili bolup, ol puştu hem dari dilleridir, şeýle hem özbek we türkmen türki dilleri bar» diýip, Owganystandaky etniki tatarlaryň öz mesgen tutan sebitlerinde giňden ýaýran dillerde gürleýändiklerini aýdýar.

Şeýle hem Zabiulla Tatar jemagat agzalarynyň Owganystanyň 34 welaýatynyň 16-synda ýaşaýandygyny, aglaba köplükde bolanlaryň Hindiguş dag gerişleriniň demirgazygynda, Samangan hem Balh welaýatlarynda ýaşaýandygyny aýdýar.

«Biz azlykdakylar – diýip, Owganystanyň mejlisindäki ýeke-täk tatar deputat Abdulla Mohammadi aýdýar. – Biz hatda mesgen tutan sebitlerimizde-de azlyk edýäris. Az sanly bolandygymyz üçin, öz medeniýetimizi gorap saklap, asyrlardan aşyryp, bu günlere ýetirip bilmedik».

Etnik tatarlaryň köpüsi daglyk ýurduň uzak oba ýerlerinde ýaşaýar, olaryň köpüsi oba hojalygynda işleýär.

Mohammadi bu ýagdaýyň jemgyýeti syýasy wekilçilikden mahrum edendigini belleýär.

Tatarlar Milli statistika gullugynyň olary aýratyn etnik topar hökmünde ykrar etmek kararyny gutlaýarlar. Ýöne jemgyýetiň ýolbaşçylary munuň diňe ilkinji ädimdigini-de aýdýarlar.

«Käbir tatarlar etnik täjikler hatarynda, käbirleri etniki özbekler, hazaralar ýa-da puştunlar hökmünde hasaba alynýar – diýip, Balh welaýatyndan bolan etnik tatar Samardin Tatar düşündirýär. – Biz Konstitusiýa laýyklykda tatarlar hökmünde ykrar edilmek isleýäris. Bu biziň indiki ädimimiz bolar».

Jemagat ýolbaşçylarynyň pikirine görä, Owganystanda 100000 töweregi etniki tatar ýaşaýar. Ýurtda dürli etnik toparlaryň sany barada takyk maglumat ýok. Owganystanda hiç haçan doly ilat ýazuwy bolmandy.

1970-nji ýyllaryň ahyrynda ilat ýazuwyny geçirmäge synanyşyk boldy, ýöne ol işi tamamlamak başartmady. Täze kampaniýa çagyryşlar bolsa-da, ol amala aşman gelýär.

1970-nji ýyllaryň saýlama şertlerde geçirilen dawaly ilat ýazuwyna görä, puştunlar ilatyň 40 göteriminden köprägini düzýär, ondan soň etniki täjikler 30 göterimden az, hazaralar we özbekler bolsa 10 göterim töweregi diýildi. Owganystanyň ilatynyň galan bölegini dürli azlyklar düzýärler.

Elbetde, görkeziji sanlar möhüm mesele, munuň özi hökümetdäki syýasy wekilçiligi kesgitlemek üçin ulanylýar.

UNUDYLAN DIL

Etnik tatarlar Owganystanyň medeni giňişliginde öz jemgyýetleriniň barlygyny aýan etmäge hem giňeltmäge çalyşýarlar. Tatarlaryň arasynda bäş jemgyýetçilik we medeni gurama bolup, olar Maglumat we Medeniýet ministrliginde hasaba alyndylar.

Kabuldaky tatar jemgyýetçilik guramasynyň başlygy Kamaluddin Tatar “Tataryň sesi” atly žurnaly çap edýändigini aýdýar. Ýöne neşir dari dilinde neşir edildi.

Owgan tatarlarynyň köpüsi jemgyýetiň maksadynyň ene dilini ýaňadan janlandyrmakdygyny aýdýarlar. Soňky ýyllarda owgan etniki tatar liderleri Russiýada ýerleşýän Bütindünýä tatarlar kongresi we Russiýanyň düzümindäki Tatarystan sebiti bilen medeni gatnaşygy döredip bildiler.

Golaýda Bütindünýä tatar kongresi owgan tatarlary üçin, onlaýn usulda ene dilini öwretmek kursuny ýola goýdy.

Owganystanda ýaşaýan tatarlar üçin, tatar dilini öwredýän onlaýn sapaklary.
Owganystanda ýaşaýan tatarlar üçin, tatar dilini öwredýän onlaýn sapaklary.

«Tatarystan dil kurslaryny guramak arkaly owgan tatarlaryna kömek edýär – diýip, Zabiulla Tatar aýdýar. – Biz olardan ýaşlarymyzyň şol ýerde okamagy üçin stipendiýa soradyk».

«Biziň [Russiýa bilen] gatnaşyklarymyz diňe medeni häsiýete eýe. Biz – owganlardyrys, ýurdumyz Owganystan» diýip, ol aýdýar.

Onuň sözlerine görä, jemgyýetiň häzirki maksady Owganystanda tatar dilinde ilkinji mekdebi açmak.

«Bu dilimiziň janlanmagynyň başlangyjy bolup biler» diýip, owgan parlamentiniň deputaty Abdulla Mohammadi aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG