Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Syýasy aktiwistler nämä durýar ýa-da garaşylýan ynamy ödemeýän rus pasporty


Rus pasporty we täjik migrantlarynyň hukuklaryny goraýjy Izzat Amon
Rus pasporty we täjik migrantlarynyň hukuklaryny goraýjy Izzat Amon

Russiýanyň raýatlygyny almak, syýasy hem raýat aktiwistleri üçin, gorag kepilligini bermeýär diýip, russiýaly bilermenler aýdýarlar.

Golaýda Täjigistanyň iki raýaty Russiýanyň graždanlygyndan mahrum edilenleriň sanawyny artdyrdy hem öz ýurduna deportasiýa edildi. Täjik häkimiýetleri tarapyndan gadagan edilen "Salafiýa" dini hereketi bilen baglanyşykda aýyplanýan ruhany Saidnuriddin Rozikow hem-de Täjigistan häkimiýetleri tarapyndan kezzaplykda we Russiýanyň häkimiýetleri tarapyndan "ýurtda galmagyň düzgünlerini bozmakda", şeýle hem "Russiýanyň graždanlygyny bikanun almakda" aýyplanýan aklawçy we ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwisti Izzat Amon resmi maglumata görä, Moskwa şäheriniň Twerskoý kazyýetiniň karary bilen Russiýanyň graždanlygyndan mahrum edildiler.

Deportasiýa edilenleriň garyndaşlarynyň aýtmagyna görä, olar togsanynjy ýyllaryň ahyrynda we 2000-nji ýyllaryň başynda rus pasportyny alyp, şondan soňky döwürde Russiýa Federasiýasynyň graždanlarynyň hukuklaryndan, şeýle-de ýurduň kanunçylygyndan peýdalanýardylar. Muňa garamazdan, daşardan gelip, Russiýanyň graždany bolanlar üçin, bu ýurduň pasporty ähli hukuklary bermeýäne meňzeýär.

Hereket gadagan edilýärmi?

Izzat Amon zähmet migrantlaryna ýardam etmekden başary-da, Täjigistan häkimiýetleriniň syýasatyny ýiti tankytlap geldi. 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda Täjigistan Migrantlar partiýasyny döretjekdigini aýtdy hem "Üýtgeşmeler, reformalar we ösüş" partiýasynyň migrantlaryň Täjigistanyň syýasy durmuşyna gatnaşmagyny maksat edinýändigini mälim etdi. Emma soňra onuň işine basyş we päsgelçilik döredilensoň, bu pikirinden ýüz öwürdi.

Izzat Amon Moskwanyň keselhanalarynyň birinde, urlup-ýenjilen täjik migranty bilen. Arhiw suraty.
Izzat Amon Moskwanyň keselhanalarynyň birinde, urlup-ýenjilen täjik migranty bilen. Arhiw suraty.

Mundan öň şeýle ýagdaý 2016-njy ýylyň dekabrynda rus pasportyndan mahrum edilen we Täjigistana gaýtarylyp berlen ynsan hukuklaryny goraýjy merhum Karomat Şaripowyň başyna geldi. Ol 2020-nji ýylyň maý aýynda aradan çykdy.

Şaripowyň öz wagtynda aýtmagyna görä, ol hiç haçan garaşsyz Täjigistanyň graždanini bolmandyr. Ol Täjigistandaky Russiýanyň 201-nji atyjylyk harby bölüminde ofiseri bolup gulluk edýän döwründe, SSSR-iň köne pasportyny tabşyrandan soň, derrew rus pasportyny alan eken.

2015-nji ýylda Moskwada başga-da bir täjigistanly aktiwist lideri ýitirim

Maksud Ibragimow
Maksud Ibragimow

bolupdy. Maksud Ibragimow Russiýada “Ýaşlar Täjigistanyň ýaňadan galkynmagy üçin” guramasyny döretdi. Şondan birnäçe wagt geçensoň, ol Duşenbe şäherinde peýda boldy hem ekstremizmde aýyplanyp, 13 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Ibragimow mundan öň rus graždanlygyndan mahrum edilipdi.

«Kanuny däl hereket»

Russiýanyň adam hukuklary aktiwisti, şeýle hem “Graždanlara ýardam etmek” komitetiniň başlygy Swetlana Gannuşkinanyň aýtmagyna görä, kim Täjigistanyň hökümeti bilen ylalaşmasa, rus häkimiýetleri derrew olara garşy gidýär.

Swetlana Gannuşkina
Swetlana Gannuşkina

«Adamlaryň graždanlygyny ýatyrmagyň sebäpleri örän geň. Bir erkek adamy rus pasportyndan mahrum etmek üçin, aýalyndan aýrylyşmak işleri tutaryk bolupdyr, ýogsa aýaly nikany bozmak üçin arza hem bermändir. Mundan başga-da, berlen graždanlygy yzyna almak üçin, dürli mümkinçilikli kanunlar ýüze çykdy. Mysal üçin, raýatyň kanunlara we Konstitusiýa boýun boljakdygyny kasam içeninden soň, ony bozup, bilkastdan ýalan maglumat beren bolsa, ondan graždanlyk alynýar. Bu örän geň» diýip, Gannuşkina belleýär.

Onuň pikiriçe, beýle kararlar örän çalt kabul edilýär hem ol adamda garşy şikaýat etmäge wagt mümkinçiligi bolmaýar.

Graždanlyk meselesi 1948-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Adam hukuklarynyň Ähliumumy jarnamasy bilen düzgünleşdirilýär. Bu resminamanyň 15-nji maddasynda: "Hiç kim öz raýatlygyndan esassyz mahrum edilip bilinmez" diýilýär.

Häzirki wagtda Russiýada bir kanuna laýyklykda, terrorçylyk we ekstremist hereketler esasynda günälenýänleri, Russiýada dogulmak hukugy bolmadyk halatynda, graždanlykdan mahrum edilip bilinýär. Bu kanun Russiýa Federasiýasynyň çäginde doglandan soň graždanlyk alanlara degişli däl.

Ýewropa ýurtlarynyň köpüsinde graždanlykdan mahrum etmek praktikasy diňe onuň raýatlygy bolmadyk ýagdaýynda ulanylýar.

«Ýolbaşçylar adamlaryň birleşmeginden gorkýarlar»

Rus žurnalisti Nadežda Keworkowa Russiýanyň çinownikleriniň aktiwistlere belli derejede gorky bilen garalýandygyny aýdýar.

Nadežda Kerworkowa
Nadežda Kerworkowa

«Islendik guramaçylykly jemlenişik wezipeli işgärleri gorkuzýar. Olara bu agyr degýär. Şonuň üçinem olara hiç hili jemgyýetçilik ýa-da syýasy işjeňlik gerek däl. Mysal üçin, fransuzlar ýa-da amerikalylar diňe Günbatarda adaty hereket edýän guramalardan gorkýarlar. Eger-de ýolbaşçylardan bir amerikalyny tussag etmek üçin, on gezek haýyş edilýän bolsa, bu ýerde gadaganlyk üçin, hiç bir jogapkärçilik çekmejegini bilýärler» diýip, žurnalist düşündirýär.

Aslynda Moskwa tarapyndan graždanlygy alynýanlar diňe Täjigistanyň ilaty däl. 2019-njy ýylda Talyş milli hereketiniň lideri Fahriddin Aboszoda Russiýanyň tussaghanasyndan alnyp gaçyldy we tiz wagtdan soň Azerbaýjanda peýda bolup, ony 16 ýyl azatlykdan mahrum etdiler. Ol syýasatçy 2020-nji ýylda syrly ýagdaýda türmede ýogaldy.

Moskwa graždanlara däl-de, hökümetlere seredýär

Russiýaly aklawçy Iwan Mironow rus pasporty bilen baglanyşykly bulaşyklygyň birnäçe tarapyny belleýär:

– Owaly bilen, Russiýanyň graždanlygynyň köp düzgün bozmalar bilen berlen ýagdaýlary bar. Megerem, demografiki pese düşgünligi gowulandyrmak hem-de işçi güýjüni artdyrmak maksady bilen ýakyn daşary ýurtlardan bolan immigrantlara geçirimlilik edilýär. Kanun nukdaýnazaryndan kada doly laýyk gelmeýän pasportlar kän. Şeýle ýagdaýlarda graždanlygy ýatyrmak hiç zada durmaýar.

Ikinjiden, häzirki wagtda kazyýetler we kanun goraýjy edaralar Aziýa respublikalaryny dolandyrýan ýerli ‘şalaryň’ bähbitlerine aňsatlyk bilen çemeleşýärler. Haýsydyr bir resmi däl şertnama laýyklykda, islenmeýän adamy öz ýurduna gysga wagt içinde gaýtaryp bermegi göz öňünde tutýan ylalaşyk bolmaly diýip pikir edýärin.

Onuň sözlerine görä, ýurtlardan haýsydyr bir haýyş bolsa, olaryň demokratiýa derejesine garamazdan, Russiýa muny döwlet talaby hökmünde kabul edýär we rus häkimiýetleri oppozisiýa hereketleri bilen meşgullanýan şahsyýetler sebäpli öz ýaranlary bilen dawalaşmak islemeýär.

2010-njy ýylyň ilat ýazuwyna görä, 250 000 täjigistanly Russiýa Federasiýasynyň graždanlygyny aldy. Soňky on ýylda bu hereket hasam güýçlendi we diňe 2019-njy ýylda 44,7 müň täjigistanly Russiýanyň graždanini boldy.

Täjigistan bilen Russiýa 1995-nji ýylda goşa raýatlyk barada şertnama baglaşdy, emma 2004-nji ýylda Russiýa, 2017-nji ýylda bolsa Täjigistan goşa raýatlygy bolan adamlaryň döwlet wezipesini ýerine ýetirmegine çäklendirmeleri, howpsuzlyk ýa-da beýleki kanun goraýjy edaralarda işlemegi gadagan etdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG