Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orazanyň öňýany ýangyç beketlerinde adamlardan süýji-köke we pul soraýan çagalar has köp göze ildi


Illýustrasiýa suraty. "Ýa remezan" aýdýan çagalar.
Illýustrasiýa suraty. "Ýa remezan" aýdýan çagalar.

Ykdysady çökgünligi başdan geçirýän Türkmenistanda bu ýyl Oraza aýynyň öňüsyrasynda Lebap welaýatynyň käbir ýangyç beketlerinde we awtoduralgalarynda “ýa remezan” aýdymyny ýerine ýetirip, adamlardan süýji-köke we pul soraýan çagalar has köp göze ildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.

Media maglumatlaryna görä, Türkmenistanda bu ýyl Oraza aýy 13-nji aprelde başlady.

Türkmenleriň Oraza däplerinde çagalar musulmanlar üçin mukaddes hasaplanýan aýyň öňüsyrasynda öýlere aýlanyp, “Ýa remezan” aýdýarlar we adamlar olara süýji-köke ýa-da başga ir-iýmiş hödürleýär. Bu özboluşly däp, synçylara görä, soňky wagtlarda ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda "gedaýçylyk etmegiň" guralyna öwrülip barýar.

Öňler çagalar bu maksat bilen öý-jaýlara aýlanan bolsalar, soňky wagtlarda, habarçylara görä, olar ýangyç beketlerine we awtoduralgalara hem aýlanýarlar. Ýangyç beketlerine we awtoduralgalara köplenç ulagly adamlar barýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebap welaýatynyň Darganatada etrabynda geçen hepdäniň ortalaryndan soň ýaş çagalaryň ýangyç beketlerinde “Ýa remezan” aýdyp, pul ýygnandyklaryny, olara adamlaryň süýji-köke berendigini habar berýär.

Habarçy ýerli ýaşaýjylara salgylanyp, olaryň sanynyň geçen ýyllar bilen deňeşdirilende ep-esli artandygyny habar berýär. Olar munuň mümkin bolsan sebäbini ýurtda dowam edýän ykdysady çökgünlik bilen düşündirýärler.

Turkmen.news neşiri hem bu ýyl “ýa remezan” aýdyp, adamlardan pul we iýgi-içgi soraýan çagalaryň has köp göze ilýändigini habar berýär.

“Ozal çagalar diňe hususy jaýlara aýlanardylar. Indi bolsa olar dükanlara we döwlet edaralaryna-da aýlanýarlar. Elbetde, bu indi güýmenje däl, çagalaryň, hususan-da ýaş ýetginjekleriň haýsydyr bir usul bilen ene-atalaryna ýardam etmek höwesi” diýip, neşir bir maryly ýaşaýjynyň sözlerini getirýär.

Neşiriň habaryna görä, kähalatlarda çagalar bir baran gapysyna ikinji gezek baryp, “ýa remezan” ýerine ýetirýär, şeýle-de häzirki çagalar süýji-kökeden daşgary, çörek we iýgi-içgi hem soraýar.

Türkmenleriň arasynda çagalaryň Oraz aýynyň bosagasynda, öýlere aýlanyp, “ýa remezan” ýerine ýetirmeginiň gelip çykyşy barada köp maglumat ýok, ýöne käbir çaklamalara görä, öňki döwürlerde köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bolmansoň, haçan-da Oraza aýynda asmanda ýaý şekilli täze doglan aý görünende, çagalar öýlere aýlanyp täze doglan aý barada adamlara habar berer ekeni. Türkmen ýazyjylary bu däbiň halk döredijiliginiň bir bölegidigini aýdýarlar.

Aýdymyň sözleri “ýokarda bir aý bar” diýen sözler bilen başlanýar, “köp bereniň ogly bolsun, az bereniň gyzy bolsun” diýen sözler bilen tamamlanýar.

Ýöne beýleki tarapdan, folklor öwrenijileri bu tejribäniň beýleki musulman ýurtlarda giň ýaýramandygyny aýdýarlar.

Türkmenistanyň dürli künjeklerinde aýdym aýdyp, adamlardan pul we iýgi-içgi soraýan çagalaryň has köp göze ilmegi, ýurtda ykdysady çökgünligiň dowam edýän wagtyna gabat gelýär.

Galyberse-de, mundan ozal, Azatlyk Radiosynyň habarçylary soňky wagtlarda zibil dörýän adamlaryň köpelýändigini, ýurt raýatlarynyň agyr ykdysady kynçylyklary başdan geçirýändigini habar berdiler.

Ilatyň ykdysady şertleri barha ýaramazlaşýar, döwlet dükanlarynyň un we çörek üpjünçiligi bilen bagly problemalary ýitileşýär, walýutanyň gara bazarynda milli puluň hümmeti yzygiderli pese gaçýar.

Muňa garamazdan, döwlet media serişdeleri ýurtda “bagtyýarlyk we berkararlyk” zamanasynyň höküm sürýändigini öňe sürmekden el çekmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG