Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günorta Koreýada mugallyma sögen özbek studentine uly jerime salyndy. Onuň deportasiýa edilmegine garaşylýar


Günorta Koreýanyň Gyeongsang uniwersiteti.
Günorta Koreýanyň Gyeongsang uniwersiteti.

Pusan şäher kazyýeti (Günorta Koreýa) golaýda Gyeongsang milli uniwersitetinde (Gyeongsang National University) okaýan Özbegistandan bolan bir studenti öz mugallymyny "kemsitmekde" günäli bilip, oňa 4000 ABŞ dollary möçberinde jerime saldy.

Kazyýetiň kararyna görä, Gyeongsang uniwersitetiniň düzümindäki Syýahatçylyk we myhmanhana dolandyryş institutynyň biznes fakultetiniň ady aýan edilmedik studenti Günorta Koreýadan çykmaly bolar.

Azatlyk Radiosynyň Özbek redaksiýasynyň ygtyýarynda bolan şol uniwersitet bilen özbek tarapynyň arasyndaky resmi hat alyşmalaryň nusgalarynda aýdylyşyna görä, Özbegistandan bolan student özüne pes baha goýan aýal mugallymany “Калланга қ... соска” diýen söz bilen kemsidipdir.

Kazyýet işiniň jikme-jiklikleri bilen tanyş bolan Günorta Koreýada okaýan iki studentiň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Pusan şäher kazyýeti Alyşir Nowaýy adyndaky Dil we edebiýat institutynyň beren resmi dil derňewine hem-de özbek dili boýunça koreý bilermeniniň sözlerine daýanyp, bolan hadysany «jynsy zorluk» däl-de, «ýeňil kemsitme» diýip kesgitläpdir.

Şeýle hem kazyýet bu işi saklamaga synanyşan fakultetiň dekany bilen baglanyşykly aýratyn karar çykardy. Şol kesgitlemä laýyklykda dekana resmi käýinç berildi. Mundan başga-da, şuňa meňzeş ýagdaý gaýtalansa, bilim ulgamyndan hemişelik çetleşdirilip bilinjekdigi duýduryldy.

Özbegistanly blogçy Ýulduz Kerimowa öz Telegram kanalynda, Günorta Koreýanyň kazyýetiniň kararyna hiç kimiň şikaýat etmeýändigini ýazdy.

«Kazyýet işi gutardy. Kazyýetiň kararyna görä, "süýji dilli" watandaşymyz studentleriň hataryndan çetleşdirildi, ony ýurtdan çykarylar we beýleki zatlar bilen birlikde 4 müň dollar jerime tölemeli bolar. Muňa garamazdan, onuň ata-enesi hem özi gynanyp durmaýarlar. Dekana bolsa gaty çynlakaý duýduryş berildi, bu gaýtalansa, ähli atlaryndan we wezipelerinden mahrum ediljekdigi, şeýle hem bilim ulgamyndan ömürlik işinden çykaryljakdygy duýduryldy» diýip, Ýulduz Kerimowa ýazýar.

Şeýle hem blogçy fakultetiň dekanynyň mugallym bilen studentiň arasyndaky dawany kazyýete ýetirmän saklamaga synanyşandygyny belleýär.

«Bu işe fakultetiň dekany goşuldy hem uniwersitetiň abraýyny goramaga synanyşdy, dekan mugallymdan talap arzasynyň manysyny üýtgetmegi haýyş etdi we özbek dilindäki bu sözleriň jynsy zorlugy aňlatman, eýsem atady sögünçdigini düşündirdi. Şondan soň mugallyma dekana garşy hem kazyýete şikaýat edip, ony student bilen dil düwüşmekde aýyplady».

Fakultetiň dekany ol sözleriň manysyny resmi taýdan takyklamak üçin, Özbegistana resmi hat ýollapdyr. Azatlyk Radiosynyň redaksiýasynda Syýahatçylyk we myhmanhana dolandyryş institutynyň professory Hak Seon Kim (Hak Sеon Kim) tarapyndan ýazylan hatyň nusgasy bar. Ol üç sözden ybarat jümläniň terjimesini soraýar.

Günorta koreýaly professoryň haty
Günorta koreýaly professoryň haty

Hormatly Prof. XXX

Özbek diliniň disiplinasy, Žurnalistika fakulteti

Özbegistan döwlet Uniwersiteti

Golaýda biznes fakultetinde okaýan Özbegistandan bir student bilen kynçylyk ýüze çykdy. Geçen semestriň ahyrynda pes bahadan nägile bolan erkek talyp zenan professoryň e-poçtasyna üç sözli hat ugratdy. Fakultet komiteti häzirki wagtda bu ýagdaýy gözden geçirýär.

Siz Özbegistan döwlet Uniwersitetinde özbek diliniň professory, şonuň üçin bu üç sözüň manysy barada bitarap düşündiriş bermegiňizi sizden haýyş edýärin:

«калленга қ**агим соска»

Soragyňyz bolsa ýa-da [bu meseläni] ara alyp maslahatlaşmak isleseňiz, bökdençsiz meniň bilen habarlaşyp bilersiňiz.

Öňünden minnetdarlyk bildirýärin.

Hormat bilen

Hak Seon Kim

Özbek filologynyň jogaby

Blogçy Ýulduz Kerimowa özbek filologlaryndan beýle jogap almagyň "aňsat düşmändigini", studentiň türmä basylmagyndan howatyr edendiklerini ýazýar.

Şeýle-de bolsa, özbek dilçisi ol üç sözüň manysyny takyk terjime edip, onuň ýany bilen sypaýyçylykly düşündiriş beripdir.

«Özbek ýaşlary tebigaty boýunça gaty gysma. Ara alyp maslahatlaşýan ýagdaýymyz köplenç Özbegistanda-da bolýar.

Şeýle sözler köplenç özbek ýaşlarynyň arasynda ýönekeý aragatnaşykda duşýar. Dostlaryň arasynda beýle sözler hiç zady aňlatmaýar, bu sözler-parazitler. Şeýle-de bolsa, daşarky adamlar barada aýdylanda, bu sözler nägilelik duýgusyny görkezýär.

Özbekleriň arasynda beýle sözler "jynsy gatnaşyk" ýa-da "jynsy zorluk" babatda aýdylmaýar.

Bu ýagdaýa beýle çynlakaýlyk ähmiýet bermegi ýerlikli hasaplamok. Şeýle ýagdaýlarda özbekler temmi çärelerini görýärler we tiz wagtdan ony unudýarlar».

«Saňa bu ýeri Özbegistan däl»

Blogçy Ýulduz Kerimowa öz watandaşlaryny daşary ýurtlularyň öňünde masgara eden özbek talybyna ýüzlenip, aşakdaky sözleri ýazdy:

«Saňa bu ýeri Özbegistan däl. Mugallymlary isleýşiňçe kemsidip, näletläp ýa-da urup bilerin diýip pikir edýän bolsaň, gaty ýalňyşýarsyň.

Bu ýurtda şeýle çalt ösüşiň esasy sebäbi mugallymlara, olaryň aýlyklaryna hem sosial goragyna hormatyň ministrleriň we häkimleriň derejesinden has ýokary bolmagy üçindir.

Özbegistanda jezasyz galýan nejis hileleriň bu ýerde geçmez, sebäbi bu ýerde kanun hemmeler üçin birmeňzeş işleýär».

Ýaponlarda uýat türmeden ýaman

Tanymal rus ýazyjysy Iwan Tolstoý Azatlygyň Özbek gullugynyň žurnalistine beren interwýusynda, halk nakyllarynda ýa çeper edebiýatda ulanylýan gödek sözleriň adamlar arasyndaky gatnaşykda ulanmaga hukuk bermeýändigini aýtdy. Ýazyjynyň pikiriçe, çeper eseriň abstrakt gahrymanyndan tapawutlylykda, takyk adamy – aýal maşgalany “nyşana alyp” hat ýazmagy jezasyz galdyryp bolmaz.

– Beýle sözleri ýazan adam iň bolmanda utanja sezewar edilmeli. Bilýän bolsaňyz, ýaponlarda utanç duýgusy türmeden has ýaramaz hasaplanýar – diýip, Iwan Tolstoý aýtdy.

Şweýsariýadaky uniwersitetleriň birinde mugallym bolup işleýän Olima Nabiýewa hem Iwan Tolstoýyň pikirine goşulýar.

– Men muny jynsy harrasment (iňlisçe – sexual harassment, ýagny aç-açan ýa-da hyýaly görnüşde jyns taýdan azar bermek – Red.) diýip atlandyryp bilerin, sebäbi ol hat belli bir adama gönükdirilipdir. Bu ýagdaýda bir ildeşimizi türmeden halas etmek isläpdirler, "ol bir garjygyň ogly bolup biler, ýöne ganjygyň ogly-da – özümiziňki” diýen meşhur sözdäki ýaly bolýar – diýip, Olima Nabiýewa aýdýar.

Olima Nabiýewa özbek jemgyýetinde jynsy zorluk, ýagny aýallara utançly sözler ýazmak we onuň bilen oýun etmek jenaýat hasaplanmaýandygyna gynanç bildirýär.

Hukukçy Umid Döwletow bolsa Özbegistanda başga birine garşy kemsidiji sözleri ulanan adamyň jogapkärçilige çekilýändigini aýdýar.

Ýuristiň sözüne görä, Özbegistanyň Administratiw jogapkärçilik kodeksinde, adamyň mertebesini we abraýyny bilkastlaýyn kemsitmek jenaýat hasaplanýar.

– Kodeksiň 41-nji maddasynda kemsidilmek, ýagny adamyň abraýyny we mertebesini bilkastlaýyn kemsitmek üçin jeza göz öňünde tutulýar. Kazyýetde kemsidilme subut edilse, günäkär adama esasy baza hasaplaşyk mukdarynyň ýigrimi-kyrk derejesi aralygynda jerime salynýar. Jerimäniň mukdaryny kazyýet kesgitleýär – diýip, özbegistanly ýurist Umid Döwletow aýdýar.

Özbek žurnalisti we oppozisiýa aktiwisti Nosir Zokir 2005-nji ýylda aňtaw gullugynyň işgärine haýasyz söz aýdany üçin, alty aý azatlykdan mahrum edildi.

Şeýle-de bolsa, häzirki wagtda Özbegistanda gol astyndakylary kemsitmek, hatda olary ýençmek adaty ýagdaýa öwrüldi.

Geçen ýyl Azatlyk Radiosy Horezm welaýatynyň Hywa etrabynyň häkimi Ozod Matýakubowyň administrasiýa binasynda geçirilen ýygnakda, ýedi daýhany ýigrimi minutlap aýak üstünde durmaga mejbur edip, olara hapa sözler aýdandygyny habar berdi.

Ondan öň Fergana welaýatynyň Beşaryk etrabynyň häkimi Rasuljon Juraýewiň gol astyndakylary biabraý sözler bilen kemsidýän audio ýazgysy sosial ulgamlarda peýda bolupdy.

Sosial ulgamlaryň özbek segmentinde ýaýran Andijan welaýatynyň häkimi Şuhrat Abdurahmanowyň, Fergana welaýatynyň öňki häkimi Şuhrat Ganiýewiň, Andijan şäheriniň öňki häkimi Dilmurod Rahmatullaýewiň we Daşkent welaýatynyň Parkent etrabynyň häkimi Nigmatulla Abdullaýewiň gödek sözleri we sögünçleri gyzgyn çekeleşikler döredipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG