Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda ýene bir iri nebit kärhanasy işgär sanyny kemeldýär


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan

Lebap welaýatynda ýerleşýän Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody işgär sanyny 30 göterim töweregi kemeldýär. "Türkmendemirýollary" agentliginiň demir ýol ýük gatnawlarynyň hususylaşdyrylmagyna garaşylýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri türkmen ykdysadyýetindäki sarsgyn alamatlary barada habarlary ýetirmäge dowam etdirýärler.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, gündogar Türkmenistanda ýerleşýän nebit kärhanasy galan işgärleriniň aýlyk haklaryny Türkmenistanda öndürilen egin-eşik we nebit önümleri bilen tölemegi meýilleşdirýär.

Türkmenistanyň ýangyç-energetika pudagy ykdysadyýetiň iň girdejili pudagydyr. Ýöne ýurtda dowam edýän ykdysady çökgünlik nebit pudagynyň işgärlerine-de zarba urýar.

Mundan ozal, geçen ýylyň iýulynda Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawody hem 500 töweregi işgärini tölegsiz dynç alyşa ugratdy.

Azatlyk Radiosy geçen aý Lebapda başga-da käbir döwlet eýeçiligindäki edara-kärhanalaryň işgär sanyny kemeltmegi we işgärleriň aýlyk haklarynyň bir böleginiň haryt bilen tölenilmegi barada habar berdi.

Türkmenistanda edara-kärhanalaryň işgär sanyny kemeltmegi we aýlyklaryň haryt bilen tölenilmegi ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady çökgünligiň fonunda amala aşyrylýar. Soňky aýlarda milli pul daşary ýurt walýutasynyň garşysynda öz hümmetini ep-esli ýitirdi, ilatyň azyk üpjünçiligi barha erbetleşýär.

Häkimiýetler emele gelen ýagdaýdan köplenç ýolbaşçylary yzygiderli çalyşmak arkaly çykalga gözlemäge synanyşýar. Ýöne bu hem, bir ýerli synçynyň sözlerine görä, ne ýagdaýa çykalga bolýar, ne-de korrupsiýanyň öňüne geçýär.

“Türkmenabadyň ösümlik ýag kärhanasynda geçen bir ýylda üç ýolbaşçy işden boşadyldy we olara korrupsiýa aýyplamalary boýunça jenaýat işi gozgaldy. Un zawodlarynda soňky 13 ýylda 20-ä golaý ýolbaşçy türmä basyldy. Emma ogurlygyň we korrupsiýanyň möçberi kemelmän, artypdyr” diýip, ýagdaýdan habarly bir çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Döwlet baştutany hökümet maslahatlarynda ýurtda ykdysady ösüşiň haýallamagyny dünýäde emele gelen ýagdaýlar, şol sanda ýangyç bahalarynyň global arzanlamagy ýaly sebäpler bilen ilteşdirýär.

Çeşmäniň sözlerine görä, soňky ýyllarda korrupsiýada aýyplanýan ýokary wezipeli adamlar, 14 ýyl ozalky korrupsiýa hadysalary bilen deňeşdirilende, has uly möçberde pul ogurlamakda aýyplanýarlar.

Türkmenistan korrupsiýa indeksi boýunça halkara hasabatlarda yzky orunlarda ýerleşdirilýär.

Bu aralykda, ykdysady krizisiň arasynda Türkmenistanda döwlet edara-kärhanalaryny hususylaşdyrmak işleri dowam etdirilýär.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, ýük we ýolagçy otlularyny hususylaşdyrmak, olary abatlamak işleri bilen baglylykda, apreliň başyndan bäri Lebap welaýatyna demir ýol ýük gatnawlary togtadyldy.

Demir ýol ýük gatnawlarynyň togtadylmagy bilen, habarçynyň maglumatlaryna görä, sebitde käbir gurluşyk harytlary gymmatlady.

“Demir ýol ýük gatnawy indi iki hepdä golaý wagt bäri togtadyldy. Lebap welaýatyna demir ýol ýük gatnawlarynyň haçan-da otlulary telekeçiler satyn alanda täzeden ýola goýuljakdygyny aýdýarlar” diýip, bir demirýolçy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

“Eger-de demir ýol ýük gatnawlary telekeçilere berilse, ýük gatnawlarynyň bahalary hem ýokarlanar. Soňra gurluşyk önümleriniň, azyk harytlarynyň we benziniň bahalary hem gymmatlamagy mümkin” diýip, türkmenabatly demirýolçy sözüne goşdy.

Türkmenistanyň “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti “Türkmendemirýollary” agentliginiň düzümine girýär.

Aziýanyň ösüş banky geçen aý türkmen demirýollary boýunça seljerme çap etdi. Hasabata görä, “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine “Türkmendemirýollary” agentligi 93 göterim paýly gatnaşýar. Şeýle-de, bu açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinden Türkmenistanyň Transport we logistika merkezi 2 göterim paý alýar. Paýlaryň galan 5 göterimi “Altyn Asyr” mobil aragatnaşyk kompaniýasyna degişlidir. Bu mobil aragatnaşyk kompaniýasy ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetidir.

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda işgär sanynyň kemeldilmegi, sebitde beýleki käbir döwlet eýeçiligindäki edara kärhanalaryň işgär sanynyň kemeldilmeginiň yz ýanyna gabat gelýär.

Geçen aý Farapda häkimiýetler jemagat gulluklarynda, obalarda tehnikalara hyzmat ediş edaralarynda, elektrik energiýasy bilen üpjünçilik kärhanasynda we etrap gaz üpjünçilik edarasynda işgär sanynyň 30 göterim kemeldilýändigini yglan etdiler.

Şeýle-de, geçen aý Darganatada magaryf işgärleriniň we lukmanlaryň aýlyk haklarynyň 50 göterimi Türkmenistanda öndürilen azyk harytlary, dokma önümleri, gap-çanaklar we lampoçkalar bilen tölenip başlandy.

Azatlyk Radiosy sebitde käbir döwlet eýeçiligindäki edara-kärhanalaryň işgär sanynyň kemeldilmegi barada Lebap welaýat häkimliginden goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG